Saglygyň sahawatly güýji

21 Aprel 2021
1080

Ynsan saglygy — ýurduň baş baýlygy we mizemez kuwwaty. Ilaty hemmetaraplaýyn alada bilen gurşamak döwletimiziň baş ýörelgesidir. Bu babatda milli Liderimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işler döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli ösdürilýär. Häzirki wagtda güneşli Diýarymyzda maglumat üpjünçiligini we dolanyşygyny kämilleşdirmek maksady bilen ilaty ilkinji lukmançylyk, hassahana, şypahana, saglygy goraýyş kömegi bilen üpjün edýän Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli bolan edaralarda, şol sanda dermanhanalarda elektron maglumat ulgamy yzygiderli ornaşdyrylýar. Bu bolsa sanly ykdysadyýete geçmek babatda öňde goýlan möhüm wezipeler bilen berk baglanyşyklydyr.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynda: «Adamyň durmuşdaky işjeň ornuna we döredijilikli tagallalaryna saglyk ýaly güýç berýän baýlyk ýok» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň dünýä lukmançylygynyň öňdebaryjy gazananlary we tejribeli hünärmenler bilen üpjün edilmegi netijesinde ilatyň saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmekde uly üstünlikler gazanyldy. Döwletimizde poliomiýelit, drakunkulýoz, gyzzyrma keselleriniň doly ýok edilendigi, ýod ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin duzuň ýod bilen hem-de unuň düzüminiň demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrylandygy baradaky Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy we dünýäniň beýleki abraýly guramalary tarapyndan berlen halkara güwänamalary ýetilen belent sepgitleriň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyz çilimkeşlige garşy alnyp barylýan göreşe goşan ägirt goşandy üçin Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ýadygärlik medalyna hem-de Minnetdarlyk şahadatnamasyna mynasyp boldy.

Şazada ÝANGIBAÝEWA,
Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýüniň immunolog lukmany.
Beýleki habarlar