«7/24. tm», № 50 (133)
Häzirki wagtda ýurdumyzda iri möçberli şähergurluşyk taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hususan-da, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurulmagy, bu ýerde ilatyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli zähmet çekmegi, okamagy we göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertleriň göz öňüne tutulmagy ýurdumyzda ilat barada edilýän aladanyň aýdyň beýanydyr. Ahal welaýatynyň bu täze edara ediş merkezi Türkmenistandaky ilkinji «akylly şäher» bolar.. Täze şäheriň yşyklandyryş ulgamy, ýol-ulag düzümleri, merkeziň ekologik derjesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly täze taslamalar dünýä nusgalyk aýratynlykdyr.