«Napoli » 3 goragçyny düzümine goşdy

19 Iýul 2024
171

Italiýanyň «Napoli » topary Alessandro Buonjornony, Leonardo Spinazzolany hem-de Rafa Marini transfer etdi. Ýurduň başga bir kluby «Torinodan » transfer edilen merkezi goragçysy Alessandro Buonjorno üçin neapollylaryň kassasyndan 35+5 million ýewro çykar. «Napoli » topary 25 ýaşyndaky italýan goragçysy bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. «Torinoda » 109 oýun geçiren Buonjorno «Karpi » hem-de «Trapani » klublarynda- da kärendesine çykyş etdi. Buonjornony transfer etmek isleýän klub 70 million ýewro tölemeli bolar. «Napoli » topary «Roma » bilen şertnamasy tamamlanan çep gyraky goragçy Leonardo Spinazzolany tölegsiz transfer etdi. «Napoli » topary 31 ýaşyndaky italýan oýunçy bilen 2 ýyllyk şertnama gol çekişdi. Spinazzola karýerasyna «Ýuwentusda » başlap, «Empoli », «Siena », «Atalanta », «Wiçenza », «Peruja » ýaly klublarda- da oýnady. Tomsuň başynda Antonio Konteni tälimçilige bellän «Napoli » topary «Real Madridiň » merkezi goragçysy Rafa Marini hem 12 million ýewro transfer etdi. Geçen möwsümi «Alawesde » kärendesine geçiren 22 ýaşyndaky Marin italýan topary bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Beýleki habarlar