"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Türkmen tebigatynyň özboluşly gözelligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmeklige hem uly üns berilýär. Syýahatçylyk Türkmenistanyň döwlet syýasatynda iň ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň durnukly syýasy, ykdysady hem-de medeni ösüşleri dünýäniň köp ýurtlaryny özüne çekýär we ýurdumyza bolan gyzyklanmalary döredýär. Behişdi tebigata eýe bolan ýurdumyzyň özboluşly ajaýyp tebigat gözellikleri dünýä halklaryny, alymlary, syýahatçylary we söwdagärleri gadym wagtlardan bäri hem özüne çekip gelipdir. Olar türkmen sährasynda ýaşaýan adamlaryň durmuşy, tebigy täsinlikleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi barada özlerinde galdyran täsirlerini beýan edipdirler. Nurly mekanymyz bolan türkmen topragymyzyň üýtgeşik özüne çekiji we örän baý tapylgysyz tebigaty bar. Türkmeniň ar-namysyndan, milli ruhundan habar berýän uçut gaýaly, bag-dereli daglarymyz, aňyrsyna göz ýetmeýän magdana baý gyzyl-gök çägeli çöllerimiz, tolkunynyň sesi bilen döwletimiziň ösüşlerini jar edýän ýaly tolkun atýan deňiz-derýalarymyz Diýarymyzyň tebigatyna özboluşly gözelligine barha gözellik goşýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda, ýurdumyzy

Umumy öýümiziň gözelligini artdyrýarys

Türkmen topragynyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz bu meselelerde dünýä nusgalyk işleri bitirýär. Bu ugurda möhüm resminamalar kabul edilýär. Ynha, Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri hem hormatly Prezidentimiziň görkezmelerinden ugur alyp, tebigatymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramakda saldamly goşant goşýarlar. Biz hem goraghananyň ylym bölüminiň başlygy Ahmetjan Sadykow bilen tebigaty goramakda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda söhbetdeş bolduk. — Ahmetjan aga, bizi turuwbaşdan goraghananyň biodürlüligi gyzyklandyrýar, şular dogrusynda gürrüň beräýseňiz?

Soltantowuk

Soltantowuk durnaşekilliler toparyna, suw towuklary maşgalasyna degişlidir. Gözel tebigatdan «Ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn görnüş» diýlip bellenendigi sebäpli, olar Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara bileleşiginiň Gyzyl sanawyna we Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sanawyna girizilendir. Olaryň ululygy kiçiräk towuk ýaly, metal öwüşginli ýaşylymtyl-gök reňkli, arkasy we garyn tarapy melewşe reňkde, guýrugynyň aşagy ak reňkli, aýaklary, çüňki we maňlaýyndaky sakar ýeri mämişiräk-gyzyl bolýar. Ýurdumyzda bu guşlaryň ýaýran ýerleri Hazar deňziniň we Garagum pesligindäki zeý we syzyndy suwlardan emele gelen kölleriň kenarýakalarydyr. Tejen, Murgap, Guşgy we Amyderýa jülgelerine wagtal-wagtal aralaşýarlar, olar suw aýtymlarynyň kenarýakalarynyň gamyş jeňňelliklerinde ýaşaýarlar. Soltantowuklaryň aýratynlyklary oturymly, käbir ýerlerde oturymly-göçýän görnüşdir. Olar jeňňellikde jübüt bolup, gamyşlaryň we ýekenleriň döwlen baldaklaryndan toplanan üýşmeklerde höwürtgeläp, suw ösümlikleriň tohumlary, kök-baldaklary, aýratyn-da ýekenleriň baldaklarynyň düýpleri, suwdaky we gury ýerdäki oňurgasyzlar bilen iýmitlenýärler. Soltantowuklaryň sanyny anyklamak maksady bilen XX asyryň 80-nji ýyllarynda barlag geçirilende Esengulynyň ýalpak suwly aýlagynda 3

