"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Tehnologiýa äleminde

Elýeterli enjam Smartfonyň 8 GB-ly operatiw, 128 GB-lyk we 1T  barabar goşmaça ýatly, akkumulýatorly boljakdygy bellenildi. Enjam 13MP+2MP-lik goşa arka kameralary hem-de haýran galdyryjy suratlar we selfi düşürmeklige niýetlenen 5MP-lik kamera bilen üpjün ediler. Smartfona «PLS» hilli 6,5 dýuým göwrümli ekranyň ýerleşdiriljekdigini «Samsung» kompaniýasynyň Hindistandaky mobil biznesi boýunça direktory Rahul Pahwa belleýär. Bu smartfonyň başlangyç bahasy 105  amerikan dollaryna barabar bolup, ol 2022-nji ýylyň 16-njy dekabryndan satuwa çykarylyp başlandy.

Ýolagçy otly peteklerini täzelenen mobil goşundysy işe girizildi

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýolagçy otly gatnawlaryna petekleri onlaýn satyn almak üçin täzelenen mobil goşundysyny hödürleýär. Goşmaçalar girizilen we üsti ýetirilen täze mobil goşundysyny «Play Market» mobil goşundylar platformasyndan, şeýle hem railway.gov.tm web-saýtynyň üsti bilen ykjam telefonlaryňyza ýükläp alyp bilersiňiz. Android ulgamlary üçin niýetlenen täze mobil goşundysy ýolagçy otly peteklerini onlaýn görnüşde satyn almak üçin amatly we üsti ýetirilen mümkinçilikleri hödürleýär. Täzelenen «Railway» mobil goşundysy iň täze we köne Android ulgamly enjamlarda ýeňil işleýändigi bilen tapawutlanýar. Onuň kömegi bilen ýolagçy otly peteklerini oturan ýeriňizde amatly we tiz usulda onlaýn satyn alyp bilersiňiz.

Talyplaryň taslamasyna maýa goýulýar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň AGCO maýa goýum gaznasy Şweýsariýanyň Bern uniwersitetiniň ylmy gözleglerine uly mukdarda maýa goýýar. Bu serişdeler haşal otlaryň ösüp ýetişmegine we köpelmegine gözegçilik edýän kinniwanja robotlaryň önümçiligi üçin sarp ediler. Uniwersitet maýa goýum gaznasy bilen bilelikde amala aşyrjak taslamasynda, esasan, bakalawr we magistr bölümlerinde okaýan talyplaryň ukybyna we zehinine bil baglaýar. Eýýäm robotlaryň ilkinji nusgalary taýýar.

Taýwanda akylly roboty işe girizdiler

Çaý we kofe Taýwanda esasy ekinler bolup, olardan döwlete oňat girdeji girýär. Innowasion tehnologiýanyň kömegi bilen ekologiýa zyýan ýetirmezden, olary ösdürip ýetişdirmek üçin çykarylýan harajatlary azaldyp, girdejini artdyrmaga mümkinçilik bar. Ýurduň oba hojalyk birleşiginiň Milli derňew we çaýy ýaýradyjy merkeziniň hünärmenleri tarapyndan haşal otlary aýryp bilýän hem-de kofedir çaýa ösüş döwründe berilýän agrohimiki dökünleriň mukdaryny azaldyp, täze döküni bermäge ukyby bolan robot döredildi we taýwanly fermerlere hödürlenildi. Merkeziň direktory Su Sunçeniň aýtmagyna görä, bu robot çaýy ösdürip ýetişdirmekde çykarylýan umumy çykdajynyň 30 göterimini azaltmaga ýardam edýär.

Geçen ýylyň 4-nji çärýeginde «Samsung»-yň girdejisi peseldi

Deslapky maglumatlara laýyklykda, Koreýa Respublikasynyň «Samsung Electronics» kompaniýasynyň girdejisi 2022-nji ýylyň dördünji çärýeginde 2021-nji ýylyň degişli döwrüniň 13,67 trillion wony bilen deňeşdirilende, 58 göterim pese düşdi we 5,9 trillion wona (ABŞ-nyň 4,62 milliard dollary) barabar boldy. Bilermenleriň pikirine görä, inflýasiýanyň ýokary bolmagy we bank hyzmatlarynda göterim derejesiniň ösýändigi sebäpli smartfon öndürýän kompaniýalar ýat çiplerini sargyt etmeklerini wagtlaýyn togtadýarlar, çykdajylaryny we maýa goýumlaryny azaldýarlar. Häzirki wagtda «Samsung» dünýäde iň iri ýat çiplerini öndürýän kompaniýa bolmagynda galýar.

