Gelegurt hüjümine hile

28 Ýanwar 2023
786

Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda tebigat bilen sazlaşykly ýaşap gelipdirler. Ýylyň dowamynda yzly-yzyna tirkeşip gelýän pasyllaryň her bir aýynyň günlerinde, ongünlüklerinde bolup geçýän tebigat hadysalaryny synçylyk bilen durmuş eleginden geçirip, jikme-jik öwrenip, baý milli edim-gylymlary döredipdirler. Ýaş nesli zähmetsöýerlik, watanperwerlik, tebigatsöýüjilik ruhunda terbiýelemäge aýratyn ähmiýet beripdirler. Hemişe öz çagalaryna tebigatyň ajaýyp gözelliklerini gorap saklamaga hem-de baýlaşdyrmaga ýardam etmegi ündäpdirler.

Möjek, böri we gurt sözlerini öz ogullaryna adam ady hökmünde dakmaklary hem pederlerimiziň türkmen tebigaty bilen hemişe sazlaşykly ýaşaýşy alyp barandygyna mysal bolup biler. Möjekler ýaşaýan ýeriniň toprak-howa şertlerine örän gowy uýgunlaşandyrlar. Halkymyzda “böri” diýlip atlandyrylýan möjeklere ýiti gözlülik, ýokary duýujylyk hem ys alyjylyk, ugurtapyjylyk, çydamlylyk, sabyrlylyk ýaly häsiýetler mahsusdyr. Möjekleriň aşaky hereketli äňini galdyryjy-düşüriji myşsalary ösen bolýar. Päki ýaly ýiti dişleri berk bolup, azy dişleri gaýçy ýaly kesmäge ukyplydyr. Olaryň bu aýratynlyklary awlarynyň hemişe bolmasa-da, köplenç, şowuna bolmagyna getirýär.

Saparmyrat ANNAMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.
Beýleki habarlar