Sagdyn durmuş — bagtyýar ýaşaýyş

21 Aprel 2021
928

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan hormatly Prezidentimiziň ýöredýän döwlet syýasatynyň özeninde adam hakdaky alada öz beýanyny tapýar. Bu elbetde, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň dünýäniň ösen derejesine laýyk kämilleşdirilmegi bilen bir hatarda, sagdyn durmuş ýörelgesiniň oňa utgaşykly berjaý edilmegini alamatlandyryp, bu ugurdaky wezipeler yzygider esasda durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji gününden ýaramaz endikleriň garşysyna barlyşyksyz göreş çärelerini yglan etdi. Gysga döwrüň içinde bu babatda berkden-berk işler durmuşa geçirilip, ýurdumyzda sagdyn ýaşaýyş kemala geldi.

Belent Serkerdebaşymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde ilatyň arasynda, hususan-da, ýaşlar bilen sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çärelerini yzygider geçirmegi, bu babatda degişli guramalar bilen işleri sazlaşykly guramagy amala aşyrmak boýunça görkezmeleri berýär. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň sagdyn durmuşyny üpjün etmek boýunça öňde goýýan wezipeleri biz — polisiýa işgärleri üçin hem öz işimizi döwrebap derejede alyp barmaga esas döredýär. Halk köpçüliginiň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň ýokary netijelerini berýändigini durmuş görkezip gelýär. Häzirki wagtda ýurdumyzy dünýäde iň bagtly adamlaryň ýaşaýan mekany hökmünde buýsanç bilen atlandyryp bilýäris. Çünki her bir maşgalanyň asuda hem abadan durmuşy döwletimiziň ösüşiniň berk binýadydyr.

Selbi SAPARNAZAROWA,
welaýat Polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany.
Beýleki habarlar