Mbappeüçin 80 müň janköýer ýygnandy

19 Iýul 2024
182

Ençeme ýyldan bäri Kilian Mbappeniň «Real Madride » transfer boljakdygy barada habarlaryň şaýady bolan janköýerler ýaz aýlarynda fransiýaly oýunçynyň ispan toparyna geçýändigini resmi ýagdaýda öwrenipdiler. Ine, bu günki gün bolsa, şol habar ahyry hakykat ýüzünde öz beýanyny tapdy. Kilian Mbappeniň 16-njy iýulda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasy uly şowhuna beslendi. Fransiýaly futbolçy özüni 5 ýyllap «Real Madridiň » oýunçysy bolmaga ygtyýar berýän şertnama gol çekdi. Onuň näçe hak aljakdygy häzirlikçe resmi taýdan mälim edilmedi. Ýöne ispanlaryň «Marca» gazetinde çykan habarlara görä, Kilian Mbappe «Real Madrid » bilen şertnama baglaşany üçin 100–115 million ýewro alar (5 ýylyň dowamynda). Oýunçynyň ýyllyk gazanjy salgytlardan saplanan görnüşde azyndan 15 million ýewro bolar. Şeýlede, imijlerden geljek gazanjyň 60–80 göterimi- de futbolçynyň özüne galar. «Altyn top», şol sanda gazanyljak her kubok üçin hem goşmaça tölegler ediler. 80 müň futbol janköýeriniň gatnaşan dabarasynda klubuň prezidenti Florentino Perez fransiýaly oýunça ýüzlenip: — Öz öýüňe hoş geldiň! Bu kluba geleniň üçin köp sagbol!. 18 ýaşyňda Dünýä Kubogyny gazandyň. Bu klub global klub. Bu stadionda bilelikde taryhy ýeňişlere şaýat bolduk. Bu stadion dünýäniň iň ökde futbolçylarynyň mekanyna öwrülmegini dowam eder — diýdi. Mbappe bolsa özüniň çagalyk arzuwyna ýetendigini aýdyp: — Arzuwym «Real Madridiň » düzümine goşulmakdy. Ýene bir arzuwym dünýäniň iň uly klubuna laýyk futbolçy bolmak. Munuň üçinem elimden gelenini gaýgyrmaryn — diýdi. Toparyň ozalky futbolçysy hem-de tälimçisi Zinedin Zidan hem dabara gatnaşdy. Mbappeniň resmi ýagdaýda «Real Madridiň » oýunçysy bolan ilkinji gününde ýyldyz oýunçynyň 7 müň köýnekçesiniň janköýerler tarapyndan satyn alnandygy habar berildi. 100–195 ýewro aralygyndaky bahalardan satyn alnan köýnekçeleriň satuwyndan ilkinji günde klub azyndan 800 müň ýewro girdeji gazandy.

Beýleki habarlar