Sanly ykdysadyýet — aragatnaşyk ulgamynyň möhüm şerti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň belent başlangyçlary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi bilen türkmen ýaşlaryna dünýä derejesinde ylym-bilim almaga amatly şertler döredilýär. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda geljekde senagatymyzyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary ulgamynda zähmet çekjek hünärmenleri taýýarlamak babatynda innowasion tehnologiýalary we okatmagyň interaktiw usullaryny ornaşdyrmagy dowam etmek, şeýle hem döwrebap tehniki serişdeler bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen okuw otaglary we ylmy-barlag tejribehanalar arkaly bilimiň ýokary hilini gazanmak işleri yzygiderli ýola goýulýar. Ykdysadyýetimiziň senagat toplumynyň güýçli depginler bilen ösmegine özleriniň saldamly goşantlaryny goşjak geljekki hünärmenlere bu günki gün ýokary okuw mekdebinde häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelýän enjamlarda, şeýle hem dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan tejribehanalarda tejribelik okuwlarynyň döwrebap geçirilmegi, talyplaryň nazary bilimleriniň has-da kämilleşmegine uly şert döredýär. Sanly ulgama daýanýan okuw sapaklarynda talyplar hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň senagatynyň täze ösüşlere eýe

Çaparçylyk hyzmatlary

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň raýatlaryna «Salgydan-salga» çaparçylyk hyzmatyndan peýdalanmagy hödürleýär. Bu hyzmat ilata ýetirilýän hyzmatlaryň derejesini ýokarlandyrmagy we kärhananyň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy nazarda tutmak bilen, kompaniýanyň umumy maksatlaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Türkmenistanda mobil aragatnaşyk hyzmatlary kämilleşdiriler

«Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti indi ýigrimi ýyla golaý wagt bäri Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny mobil aragatnaşyk we internet hyzmatlary bilen üpjün edip gelýär. Bu kompaniýa 2004-nji ýylda döredildi. «Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň tutuş ýurt boýunça mobil aragatnaşygyň dürli ugurlarynda 4 müňden gowrak iberiş we kabul ediş bekedi bar. Jemgyýetiň hünärmenleri Türkmenistanyň öýjükli aragatnaşyk ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen, ilata döwrebap, kämil hyzmatlary hödürlemegiň we täze taslamalaryň üstünde işleýärler. 

San­ly ul­ga­myň mö­hüm ugur­la­ry

Ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek, döw­re­bap müm­kin­çi­lik­le­ri dur­mu­şa or­naş­dyr­mak esa­sy ugur­la­ryň bi­ri­dir. San­ly bi­lim ul­ga­my san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň mö­hüm pu­da­gy­dyr. Şu­nuň ne­ti­je­sin­de wag­ty tyg­şyt­la­mak, iş ýö­re­di­li­şi­ni çalt­lan­dyr­mak, teh­no­lo­gi­ýa­ny ös­dür­mek we bu ba­bat­da ýaş­la­ryň ba­şar­jaň­lyk­la­ry­ny art­dyr­mak ýa­ly esa­sy bäh­bit­ler ga­za­nyl­ýar. Şun­dan ugur alyp, ylym­ly-bi­lim­li, sag­dyn, ber­ka­rar döw­le­ti­mi­zi mun­dan beý­läk hem ösüş­le­re alyp git­jek ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mä­ge, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ryn­da ne­ti­je­li zäh­met çek­mä­ge ukyp­ly hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­ga mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz halk ho­ja­ly­gy­nyň beý­le­ki ul­gam­la­ry bi­len bir­lik­de ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz top­lu­my­ny mun­dan beý­läk-de saz­la­şyk­ly ös­dür­mä­ge, pu­da­gyň önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­nyň art­dy­ryl­ma­gy­na, onuň kö­pu­gur­ly esas­da ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet ber­ýär. Şun­da tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we öň­de­b

Kiberhowpsuzlyk: maglumat goraglylygy

Ylmy-tehniki ösüşiň netijesinde tehnologiýalaryň kämilleşmegi ynsan durmuşyny görnetin ýeňilleşdirdi. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşi ozal görlüp-eşidilmedik mümkinçilikleri açýar. Şonuň üçinem maglumatlaryň ygtybarly goralmagy döwletiň hem-de jemgyýetiň abadançylygynyň esasy şertleriniň biridir. Maglumatlary goramak bolsa «kiberhowpsuzlyk» diýlip atlandyrylýan ýörite ylma öwrüldi. Kiberhowpsuzlyk — munuň özi internete birikdirilen enjamlaryň, programma üpjünçiliginiň we maglumatlaryň sanly dünýädäki howplardan goralmagydyr. Bu gün kiberhowpsuzlygyň gazananlary her bir adamyň şahsy maglumatlaryny goramakdan başlap, işewürlik we ylmy syrlary goramak, edara-kärhanalaryň hem-de gulluklaryň kadaly işini üpjün etmek ýaly köp ugurlarda peýdalanylýar.

Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk toplumynda hyzmatlaryň ösüş depgini artýar

Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 115,1 göterime deň boldy diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Mämmethan Çakyýewiň gözegçilik edýän edaralarynda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri boýunça beren hasabatyna görä, awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary bilen ýük daşamagyň meýilnamasy 112,2 göterim we ýolagçy gatnawlary boýunça meýilnama 104,7 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

«Trimble» nemes kompaniýasyny satyn alýar

ABŞ-nyň «Trimble» programma üpjünçiligi we tehnologiýa hyzmatlary kompaniýasy Germaniýanyň logistika üçin programma üpjünçiligini öndürýän «Transporeon» kompaniýasyny satyn almakçy bolýar. «Trimble»-niň metbugat beýanatyna laýyklykda, geleşigiň bahasy 1 milliard 880 million ýewro bolup, resminama işlerini 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda tamamlamak meýilleşdirilýär. Töleg kompaniýada bar bolan nagt maliýe serişdeler we täze maýa goýumlary çekmek arkaly amala aşyrylar. «Transporeon»-iň programmalary ýük ugradýan, daşaýan, söwda kompaniýalary hem-de ýük ekspeditorlary üçin niýetlenendir. Häzirki wagtda kompaniýanyň hyzmatyndan, takmynan, 145 müň ýük daşaýan we logistika kompaniýa, 1,4 müň töweregi ýük ugradýan we ýüki kabul edýän kompaniýa peýdalanýarlar.

Ot­lu­la­ryň gat­naw tiz­li­gi­

Hä­zir­ki wa­gt­da ýur­dumyzyň üs­tün­den hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ýük­le­riň geçirilme­gi ne­ti­je­sin­de yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­ler ýo­ka­ry de­re­jä eýe bolýar. Şonuň üçin-de ulag­la­ryň ge­çi­ril­işi­ni, do­landyrylyşyny we saz­la­nyl­yşy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak ze­rur bolup durýar. Dünýä ýüzünde de­mir ýo­luň dö­re­me­gi glo­bal tä­ze­lik bol­dy. Dö­re­di­len gü­nün­den bä­ri her bir döw­let de­mir ýol pu­da­gy­ny ös­dür­mek üçin öz ýo­lu­ny tap­yp, öz me­ha­nizm­le­ri­ni dö­ret­di. Hä­zir­ki wagt­da ýur­duň ösü­şi hem­me­ta­rap­la­ýyn ulag bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. De­mir ýol­la­ryň yk­dy­sa­dy we sy­ýa­sy po­ten­sia­ly ga­ty ulu­dyr we tü­ke­nik­sizdir. De­mir ýol ulag­la­ry ara­gat­na­şy­gy­nyň ösü­şi, şol san­da bu ösü­şiň in­no­wa­si­ýa öl­çe­gi, şeý­le hem döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň me­ha­nizm­le­ri bi­len üp­jün edil­me­gi­niň esas­la­ry we ugur­la­ry, ýe­ter­lik de­re­je­de gur­nal­ýar. Ýur­dy­my­zyň de­mir ýol beketlerinde ýük we ýo­lag­çy ot­lu­la­ryň gat­na­wynyň uly bol­ma­gy bi­len ot­ly ge­çiri­ji­li­gi or­ta­ça he­re­ket bi­len ama­la aşy­ryl­ýar. Beketlerde gur­na­lan teh

Milli sanly tor dörediler

Häzirki zaman dünýäsinde bolup geçýän ösüş-özgerişler adamzat durmuşyny ählitaraplaýyn gurşap alýar. XXI asyryň häsiýetli aýratynlygy bolan maglumat tehnologiýalarydyr sanly gurluşlar gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Hyzmatlar ulgamyndan başlap, ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna giňden ornaşdyrylýan sanly tehnologiýalar wagty tygşytlamaga, zähmet öndürijiligini artdyrmaga, işleri ýeňilleşdirip, onuň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek, önümçilige ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygy guwandyryjydyr. Şonuň bilen bir hatarda, sanly ulgamyň ösüşini ilerletmek, intellektual ulgamlaryň işini üpjün etmek, milli tor giňişligini, internet hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek babatda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Bu köpugurly işler Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň degişli Konsepsiýasynda kesgitlenilen wezipelere üstünlikli amal edilýändigini tassyklaýar.

