Asyrlara şaýat Köpetdagym

27 Ýanwar 2023
1282

Görkana Watanymyzda tebigatyň ähli täsinlikleri jemlenendir. Gojaman Köpetdagyň täsin tebigat dünýäsine syýahat edeniňde ozalda bir dana pähimdaryň belleýşi ýaly, özüňi onuň bir bölegi hökmünde duýýarsyň, oňa bolan söýgiň biygtyýar artýar.

Köpetdagyň dereleri türkmen edermen ýigitleriniň at çapyp, seýrana çykyp, ýurdy belentden synlan ýerleri, janlaryny orta goýup goran, mukaddeslige öwren mekany. Häzir bu ýerleriň tebigaty goralyp, baýlyklary dikeldilip, giňden öwrenilýär. Dagyň özboluşly tebigat dünýäsi has-da baýlaşdyrylýar. Häzirki wagtda bu ýerde hereket edýän Türkmenistanyň Köpetdag döwlet tebigy goraghanasy bu tebigy zolagyň ösümlik we haýwanat dünýäsini içgin öwrenmek bilen, onuň mümkinçiliklerini, tebigy şertlerini hem-de peýdaly täsirlerini açýar. Goraghanada ähli zerur bolan ekologik we gorap saklamak çäreleri amala aşyrylýar.

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW,
žurnalist.
Beýleki habarlar