"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Tür­gen­le­ri­mi­ziň ýü­rek buý­sanç­la­ry

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024 Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len, döw­le­ti­mi­ziň sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň bar­ha ro­waç­lan­ýan hä­zir­ki döw­rün­de mil­li tür­gen­le­ri­miz iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­na gat­na­şyp, ýe­ňiş­li orun­la­ra my­na­syp bol­ýar­lar. Yn­ha, şu şan­ly gün­le­ri­miz­de hem mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň tür­gen­le­ri Fran­si­ýa­nyň Pa­riž şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek XXXIII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­mak üçin ak pa­ta bi­len ýo­la düş­ýär­ler.

Bedenterbiýe we sport

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024

Adamzat paýhasynyň ägirdi

«Adamzat paýhasynyň ägirtleriniň hatarynda pähime-paýhasa, ynsanperwerlige, hoşniýetlilige çäksiz sarpa goýan dana Pyragynyň jöwher şygryýeti külli adamzat üçin gymmatly ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýäsidir» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyraga goýulýan hormat-sarpanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe arşa göterilendigini belläp geçmek ýakymlydyr.

Ýeňişli ýol dowam edýär

Geçen ýylyň güýz aýy. Paýtagtymyzdaky «Nusaý» stadionyna ýygnanan futbol janköýerleridir metbugat wekilleri dowam edýän duşuşygyň tamamlanaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Garaşmazça-da däldi. Çünki duşuşygyň emini Resul Mämmedowyň oýnuň gutarýandygyny aňlatjak jürlewügi taryhy netijäni hasaba almalydy. Şol güneşli gün «Arkadag» topary garşydaşy «Altyn Asyr» toparyny ýeňen ýagdaýynda gysga taryhynda ilkinji çempionlygyny gazanmalydy. Soňlugynda bu şeýle-de boldy... Döredilen ilkinji ýylynda taryhy netije gazanan Arkadag şäheriniň adybir toparynyň taryhy ýeňşiniň dowamly boljakdygy şol pursatlarda hem mälimdi. Ine, indi bolsa täze netijeler, täze belentlik. Ikinji ýylynda hem ýeňlişsiz ýoly dowam edýän «Arkadag» topary futbol çempionatymyzyň iki aýlawynyň netijesinde geçiren 16 oýnunda 48 utuk toplap, bassyr ikinji çempionlygyna barýar. Toparyň binýadynda şu ýyl döredilen «Arkadag II» toparynyň ýaşlar ligamyzdaky üstünligi bolsa geljekki ýeňişleriň dowamat-dowam boljakdygyny görkezýär.

Nobatdaky üstünlik

Golaýda uşu boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary Täjigistan Respublikasynyň Hujand şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň kubogy ugrundaky bäsleşiklerde şowly çykyş edip, toparlaýyn görnüşde ýeňiş gazanmagy başardylar. Ýeri gelende bellesek şu ýyl ýurdumyzda Milli uşu federasiýasynyň döredilmegine 30 ýyl dolýar. Häzirki wagtda Diýarymyzda 2 müňden gowrak türgen sportuň bu görnüşi boýunça meşgullanýarlar. Başa-baş söweş sungatynyň bu ugry boýunça milli mekdebimiziň türgenleri halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip gelýärler. Geçen ýyl ABŞ-da geçirilen uşu boýunça dünýä çempionatynda hem türkmen uşuçylarynyň şowly çykyşlary bellärliklidir. Nobatdaky ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleri birnäçe agram derejelerinde çykyş edip, ýurdumyzyň medal gaznasynyň sanyny artdyrmagy başardylar. Olardan paýtagtymyzdaky 51-nji orta mekdebiň okuwçysy Sanjar Artykow

«Ýüpek ýoly ‒ 2024» halkara rallisinde türkmen toparlarynyň üstünlikleri

14-nji gezek geçirilen «Ýüpek ýoly» halkara awtoralli ýaryşynda türkmen toparlarynyň ıkısı baýrakly orunlara mynasyp boldular. 13 döwletden 100-e golaý toparyň gatnaşmagynda 11 günläp geçirilen ýaryşda oňa gatnaşyjylar 5 müň 243 kilometr menzili külterläp, Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde pellehana ýetdiler. Badalgasy Russiýada berlen halkara awtoralli ýaryşynyň Altaý daglarynyň we Gobi çölüniň çylşyrymly ýollaryndan hem geçendigini aýratyn nygtamak gerek.