«Ýeroýlanduz» çöketligi

Bathyz belentliginde ýerleşýän Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň tutýan umumy meýdany 140 müň 430 gektara deň bolup, onuň 14 müň 232 gektary pisse tokaýlyklary bilen örtülendir. Goraghana üç tebigy keşbe bölünip, olar çöl sähralygy, gury ýer çöketligi hem-de pisse tokaýlygydyr. «Ýeroýlanduz» çöketligi goraghananyň gündogarynda ýerleşýär. Oňa ilat arasynda «Babaçöňňe» ýa-da «Duzoýlanýer» hem diýilýär. Çöketligiň çuňlugy 500 metrdir. Onuň meýdany 300 inedördül kilometr çemesidir. «Ýeroýlanduzyň» düýbi giden şorluk bolup, onda adybir köl hem bar. Kölüň iň pes ýeri häzirki wagtda deňiz derejesinden 311 metr ýokardadyr. Kölde suw diňe gyşda ýagan garyň eremeginden, şeýle hem ýaz ýagyşlaryndan soň peýda bolýar. Kölüň düýbündäki suw galyň gatlakly duzdan 20 santimetr ýokary saýlanýar. Gyş aýlary «Ýeroýlanduzda» howa kän sowuk bolmaýar. Ýaz paslynyň paýawlamagy bilen, çöketligiň düýbüne ýygnanan suwuň derejesi peselýär, tomusda ol guraýar we duz gatlagy emele gelýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... -6 gradus sowukdan +4... +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +16... +21 gradus, kenarýaka etraplarda +9... +14 gradus maýyl bolar.

Ýagyş ýagýar, ýagýar seni ýatladyp»

«7/24. tm», № 06 (141), 06.02.2023 Ýagyş, köplenç halatda, biziň duýgularymyzy we aňymyzy rahatlandyrmak üçin adaty bolmadyk güýje eýedir. Ýagyş özüniň beýhuş ediji ysy bilen biziň daşky we içki howamyzy täzeleýär.

Pawlowniýa agajynyň täsiri

Tebigy gurşawymyzyň arassa we jana şypaly bolmagynyň esasy şertleriniň biri-de, zyýanly gazlary özüne siňdirip, kislorody köp bölüp çykarýan agaçlaryň bolmagydyr. Olaryň arasynda pawlowniýa agajynyň aýratyn ekologiýa ähmiýeti bardyr. Pawlowniýa agajy tebigatyň täsin agaçlarynyň biri bolmak bilen çäklenmän, onuň halk hojalygynyň dürli pudaklaryndaky ähmiýeti hem örän uludyr. Bu agaç ekologiýany gowulandyrmakda, daş-töweregi gysga döwürde tokaýlaşdyrmakda netijelidir.

Ýakymly pursatlar

Ýylyň her paslynyň öz aýratynlygy, täsinligi bar. Gyşa agras, ýaza tebigatyň janlanyşy, tomsa jöwzaýy, güýze kalbyňy ruhlandyryjy diýýärler. Pasyllary synlanyňda, olar dogrudan hem adyna mynasyp. Hersiniň öz hezilligi, öwüşgini bar. Bu täsinliklere duýgularyň bilen berlip, pasyllary duşuňdan geçirip, ömrüň bir ýylynyň gyzyň näzijek ýörişi ýaly bildirmän, gapdalyňdan ötendigine göz ýetirýärsiň. Şahyr aýtmyşlaýyn: «Gözi bilen gulaçlap,Bu Watany, bu çöli.Geçip gider durnalar,Bu ömrümiň bir ýyly».

Gözelligiň goragynda

Ýurdumyzy bagy-bossana öwürmek, türkmen tebigatyny, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Awçylarynyň we balykçylarynyň birleşen jemgyýetiniň gorag gözegçileri hem ýurdumyzyň degişli kanunçylyga, jemgyýetiň tertipnamasyna salgylanyp, gyş paslynda tebigaty goramak işlerini işjeň alyp barýarlar. Gorag gözegçileri ýurdumyzda aw möwsüminiň açylmagy bilen, şeýle çäreleri has-da güýçlendirýärler. Olar döwletimiz tarapyndan bellenen aw ýerlerinde, gury we suwly meýdanlarda, suw howdanlarynda gorag işlerini, awçy we balykçy raýatlaryň meýdandaky çopanlaryň, oba hojalygynda zähmet çekýän daýhanlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirýärler. Şeýle işler öz netijesini hem berýär. Onsoň, Diýarymyza gaýry ýurtlardan gyşlamaga gelýän dürli-dürli ördekleriň, gazlaryň, başga-da beýleki birnäçe guşlaryň sany barha artmak bilen.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar.  Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4... +1 gradusdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +13... +18 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +7... +12 gradus maýyl bolar.

Täsin gül hakda söhbet

«7/24. tm», № 05 (140), 30.01.2023 Kak­tus­lar maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lan ka­du­pul at­ly gül di­ňe Şri-Lan­ka­da ös­ýär. Ol hak­da şeý­le ro­wa­ýat bar: Gurp­ly maş­ga­la­dan bo­lan bir ýi­git gül­le­ri öw­ren­mek bi­len meş­gul­lan­ýan alym gy­za aşyk bol­ýar. Gyz oňa gö­wün ber­me­se-de, ak­ýü­rek ýi­gi­diň göw­nü­ne deg­mä­ge döz­män: «Açy­lyp, Gün şüh­le­si­ne lo­wur­dap du­ran ka­du­pul at­ly gü­li ge­ti­rip ber­seň sö­zü­ňi ka­bul ede­ýin. Ýö­ne ol hök­man gül dü­ka­nyn­dan sa­tyn al­nan bol­sun» di­ýip, şert goý­ýar.

Gelegurt hüjümine hile

Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda tebigat bilen sazlaşykly ýaşap gelipdirler. Ýylyň dowamynda yzly-yzyna tirkeşip gelýän pasyllaryň her bir aýynyň günlerinde, ongünlüklerinde bolup geçýän tebigat hadysalaryny synçylyk bilen durmuş eleginden geçirip, jikme-jik öwrenip, baý milli edim-gylymlary döredipdirler. Ýaş nesli zähmetsöýerlik, watanperwerlik, tebigatsöýüjilik ruhunda terbiýelemäge aýratyn ähmiýet beripdirler. Hemişe öz çagalaryna tebigatyň ajaýyp gözelliklerini gorap saklamaga hem-de baýlaşdyrmaga ýardam etmegi ündäpdirler. Möjek, böri we gurt sözlerini öz ogullaryna adam ady hökmünde dakmaklary hem pederlerimiziň türkmen tebigaty bilen hemişe sazlaşykly ýaşaýşy alyp barandygyna mysal bolup biler. Möjekler ýaşaýan ýeriniň toprak-howa şertlerine örän gowy uýgunlaşandyrlar. Halkymyzda “böri” diýlip atlandyrylýan möjeklere ýiti gözlülik, ýokary duýujylyk hem ys alyjylyk, ugurtapyjylyk, çydamlylyk, sabyrlylyk ýaly häsiýetler mahsusdyr. Möjekleriň aşaky hereketli äňini galdyryjy-düşüriji myşsalary ösen bolýar. Päki ýaly ýiti dişleri berk bolup, azy dişleri gaýçy ýaly kesmäge ukyplydyr. Olaryň bu aýratynlyklary awlarynyň hemişe bolmasa-da, köplenç, şowuna bolmagyna getirýär.

