Türkmenistanda mobil aragatnaşyk hyzmatlary kämilleşdiriler

22 Dekabr 2022
917

«Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti indi ýigrimi ýyla golaý wagt bäri Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny mobil aragatnaşyk we internet hyzmatlary bilen üpjün edip gelýär. Bu kompaniýa 2004-nji ýylda döredildi.

«Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň tutuş ýurt boýunça mobil aragatnaşygyň dürli ugurlarynda 4 müňden gowrak iberiş we kabul ediş bekedi bar. Jemgyýetiň hünärmenleri Türkmenistanyň öýjükli aragatnaşyk ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen, ilata döwrebap, kämil hyzmatlary hödürlemegiň we täze taslamalaryň üstünde işleýärler. 

Beýleki habarlar