Sporta hem sagdyn durmuşa sarpa

Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren beýik işlerini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirmeginiň netijesinde ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni ýaýbaňlandyrmakda, sporty ösdürmekde häzirki wagtda belent sepgitlere ýetilýär. Ähli etrap-şäherlerde döwrebap saglygy goraýyş merkezleriniň, şypahanalaryň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, dürli sport desgalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biriniň raýatlaryň saglygyny goramak, sagdyn ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty rowaçlandyrmak bolup durýandygyna aýdyň güwä geçýär.

Halkara ýaryşyndaky üstünlik

Ýetginjek futbolçylardan düzülen toparlarymyzyň üçüsi Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen «AFL Kids Cup – 2024» halkara ýaryşda şowly çykyş etdiler. 2012-nji ýylda doglan futbolçylaryň arasyndaky bäsleşik toparlaryň 6-synyň gatnaşmagynda bir aýlawda geçirildi. Netijede Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 10-njy sport mekdebiniň «Batly» topary (tälimçisi Gahrymanberdi Çoňkaýew) baş baýraga mynasyp boldy. Bu toparyň ezber oýunçysy Kemal Geldiýew ýaryşyň «Iň ökde oýunçysy» diýlip yglan edildi. Bu ýaş derejesinde geçirilen bäsleşikde ikinji, üçünji orunlary degişlilikde «Odil Žunior» (Özbegistan) hem-de «Roýal» (Gazagystan) toparlary eýelediler.

Kämillik ýolundaky hemramyz

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwürmek ugrundaky ýadawsyz tagallalaryndan ruhlanyp, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary hem dürli sport bäsleşiklerine, bedenterbiýe-sagaldyş çärelerine işjeň gatnaşýar. Gullugyň edara binasynyň çäginde döwrebap sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan türgenleşik otaglarynyň bolmagy harby gullukçylaryň işden boş wagtlary sport bilen meşgullanmagyna uly mümkinçilikleri döredýär. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak diňe bir bedeni berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, harby gullukçylaryň alyp barýan işlerini has-da uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirmegine ýardam edýär. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlarynda netijeli çykyş edip, baýrakly orunlary eýeleýär. Her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly umumymilli sport ýaryşlarynda «Migrasiýa» woleýbol we futzal sport toparlary birnäçe ýyl bäri öňdäki orunlary eýeläp gelýär. Harby gullukçylarymyz sportuň basketbol, boks, ýeňil atletika, stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt, şaşka we beýleki görnüşleri bilen hem yzygiderli meşgullanýar.

Sport

Gyzgalaňly geçdi Mary şäherindäki 2-nji sport mekdebinde sportuň dzýu-do görnüşi boýunça Mary welaýatynyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ulularyň arasynda geçirilen ýaryşa etrap, şäher sport mekdepleriniň türgenleri gatnaşdylar.

«Napoli » 3 goragçyny düzümine goşdy

Italiýanyň «Napoli » topary Alessandro Buonjornony, Leonardo Spinazzolany hem-de Rafa Marini transfer etdi. Ýurduň başga bir kluby «Torinodan » transfer edilen merkezi goragçysy Alessandro Buonjorno üçin neapollylaryň kassasyndan 35+5 million ýewro çykar. «Napoli » topary 25 ýaşyndaky italýan goragçysy bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. «Torinoda » 109 oýun geçiren Buonjorno «Karpi » hem-de «Trapani » klublarynda- da kärendesine çykyş etdi. Buonjornony transfer etmek isleýän klub 70 million ýewro tölemeli bolar. «Napoli » topary «Roma » bilen şertnamasy tamamlanan çep gyraky goragçy Leonardo Spinazzolany tölegsiz transfer etdi. «Napoli » topary 31 ýaşyndaky italýan oýunçy bilen 2 ýyllyk şertnama gol çekişdi. Spinazzola karýerasyna «Ýuwentusda » başlap, «Empoli », «Siena », «Atalanta », «Wiçenza », «Peruja » ýaly klublarda- da oýnady. Tomsuň başynda Antonio Konteni tälimçilige bellän «Napoli » topary «Real Madridiň » merkezi goragçysy Rafa Marini hem 12 million ýewro transfer etdi. Geçen möwsümi «Alawesde » kärendesine geçiren 22 ýaşyndaky Marin italýan topary bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Angliýada Sautgeýtiň döwri tamamlandy