Asyrlara şaýat Köpetdagym

Görkana Watanymyzda tebigatyň ähli täsinlikleri jemlenendir. Gojaman Köpetdagyň täsin tebigat dünýäsine syýahat edeniňde ozalda bir dana pähimdaryň belleýşi ýaly, özüňi onuň bir bölegi hökmünde duýýarsyň, oňa bolan söýgiň biygtyýar artýar. Köpetdagyň dereleri türkmen edermen ýigitleriniň at çapyp, seýrana çykyp, ýurdy belentden synlan ýerleri, janlaryny orta goýup goran, mukaddeslige öwren mekany. Häzir bu ýerleriň tebigaty goralyp, baýlyklary dikeldilip, giňden öwrenilýär. Dagyň özboluşly tebigat dünýäsi has-da baýlaşdyrylýar. Häzirki wagtda bu ýerde hereket edýän Türkmenistanyň Köpetdag döwlet tebigy goraghanasy bu tebigy zolagyň ösümlik we haýwanat dünýäsini içgin öwrenmek bilen, onuň mümkinçiliklerini, tebigy şertlerini hem-de peýdaly täsirlerini açýar. Goraghanada ähli zerur bolan ekologik we gorap saklamak çäreleri amala aşyrylýar.

Kürendagym — hazynalar mekanym

Goja Balkandan gündogar sary gaýdyp, dogduk obama golaýlanymda, kalbym täsin duýgulara gaplanýar. Tebigatyň bolluk bilen eçilen gözellikleri özüne bendi edýär. Ilerligine ser salsaň, gözýetimden uzaklarda Küren oba gözüň düşýär. Obany ýanbaşlap oturan keremli daglary synlap, bu daglaryň ýöne-möne daglar däldigine göz ýetirýärsiň. Ir zamanlarda obalylar Kürendagynyň künjünden keýikdir aýrak, käkilikdir aw guşlaryny awlap, güzeranyny dolandyrypdyrlar. Dag göwsünden syzylyp çykýan dury suwly çeşmeler adamlaryň teşneligini gandyrypdyr.

Peýnit — iň seýrek duş gelýän mineral

Dünýäde iň seýrek düş gelýän gymmat bahaly tebigy minerallaryň biri-de peýnitdir. Bu syrly daşyň nusgalarynyň sany çäklidir, ýöne minerologik kolleksionerler her bir kristal üçin ummasyz pul tölemäge taýyn.

Ýyldyzlar näme diýýär? Size gowulyk garaşýar! 2023-nji ýyl Fewral aýy

1.Hamal (Guzy 21.03 — 20.04) Fewral aýynda hamallar käbir zerur meseleleri çözüp, aýgytly ädimleri ätmeli bolarlar. Bu döwürde duýgularyňyza erk etmek maslahat berilýär. Gyş paslynyň soňky aýy hamal ýyldyzy astynda doglanlara täze mümkinçilikleri, ösüşleri wada berýär. Iş ýeriňizde özüňize degişli bolmadyk işlere goşulmaň. Bu döwürde islendik karary almazdan ozal, «ýedi ölçäp, bir kesmek» maslahat berilýär. Ileri tutulýan ugurlary kesgitläň we ownuk-uşak zatlara üns bermäň. Sabyr ediň we oňyn işleri alyp barmagy dowam ediň. Ýerine ýetiren işleriňize görä aýyň ahyrynda netije alarsyňyz. Işdäki ähli başlangyçlaryňyz ýakyn wagtda üstünlikli işlere getirer.

Köýtendagyň gowaklary

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -5... -10 gradus sowukdan -1... +4 gradus aralygynda, gündizlerine +11... +16 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +4... +9 gradus maýyl bolar.

Tebigat biziň öýümiz

Bagda keramat bar Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ekologiýany, daşky gurşawy gorap saklamakda, tebigaty has-da gözelleşdirmekde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Tebigatda bar bolan ýerasty we ýerüsti baýlyklarymyzy, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, hem-de biziň geljek nesillerimize arassa dünýäni miras galdyrmak ähli gujur-gaýratymyzy sarp edip wagyz-ündew işlerini we çärelerini geçirmek bilen bagly bolup durýar.

Çöller dünýäsi

DÜNÝÄDE iň kiçi çöl