«7/24. tm», № 05 (140), 30.01.2023
Kaktuslar maşgalasyna degişli bolan kadupul atly gül diňe Şri-Lankada ösýär. Ol hakda şeýle rowaýat bar: Gurply maşgaladan bolan bir ýigit gülleri öwrenmek bilen meşgullanýan alym gyza aşyk bolýar. Gyz oňa göwün bermese-de, akýürek ýigidiň göwnüne degmäge dözmän: «Açylyp, Gün şühlesine lowurdap duran kadupul atly güli getirip berseň sözüňi kabul edeýin. Ýöne ol hökman gül dükanyndan satyn alnan bolsun» diýip, şert goýýar.