Futbol boýunça 17-nji Ýewropa çempionatynyň finalynda Ispaniýadan utulan Angliýanyň ýygyndysynyň tälimçisi Garet Sautgeýt wezipesini taşlady. Ol 8 ýyldan bäri topara tälim berip gelýärdi. Angliýanyň ýygyndysy onuň ýolbaşçylygynda Ýewropa çempionatynda 2 gezek finala çykdy. Ýöne 2-sinde hem ýeňlişe sezewar boldy. EURO 2020-de Londonda penaltileriň netijesinde Italiýadan asgyn gelen iňlisler EURO 2024-iň finalynda Berlinde Ispaniýadan 2–1 hasabynda ýeňildi. Angliýanyň ýygyndysy Sautgeýtiň tälimçiliginde Dünýä Kubogynda – 2018-nji ýylda ýarym finala, 2022-nji ýylda çärýek finala çykdy. Sautgeýt Angliýanyň ýygyndysyna 102 duşuşykda tälimçilik edip, ol 64 oýunda ýeňiş gazandy. 18 oýunda- da utulyp, 20 duşuşykda deňme- deň netije görkezdi. Ol Angliýanyň ýygyndysynda 100-den gowrak oýunda tälimçi bolan 3-nji şahsyýetdir. Garet Sautgeýtiň ornuna Anž Postekoglu, Grem Potter, Mauriso Poçettino, Eddi How, Tomas Tuhel, hatda Ýurgen Klopp ýaly belli tälimçileriň atlary agzalýar.

Çempionlar Ligasynda 2-nji saýlama tapgyra çykan toparlar belli boldy

UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy. Rumyniýanyň FKSB (ozalky «Stýaua») topary San Marinonyň «Wirtus » toparyny öz meýdançasynda uly hasap bilen ýeňdi. Buharestde garşydaşynyň derwezesinden jogapsyz 4 gol girizen rumynlar 1-nji oýunda 7–1 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Bolgariýanyň çempiony «Ludogores Razgrad » topary gruzinleriň «Dinamo Batumi » toparyny ýaryşdan çykardy. Öz meýdançasynda 3–1 hasabynda ýeňiş gazanan razgradlylar myhmançylykda 1–0 hasabynda asgyn gelse- de, ýaryşy dowam etdirerler. Taryhlarynda ilkinji gezek milli çempionatyň çempionlygyny gazanan 2 toparyň duşuşygynda Moldowanyň «Petrokub Hynçeşti » topary Gazagystanyň «Ordabasy » toparyndan 2 oýnuň netijesi boýunça artykmaçlyk gazandy. Myhmançylykda golsuz deňme- deň oýnan moldowanlar Kişinewde Lungunyň ýeke- täk goly esasynda ýeňşini baýram etdi. 2-nji saýlama tapgyryň 1-nji duşuşyklary 23–24-nji iýulda, jogap oýunlary- da 30–31-nji iýulda oýnalar. 1-nji saýlama tapgyryň netijeleri: «Struga » (D. Makedoniýa) — «Slowan Bratislawa » (Slowakiýa): 1–2, 2–4; «Deçiç » (Garadag) — «Nýu Seýnts» (Uels): 1–1, 0–3; «Egnatiýa » (Albaniýa) — «Boras Banýa Luka » (Bosniýa): 2–1 (g.w.) 1–4 p, 0–1; «Linkoln Red Imps» (Gibraltar) — «Hamran Spartans » (M

«M. Ýunaýted » ýaş hüjümçini transfer etdi

Angliýanyň «Mançester Ýunaýted » topary geçen möwsümde «Serie A»-ny 5-nji orunda tamamlan «Bolonýanyň » ýaş hüjümçisi Joşua Zirkzeni transfer etdi. Iňlis kluby niderland oýunçynyň transfer tölegi hökmünde italýan klubuna 42,5 million ýewro berer. Mankunianlar 21 ýaşyndaky hüjümçi bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. «Bolonýa » topary professional karýerasyna «Bawariýada » başlan Zirkzeniň transferinden gazanylan puluň 50 göterimini münhenlilere berer. Zirkze «Bolonýanyň » düzüminde «Serie A»- da 53 oýunda 13 gol geçirdi. Italiýanyň çempionaty «Serie A»-da 21 ýyldan soň çykyş etjek «Komo » topary ispaniýaly meşhur derwezeçi Hoze Pepe Reinany transfer etdi. Geçen möwsümi «Wilýarrealda » geçiren 41 ýaşyndaky Reina italýan kluby bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Reina mundan öň «Serie A»- da «Napoli », «Milan » hem-de «Lasio » klublarynyň hem köýnekçesini geýipdi. «Komo » topary Reinadan ozal, «Romadan » Andrea Bellottini hem transfer edipdi. Portugaliýanyň «Benfika » topary Niderlandlaryň «AZ Alkmaar » toparynyň gresiýaly hüjümçisi Wangelis Pawlidisi düzümine goşdy. Portugal kluby 25 ýaşyndaky hüjümçi bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Pawlidisiň transferi üçin lissabonlylar AZ toparyna 18+2 million ýewro tölär. Pawlidis geçen möwsümde 46 oýunda 3

