Kämillik ýolundaky hemramyz

19 Iýul 2024
216

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwürmek ugrundaky ýadawsyz tagallalaryndan ruhlanyp, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary hem dürli sport bäsleşiklerine, bedenterbiýe-sagaldyş çärelerine işjeň gatnaşýar. Gullugyň edara binasynyň çäginde döwrebap sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan türgenleşik otaglarynyň bolmagy harby gullukçylaryň işden boş wagtlary sport bilen meşgullanmagyna uly mümkinçilikleri döredýär. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak diňe bir bedeni berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, harby gullukçylaryň alyp barýan işlerini has-da uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirmegine ýardam edýär.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlarynda netijeli çykyş edip, baýrakly orunlary eýeleýär. Her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly umumymilli sport ýaryşlarynda «Migrasiýa» woleýbol we futzal sport toparlary birnäçe ýyl bäri öňdäki orunlary eýeläp gelýär. Harby gullukçylarymyz sportuň basketbol, boks, ýeňil atletika, stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt, şaşka we beýleki görnüşleri bilen hem yzygiderli meşgullanýar.

Myrat NURBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.
Beýleki habarlar