Milli sanly tor dörediler

17 Dekabr 2022
1076

Häzirki zaman dünýäsinde bolup geçýän ösüş-özgerişler adamzat durmuşyny ählitaraplaýyn gurşap alýar. XXI asyryň häsiýetli aýratynlygy bolan maglumat tehnologiýalarydyr sanly gurluşlar gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Hyzmatlar ulgamyndan başlap, ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna giňden ornaşdyrylýan sanly tehnologiýalar wagty tygşytlamaga, zähmet öndürijiligini artdyrmaga, işleri ýeňilleşdirip, onuň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek, önümçilige ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygy guwandyryjydyr. Şonuň bilen bir hatarda, sanly ulgamyň ösüşini ilerletmek, intellektual ulgamlaryň işini üpjün etmek, milli tor giňişligini, internet hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek babatda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Bu köpugurly işler Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň degişli Konsepsiýasynda kesgitlenilen wezipelere üstünlikli amal edilýändigini tassyklaýar.

Ogulsadap ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar