"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Lukman maslahat berýär

■ Ulanylan örtügi çalyşanyňyzdan soň eliňizi gowy edip ýuwuň! ■ Mikroorganizmleri ýok etmek maksady bilen tagamlary talabalaýyk we dogry taýýarlaň!

Saglygymyz — baýlygymyz

Jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini dakynmaly! Dermanlyk ösümliklerden demlenilen çaýlary içiň!

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Kadalary berjaý ediň, sagdyn boluň!

Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi islendik möwsümde ýüze çykyp biljek ýokanç keselleriň öňüni alýar. Keseller, esasan, hapa ellerden, talabalaýyk bişirilmedik nahardan we arassalanmadyk suwdan geçýär. Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek saglygy berkitmek üçin hökmany şertdir. Bu möhüm düzgünler, ilkinji nobatda, maşgaladan başlanmalydyr. Şonuň üçin hem her bir ene-ata bu babatda çagalaryna gözegçilik etmelidir. Keseller howa-damja ýoly bilen näsag adamlaryň üsgürmegi, asgyrmagy, geplemegi netijesinde, köp adamly ýerlerde örän çalt ýaýraýar. Şonuň üçin otaglary ýygy-ýygydan ýelejiredip, zyýansyzlaşdyryş serişdeleri bilen ýuwup, arassalap durmaly. Arassa howada gezelenç etmegi durmuşymyza ornaşdyrmaly. Şeýle-de, şu günler howanyň düzüminde tozan bölejekleriniň möçberiniň kadadan artmagy bilen baglanyşykly, häzirki wagtda howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin köçelerde we jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini dakynmaly, 2 metr howpsuz aralygy saklamaly.

Ýiti respirator kesellerden goranalyň!

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäginde, ilatyň saglygyny goramak, raýatlaryň ömür dowamlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ägirt uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Bu ugurda teleradioýaýlymlarda, gazet-žurnallaryň sahypalarynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kada-kanunlary, arassaçylyk düzgünleri, möwsümleýin döreýän keselleriň öňüni almak üçin saglyga degişli ýörite peýdaly maslahatlar berlip, olar ilatymyza giňden düşündirilýär, wagyz-nesihat edilýär. Jemgyýetçilik ýerlerinde, edara-kärhanalarda öňüni alyş çäreleri geçirilýär. Bu işler hem öz oňyn netijelerini berýär. Her bir paslyň belli bir derejede saglyga edýän täsiri bolýar. Ýiti respirator keseller pasyllaryň çalyşýan sepgidinde has-da köp duşýar. Keseli dörediji wiruslar bolsa-da, bakteriýalar hem goşulyp, agyr gaýraüzülmelere getirip bilýär. Olar, esasan-da, näsag adamdan sagdyn adama howanyň üsti bilen ýokuşýar. Keseliň alamatlary — üsgülewük, asgyrma, bokurdagyň agyrmagy, ysytma, kellagyry we bedeniň gowşamagy. Şeýle alamatlar ýüze çykan halatynda, haýal etmän maşgala lukmanyna ýüz tutmaly.

Arassaçylyk saglygy goramakdyr

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde dünýäde emele gelen epidemiologik ýagdaýlar zerarly adamyň jan saglygy üçin howply ýokanç keselleriň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak maksady bilen, uly möçberli toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Bu ugurda maşgala lukmanlary we şepagat uýalary özleriniň hyzmat edýän çäklerinde, edara-kärhanalarda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň saglyga peýdaly taraplary barada giňişleýin wagyz-nesihat işlerini geçirýärler hem-de degerli söhbetdeşlikleri, gürrüňdeşlikleri guraýarlar. Mekdep okuwçylarynyň hem-de ýokary we ýörite okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda ýokanç keselleriniň öňüni almak boýunça özleriniň peýdaly maslahatlaryny berýärler. Gaýrüzülmeleriň öňüni almak usullaryny dürli mysallaryň, anyk delilleriň üsti bilen sada dilde düşündirýärler. Häzirki wagtda lukmanlarymyzyň we şepagat uýalarymyzyň wezipe borçlaryna laýyklykda, gazet-žurnallarda ýiti respirator we beýleki kesellerden goranmak, olaryň öňüni almak üçin şahsy gigiýenanyň, arassaçylygyň ähli düzgünlerini, kadalaryny doly we dogry berjaý etmek baradaky makalalar çap edilýär. Islendik keselden goranmagyň iň ygtybarly ýoly arassaçylyk düzgünlerini doly

Sarymsak — serim sag

Sarymsagy adamlar gadymy döwürlerden iýmit hem-de derman hökmünde ulanyp gelipdirler. Sarymsagyň mekany Aziýa hasaplanýar. Bu ösümligiň, baryp mundan dört müň ýyl öň Merkezi Aziýada, Eýranda, Pakistanda ösdürilip ýetişdirilendigi barada maglumatlar bar. Ol gadymy müsürlileriň gündelik iýmitinde hökman bolupdyr. Faraon Tutanhamonyň kümmetini gazanlarynda sarymsagyň dişleriniň tapylmagy hem bu ösümlige şeýle uly baha berlendiginiň subutnamasydyr. Hindiler, greklerdir rimliler gadymyýetden bäri sarymsagy derman hökmünde ulansalar-da, ýiti ysy sebäpli, ony iýmitlerine goşmandyrlar. Ýöne biziň eýýamymyzyň başynda sarymsak Ýewropanyň, Aziýanyň ähli halklarynyň aşhanasynyň esasy önümleriniň birine öwrülipdir. Sarymsagyň ýiti ysyna garamazdan, şeýle gowy görülmegi onuň adam bedenine ähli taraplaýyn diýen ýaly goldaw bolup durýandygy bilen baglanyşyklydyr. Ol aşgazanyň işleýşini kadalaşdyrýar, içegeleri arassalamaga ýardam berýär, aşgazan suwunyň bölünip çykmagyny sazlaýar. Bu bolsa iýmit siňdirilişiniň gowulanmagyna ýardam edýär. Immun ulgamyny berkidýändigi sarymsagyň esasy aýratynlygydyr. Sowuklamada, damakda agyry bolanda, dem alyş ýollarynyň ýokanç kesellerinde, dümewde sarymsak siziň ynamdar ýardamçyňyz bolup biler. Sarymsagyň ýene bir gymmatly tarapy — ýüre

Lukmanyň maslahaty

Agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynmaly. * * *

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak

Möwsümleýin döreýän keselleriň öňüni almakda iýmit bilen bedeniňi berkitmek peýdalydyr. Ýagly naharlardan el çekip, witaminlere, beloklara baý önümlerden peýdalanmaly. Gamma-interferon hem belokly birleşmedir. Bir bölejik et ýa-da balyk iýlende onuň işlenilip çykarylyşynyň dört esse artýandygyny hünärmenler anykladylar. Gyzyl balyklar maşgalasyna degişli deňiz balyklarynda omega-3 polidoýgun däl ýag turşulary köp. Olaryň möwsümleýin kesellere garşy göreşmäge ýardamlylygy mälimdir.

Şugundyryň peýdasy

Gün nuruny bolluk bilen eçilensoň, sahawatly topragymyzda bitýän gök we bakja önümleriniň arasynda derde derman häsiýetlisi köpdür. Gazetimiziň şu sanynda peýdaly ösümlik bolan şugundyryň peýdasy hakynda okyjylarymyza gürrüň bermegi makul bildik. — Ýylyň dowamynda saçaklarymyzy bezeýän şugundyryň adamyň saglygy üçin peýdasy köpdür. Şugundyryň düzüminde köp sanly demir, şeýle hem deňagramly derejede kalsiý we natriý bar. Onuň düzüminde B topara degişli ýokumlar köpdür. Ýokumlaryň hut şol topary dyrnagyň, saçyň berk we deriniň sagdyn bolmagyna, şeýle hem nerw ulgamynyň dogry işlemegine täsir edýär.

Sagdynlyk gözellikdir

Mähriban çagalar! Ynsanyň iň gymmatly baýlygy saglykdyr. Saglyk hakyndaky alada we keselleriň öňüniň alynmagyna bagyşlanan Bütindünýä saglyk güni 1950-nji ýyldan bäri her ýylyň 7-nji aprelinde tutuş dünýäde giňden bellenilip geçilýär. Bu senäni döretmek baradaky pikir 1948-nji ýylda Bütindünýä saglygy goraýyş Assambleýanyň birinji mejlisinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň döredilmeginiň şanyna öňe sürüldi. 70 ýyldan gowrak wagtdan bäri bellenilip gelinýän Bütindünýä saglyk güni diňe bir baýramçylyk bolman, eýsem, saglyk barada pikirlenmek, dürli keselleriň öňüni almak, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak baradaky düşünjeleri baýlaşdyrmak üçin uly mümkinçilik hem bolup durýar.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz

1. Elleri ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly ýa-da ýöriteleşdirilen zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly. 2. Iýmitiňize aýratyn üns berip, ýokumly maddalara baý bolan tagamlary köp iýmeli, bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny artdyrmaly.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

Arassaçylyk düzgünleriniň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berk berjaý edilmegi keselleriň öňüni almaga, saglygyňyzy gorap saklamaga oňyn täsir eder. ■ Her gün irden beden maşklaryny ýerine ýetirmeli!

Sagdyn durmuş — bagtyýar ýaşaýyş

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan hormatly Prezidentimiziň ýöredýän döwlet syýasatynyň özeninde adam hakdaky alada öz beýanyny tapýar. Bu elbetde, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň dünýäniň ösen derejesine laýyk kämilleşdirilmegi bilen bir hatarda, sagdyn durmuş ýörelgesiniň oňa utgaşykly berjaý edilmegini alamatlandyryp, bu ugurdaky wezipeler yzygider esasda durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji gününden ýaramaz endikleriň garşysyna barlyşyksyz göreş çärelerini yglan etdi. Gysga döwrüň içinde bu babatda berkden-berk işler durmuşa geçirilip, ýurdumyzda sagdyn ýaşaýyş kemala geldi. Belent Serkerdebaşymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde ilatyň arasynda, hususan-da, ýaşlar bilen sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çärelerini yzygider geçirmegi, bu babatda degişli guramalar bilen işleri sazlaşykly guramagy amala aşyrmak boýunça görkezmeleri berýär. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň sagdyn durmuşyny üpjün etmek boýunça öňde goýýan wezipeleri biz — polisiýa işgärleri üçin hem öz işimizi döwrebap derejede alyp barmaga esas döredýär. Halk köpçüliginiň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň ýokary netijeleri

Lukman maslahat berýär

Arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeklik, diňe bir ýiti respirator keselinden goraman, eýsem, içgeçme, sary getirme ýaly nähoşlukdan hem goraýar. Arassaçylyk kesellerden goranmagyň iň ygtybarly usulydyr. Biziň ählimiz nahar iýmezden öň, çagalar hem daşarda oýnap gelenlerinden soň ellerimizi akar suwuň aşagynda sabyny köpürjikledip barmaklaryň arasy bilen gowy ýuwmaly.

Müň dürli derdiň dermany

Ýurdumyzyň baýlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, halkymyzyň saglygy, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýan yzygiderli işler netijesinde, Türkmenistan sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurduna öwrüldi. Bu ugurda amala aşyrylan işlerden ýurdumyz boýunça: paýtagtymyzda, welaýat merkezlerimizde, etrapdyr şäherlerimizde, obalarda yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän dünýä ülňülerine laýyk gelýän hassahanalary, Saglyk öýlerini, bedenterbiýe we sport toplumlaryny, mekdepleri we beýlekileri görkezmek bolar.