Sanly ykdysadyýet – döwrebap ösüşleriň özeni

«Turkmentelekom» saýtlaryň täze hostinginden peýdalanmagy teklip edýär

«Turkmentelekom» elektrik-aragatnaşyk kompaniýasy türkmen web saýtlarynyň esaslandyryjylaryna ýörite wirtual serwerlerde (VDS) web sahypalaryny ýerleşdirmek üçin hostingiň täze döredilen görnüşini ulanmagy teklip edýär. Kompaniýanyň bellemegine görä, täze wirtual hosting kiber hüjümlerinden has ygtybarly goralýar we ýokary maglumat geçiriş derejesine eýedir. «Turkmentelekom» elektrik-aragatnaşyk kompaniýasynyň web saýtynda görkezilişi ýaly, täze serwerlerdäki internet tizligi 100 Mbit/s ýetýär.

Kämilligiň gözbaşy

Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary çalt depginde özgerýän jemgyýetiň ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Milli ykdysadyýetiň sanly ulgama geçmegini çaltlandyrmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi we üstünlikli amala aşyrylmagy raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek we täzeçil maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli işler dowam etdirilýär. Bu ugur boýunça ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalaryna ýörite sapaklaryň girizilmegi, zerur maddy-tehniki binýadyň üpjün edilmegi sanly ulgamyň ösüşinde uly orna eýedir. Häzirki döwürde bilim ulgamyny ösdürmek bilimiň elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmaga, döwrüň häzirki talaplaryna, innowasion ykdysadyýeti ösdürmegiň zerurlyklaryna laýyklykda, bilimiň ähli derejelerinde hünärmenleri taýýarlamaga, şeýle hem zähmet bazaryny ýokary hünär derejeli hünärmenler bilen üpjün etmäge gönükdirilen netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň özbaşdak Milli sanly tory dörediler

Türkmenistanda Internet tory bilen bagly bolmadyk özbaşdak Milli sanly toruny döretmek, şeýle hem bu işler bilen bagly durmuşa geçirilmeli çäreleri ulgamlaýyn alyp barmagyň esaslaryny kesgitlemek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, milli sanly toruny döretmegiň Konsepsiýasyny işläp taýýarlamak hem-de Milli sanly toruny döretmek baradaky taslamany durmuşa geçirmek boýunça iş topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

«Akylly» şäher taslamasy

«7/24. tm», № 50 (133) Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da iri möç­ber­li şä­her­gur­lu­şyk tas­la­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hu­su­san-da, Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň gu­rul­ma­gy, bu ýer­de ila­tyň äh­li amat­lyk­la­ryň hö­zi­ri­ni gö­rüp ýa­şa­ma­gy, ne­ti­je­li zäh­met çek­me­gi, oka­ma­gy we göw­ne­jaý dynç al­ma­gy üçin äh­li şert­le­riň göz öňü­ne tu­tul­ma­gy ýur­du­myz­da ilat ba­ra­da edil­ýän ala­da­nyň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Ahal we­la­ýa­ty­nyň bu tä­ze eda­ra ediş mer­ke­zi Türk­me­nis­tan­da­ky il­kin­ji «akyl­ly şä­her» bo­lar.. Tä­ze şä­he­riň yşyk­lan­dy­ryş ul­ga­my, ýol-ulag dü­züm­le­ri, mer­ke­ziň eko­lo­gik der­je­si­niň üp­jün edil­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly tä­ze tas­la­ma­lar dün­ýä nus­ga­lyk aý­ra­tyn­lyk­dyr.

Tehnologiýalar äleminde

Täsin enjam Biziň döwrümizde smartfonlar durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şol sebäpden olaryň energiýa güýjüniň gutarmagy biraz kynçylyklary döredýär. Emma Ýaponiýanyň «Panasonic» korporasiýasynyň ýaş dizaýnerler topary bu meseläniň adaty bolmadyk çözgüdini hödürlediler. Olaryň «Kangaroo Charger» atly täze oýlap tapyşlary, ýagny elektrojübüleri smartfonlara hem-de beýleki kiçi elektronikalara Gün şöhlesi arkaly güýç berýär. Bu enjam Gün şöhlesinden energiýa öndürip bilýän innowasion fotoelektrik serişdelerden ýasalandyr. Enjamy geýen eşigiňize birikdirmek bilen smartfonlaryň güýji hakda alada etmegi ýatdan çykarmak mümkin. «Kangaroo Charger» aňsatlyk bilen egin-eşikleriňize däl, eýsem, diwara ýa-da haýsy-da bolsa Gün şöhlesiniň düşýän ýerine birikdirmek hem bolýar. Smartfonlara güýç bermek üçin olary diňe elektrojübiniň içine salmak ýeterlik.