Möwsümleýin keselleriň öňüni almak

22 Aprel 2021
977

Möwsümleýin döreýän keselleriň öňüni almakda iýmit bilen bedeniňi berkitmek peýdalydyr. Ýagly naharlardan el çekip, witaminlere, beloklara baý önümlerden peýdalanmaly. Gamma-interferon hem belokly birleşmedir. Bir bölejik et ýa-da balyk iýlende onuň işlenilip çykarylyşynyň dört esse artýandygyny hünärmenler anykladylar.

Gyzyl balyklar maşgalasyna degişli deňiz balyklarynda omega-3 polidoýgun däl ýag turşulary köp. Olaryň möwsümleýin kesellere garşy göreşmäge ýardamlylygy mälimdir.

Maýagül GARAJAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 16-njy Saglyk öýüniň maşgala şepagat uýasy.
Beýleki habarlar