Saglygyň sahawatly güýji

Ynsan saglygy — ýurduň baş baýlygy we mizemez kuwwaty. Ilaty hemmetaraplaýyn alada bilen gurşamak döwletimiziň baş ýörelgesidir. Bu babatda milli Liderimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işler döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli ösdürilýär. Häzirki wagtda güneşli Diýarymyzda maglumat üpjünçiligini we dolanyşygyny kämilleşdirmek maksady bilen ilaty ilkinji lukmançylyk, hassahana, şypahana, saglygy goraýyş kömegi bilen üpjün edýän Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli bolan edaralarda, şol sanda dermanhanalarda elektron maglumat ulgamy yzygiderli ornaşdyrylýar. Bu bolsa sanly ykdysadyýete geçmek babatda öňde goýlan möhüm wezipeler bilen berk baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynda: «Adamyň durmuşdaky işjeň ornuna we döredijilikli tagallalaryna saglyk ýaly güýç berýän baýlyk ýok» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň dünýä lukmançylygynyň öňdebaryjy gazananlary we tejribeli hünärmenler bilen üpjün edilmegi netijesinde ilatyň saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmekde uly üstünlikler gazanyldy. Döwletimizde poliomiýelit, drakunkulýoz, gyzzyrma keselleriniň doly ýok edilendigi, ýod ýetmezçiliginiň öňüni almak üç

Öňüni alyş sanjymlaryny alalyň!

Ýokanç keselleriň döremeginiň we ýaýramagynyň öňüni almagyň iň ygtybarly usuly öňüni alyş sanjymlaryny almakdyr. «Waksinasiýa” diýen düşünje çagalarda we uly adamlarda öňüni alyş sanjymlaryny geçirmegi aňladýar. Ýurdumyzda öňüni alyş sanjymlary döwlet serişdeleriniň hasabyna mugt geçirilýär. Häzirki wagtda sanjym tertibine laýyklykda birnäçe kesellere garşy sanjym geçirilýär. Barlaglar netijesinde köpçülikleýin öňüni alyş sanjymlary geçirilip başlanaly bäri ynsan ömrüniň uzalandygyny bellemelidiris.

Kesellerden nähili goranmaly?

Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň, esasan, howa-damja we galtaşma ýollary arkaly ýokuşýandygyny nazara alyp, günde ir bilen burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmagy endik edinmeli. Agyz-burun örtüklerini dakynmaly. Jemgyýetçilik ýerlerinde howpsuz 2 metr aralygy saklamaly. Eger kesel dörediji wirus burnuň nemli bardasyna düşse, ol öýjük gurluşyny üýtgedip, bütin bedende ýiti respirator keseliň alamatlarynyň (bedeniň gyzgynynyň galmagy, asgyrma, üsgürme, ysgynsyzlyk) döremegine getirýär we adamda ozal bir dowamly kesel bar bolsa, gaýraüzülme hökmünde onuň ýitileşmegine sebäp bolýar. Kesel dörediji wiruslaryň dürli görnüşi bolýar. Olar üýtgäp bilýär. Şol sebäpli keseliň öňüni almak we ondan goranmak üçin netijeli ýoly saýlamak zerur. Syrkaw adam köpçülik ýerlerine barmakdan saklanmaly. Keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykandan, lukmana ýüz tutmaly, degişli barlagdan geçmeli we diňe lukmanyň bellän derman serişdelerini ulanmaly. Asgyrylanda, üsgürilende, agzyňy we burnuňy elýaglyk bilen örtmeli. Dürli dermanlary, şol sanda antibakterial serişdeleri lukmandan maslahatsyz içmeli däl. Munuň özi bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peseldip, immun ulgamyna uly zyýan ýetirip, witamin ýetmezçiliginiň esasy sebäbi bolup bilýär.