Loran Blan arap klubuna tälim berer

Fransiýaly belli tälimçi Loran Blan Saud Arabystanynyň «Al Ittihad » toparyny türgenleşdirer. Jidda şäheriniň wekili 58 ýaşyndaky tälimçi bilen 2+1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Soňky gezek «Lion » toparyna tälim beren Blan ýurdunda «Bordo », PSŽ hem-de Kataryň «Al Raýýan » klublarynyň şol sanda Fransiýanyň ýygyndysynyň tälimçisi bolupdy. Benzema, Kante, Fabinio ýaly oýunçylaryň çykyş edýän «Al Ittihad » toparyny geçen möwsüm argentinaly Marselo Galýardo türgenleşdiripdi. Metbugatda «Al Ittihad » toparyna «Milan » bilen şertnamasy tamamlanan Stefano Pioliniň hem tälimçi boljakdygy barada habarlar çykypdy

«Inter » 2 ýyldyz oýunçyny tölegsiz

Italiýanyň çempiony «Inter » topary düzümine 2 sany ýyldyz oýunçyny tölegsiz goşdy. Milan şäheriniň wekili ilki «Napoli » bilen şertnamasy tamamlanan polşaly Piotr Zielinskini transfer etdi. 30 ýaşyndaky futbolçy öňümizdäki 4 ýylyny «Inter » toparynda geçirer. Ol «Interiň » taryhyndaky ilkinji polýak futbolçydyr. 2012-nji ýylda «Udinezede » futbola başlan Zielinski 2 möwsüm «Empolide » oýnady. 2016-njy ýyldan bäri «Napolide » çykyş edip gelýän Zielinski neapollylaryň düzüminde 8 möwsümde 364 oýunda 51 gol geçirdi. Şeýle- de, «Inter » topary eýranly hüjümçi Mehdi Taremini hem tölegsiz transfer etdi. «Porto » topary bilen şertnamasy tamamlanan 31 ýaşyndaky Taremi öňümizdäki 4 ýyl «Interde » oýnar. Taremi «Porto » klubunda 4 möwsümde 182 oýunda 91 gol geçirdi. Taremi ýurdunyň «Şahin », «Iranjawan », «Persopolis », Kataryň «Al-Garafa » hem-de Portugaliýanyň «Rio Awe» klublarynyň köýnekçesini geýdi. Ol Eýranyň ýygyndysynda 85 duşuşykda 50 goly derwezä girizdi.

Mbappeüçin 80 müň janköýer ýygnandy

Ençeme ýyldan bäri Kilian Mbappeniň «Real Madride » transfer boljakdygy barada habarlaryň şaýady bolan janköýerler ýaz aýlarynda fransiýaly oýunçynyň ispan toparyna geçýändigini resmi ýagdaýda öwrenipdiler. Ine, bu günki gün bolsa, şol habar ahyry hakykat ýüzünde öz beýanyny tapdy. Kilian Mbappeniň 16-njy iýulda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasy uly şowhuna beslendi. Fransiýaly futbolçy özüni 5 ýyllap «Real Madridiň » oýunçysy bolmaga ygtyýar berýän şertnama gol çekdi. Onuň näçe hak aljakdygy häzirlikçe resmi taýdan mälim edilmedi. Ýöne ispanlaryň «Marca» gazetinde çykan habarlara görä, Kilian Mbappe «Real Madrid » bilen şertnama baglaşany üçin 100–115 million ýewro alar (5 ýylyň dowamynda). Oýunçynyň ýyllyk gazanjy salgytlardan saplanan görnüşde azyndan 15 million ýewro bolar. Şeýlede, imijlerden geljek gazanjyň 60–80 göterimi- de futbolçynyň özüne galar. «Altyn top», şol sanda gazanyljak her kubok üçin hem goşmaça tölegler ediler. 80 müň futbol janköýeriniň gatnaşan dabarasynda klubuň prezidenti Florentino Perez fransiýaly oýunça ýüzlenip: — Öz öýüňe hoş geldiň! Bu kluba geleniň üçin köp sagbol!. 18 ýaşyňda Dünýä Kubogyny gazandyň. Bu klub global klub. Bu stadionda bilelikde taryhy ýeňişlere şaýat bolduk. Bu stadion dünýäniň iň ökde

137-nji «WIMBLEDON»

Alkaras ýene -de Jokowiçi ýeňlişe sezewar etdi Tennis boýunça möwsümiň 3-nji «Uly tuwalga » ýaryşy tamamlanyp, erkekleriň arasynda çempion üýtgemedi. Zenanlarda- da çempionyň ady üýtgese- de, ýurdy üýtgemedi. 137-nji gezek (zenanlaryň arasynda 130-njy) geçirilen dünýäniň iň gadymy tennis ýaryşynda baýrak gaznasy bu ýyl üçin 50 million funt sterling diýlip kesgitlenipdi. Ýeňijileriň hersine aýratynlykda 2,7 million funt sterling pul baýragy berildi. Finalçylara 1,4 million funt sterling gowşuryldy. Londondaky merkezi kortda geçirilen finalda ispaniýaly Karlos Alkaras çempionlygyny goramagy başardy. Ol geçen ýylyň gaýtalanan finalynda ýene- de serbiýaly Nowak Jokowiçi ýeňlişe sezewar etdi. Bu gezek 3 setde güýçli garşydaşyny ýeňen Alkarasa 1-nji we 2-nji setlerde ýeňiş gazanmak kyn düşmedi. 6:2 hasaplar bilen ýeňiş gazanan Alkarasa 3-nji setde üstün çykmak ýeňil düşmedi. Ol 10-njy oýunda iň soňky utugy ençeme synanyşykda alyp bilmän, netijede set 6:6 boldy we taý-brekde 7:4 üstün çykyp, seti 7:6 öňde tamamlady. Şeýlelikde, 3:0 hasabynda ýeňiş gazanan Alkaras bassyr 2-nji gezek «Wimbledon »-da ýeňiji boldy. Ol geçen ýyl hem Jokowiçi 5 setde 3:2 hasabynda utupdy. Bu çempionlyk Alkarasyň «Uly tuwalgalardaky » 4-nji çempionlygydyr. Ol 35 gün öň «Fransiýa Açykda », 202

Ýewropada Ispaniýa, Günorta Amerikada Argentina çempion – ikisi-de rekord goýdy

Futbol boýunça 17-nji Ýewropa çempionaty Ispaniýanyň ýygyndysynyň çempionlygy bilen tamamlandy. Germaniýanyň paýtagty Berlindäki «Olympiastadion »-da oýnalan finalda Ispaniýanyň ýygyndysy bilen Angliýanyň ýygyndysy duşuşdy. Çekeleşikli we dartgynly, gyzykly geçen oýnuň 1-nji ýarymynda bellärlikli howply pursat bolmady we golsuz tamamlandy. Ýöne 2-nji ýaryma ispanlar gol bilen başlady. 47-nji minutda Lamin Ýamalyň pasyndan soň owadan urgy bilen Niko Williams hasaby açdy. Iňlisler bu gola 73-nji minutda jogap berdi. Oýna soň giren Koul Palmer Jud Bellingamyň pasynda topy ýerden, takyk urgy bilen derwezä girizdi. Şondan soň Moratanyň ornuna Oýarzabaly oýna girizen De La Fuenta bu çalşygyň miwesini çempionlyk bilen aldy. Duşuşygyň 86-njy minutynda Kukurelýanyň beren pasynda topy derwezä girizen Oýarzabal ispanlara çempionlyk gazandyran oýunçy boldy. Duşuşygyň soňky minutlarynda ilki Unaý Simon, soňra topy derwezäniň çyzygynyň üstünde duran Dani Olmo ispanlary goldan halas etdi. Duşuşyk 2-1 hasabynda Ispaniýanyň ýygyndysynyň peýdasyna tamamlandy. Şunlukda, Ispaniýanyň ýygyndysy 4-nji gezek Ýewropanyň çempiony bolup (1964, 2008, 2012, 2024), yklymyň iň köp çempionlyk gazanan topary bolmagy başardy. Sanlar, statistikalar, hasabatlar Ispaniýanyň ýygyndysy Ýewropa çempionatynda 7 oýnuň

Küşt boýunça welaýat birinjiligi geçirildi

Küşt boýunça erkekleriň arasynda welaýatymyzyň birinjiligi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň çempionatynyň birinji ligasyna wekilçilik edýän küştçüleriň 112-si gatnaşdy. Olaryň arasynda türkmenabatly küştçülerden başga-da Çärjew, Dänew we Halaç etraplaryna wekilçilik edýän küştçüler hem bar. Gyzykly geçen duşuşyklaryň netijesinde Türkmenabat şäherinden Ilhan Çaryýew welaýatymyzyň çempiony bolmagy başardy. Tejribeli tälimçi Güljahan Öwlýakulyýewanyň şägirdi geçiren duşuşyklarynda garşydaşlarynyň ählisinden üstün çykdy.