"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Kitap ― okuwçylaryň ýakyn dosty

Okuwçylarymyzyň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak maksady bilen mekdebimizde bäsleşikleri ýygy-ýygydan geçirmeklik asylly däbe öwrüldi. Şeýle bäsleşikleriň birini üstümizdäki aýda hem geçirdik. Bäsleşige mekdebimiziň okuwçylarynyň isleg bildirenleriniň her biri gatnaşyp bilýär. Onuň netijesinde mekdep kitaphanasy bilen iň ýakyn aragatnaşykda bolýan okuwçylarymyz kesgitlenildi. Şeýle hem mekdebimiziň kitaphanaçysy Salamat Hudaýberdiýewanyň, başlangyç synp mugallymlarymyz Şaseýit Taňryberdiýewiň we Mamajan Hemraýewanyň gatnaşmaklarynda okuwçylaryň okan kitaplary bilen bagly sowal-jogap görnüşindäki bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik okuwçylaryň çeper edebiýata ýakyn durup, esasan hem, Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan syzylyp çykan kitaplary uly höwes bilen okaýandyklaryny görkezdi.

Sanly bilim portaly - mümkinçilikleriň ulgamy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär, ýaşlar döwrebap bilim alýarlar. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär, bilim ulgamynda döwrebap özgertmeleri durmuşa geçirýär. Häzirki täze taryhy eýýamda ýurdumyzy ösdürmegiň milli nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunda iň döwrebap ugurlar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri ylmy esasda öwrenilýär. Bu wezipäni durmuşa geçirmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýaşlara döwrebap bilim bermegiň aýdyň ugurlary kesgitlendi. Şeýle hem bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alynýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlarymyzyň bilimli bolup ýetişmegi üçin dünýä ylmynda gazanylan iň täze, döwrebap tehnologiýalar bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Türkmenistanda bilim ulgamyny ösen döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda iň täze, döwrebap kompýuter tehnologiýalary, multimedia ulgamlary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw

“Ynsan akyllysy dil öwrener”

Bedew batly ösüşleri özüne hemra edinip, baky berkararlyk ýolundan barha öňe barýan  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda durmuşyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, bilim-ylym ulgamynda hem dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar. Watansöýüji, halal, intellektual derejesi ösen, bäsleşige ukyply, daşary ýurt dillerini kämil bilýän hünärmenler bu günki gün ýurdumyzyň bagtyýar geljeginiň kepili bolup durýar. Şu maksatdan ugur alyp, döwletimizde kabul edilýän bilim, ylym babatdaky Kanunlar, Permanlardyr kararlar, maksatnamalar, şeýle-de “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdurmegiň Konsepsiýasy”, “Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” hem-de “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” ýaly resminamalar innowasion ösüşe ýardam etjek kämil hünärmenleri taýýarlamagyň kanuny binýadyny berkidýär. Daşary ýurt dillerini öwrenmek ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha berkeýän, halkara hyzmatdaşlygynyň giň gerime eýe bolýan döwründe has-da uly ähmiýete eýe bolýar. Ol diňe birek-birek bilen düşünişmek, aragatnaşyk serişdesi bolmak hyzmatyny amal etmän, eýsem depginli ösüş gazanmagyň hem möhüm ugruna öwrülýär. Aslynda, her bir halkyň geçmiş taryhyna, ruhy mirasyn

Mekdep okuwçylarynyň üstünligi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde ýaşlary ýagty ertirlere ruhlandyrýan, olaryň nurana geljegini berkarar etmäge gönükdirilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu günki gün ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky ösüşler aýdyňlygy bilen görünýär. Munuň şeýledigini halkara ders bäsleşiklerine gatnaşýan mekdep okuwçylarynyň üstünlikli çykyş edip, baş baýraklara, altyndyr bürünç medallara mynasyp bolmaklary hem subut edýär. Şeýle halkara bäsleşikleriň biri 18 — 25-nji fewral aralygynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda iňlis dili dersi boýunça geçirildi. Dünýäniň 50 döwletinden müňden gowrak mekdep okuwçysynyň gatnaşmagynda kiçi, orta we uly ýaş toparlarynda 6 ugur boýunça geçirilen halkara bäsleşik çekeleşikli boldy. Oňa ýurdumyzdan jemi 15 okuwçy gatnaşyp, 10 sany baş baýraga, 6 sany altyn medala, 5 sany kümüş medala, 11 sany bürünç medala mynasyp boldular.

Bilimli il ozar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmak, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini kämilleşdirmek babatda uly özgertmeler amala aşyryldy we üstünlikli dowam etdirilýär. Milli bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine çykarylmagy ýurdumyzda toplumlaýyn wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär. Ata Watanymyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim ulgamynda baý tejribe toplanyldy. Iň täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalary, çagalar baglary we çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleri gurulýar. Halkara guramalar, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen ýokary derejeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegi döwletimizde bilim ulgamyny düýpli özgertmäge aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, mekdepleriň okuw tertipnamasyna düýpli täzelikler girizildi. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti ýaly baş

Döredijilik dünýäsiniň ýaş zehini (Siziň deň-duşuňyz)

Biziň tanyşdyrjak ýaşajyk zehinlerimiziň biri Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Aýnur Annamyradowa. Ol has kiçiliginden bäri döredijilik, şol sanda surat çekmek, goşgy ýazmak bilen meşgullanýar, dürli bäsleşiklere gatnaşýar. Diňe bir gatnaşmak bilen çäklenmän, eýýäm birnäçe bäsleşikde ýeňiji hem boldy. Kitap — arzuwyňy hasyl ediji güýç. Kitap şeýle bir mugallym: ol çykgynsyz güne düşülende, özüň ýaly gahrymanlaryň üsti bilen saňa kömege gelýär, sözleýiş medeniýetiňi, söz baýlygyňy artdyrýar... Ýaşlykdan kitaby özüne dost tutunanlar geljekde durmuş ornuny, kesp-kärini, dost-ýaryny saýlamakda ýalňyşmaýarlar. Gürrüňini etmekçi bolýan zehinli gyzjagazymyz hem şeýle. Ol eýýäm ençeme ýazyjy-şahyrlaryň döredijiliginden, kitaplaryndan habarly.

Sizi bular gyzyklandyrýarmy?

SAÇYMYZA ÝELMEŞEN SAKGYJY NÄDIP AÝYRMALY? Çagalyk döwrümiziň aýrylmaz bölegi bolan sakgyç käte saý-sebäp bilen saçymyza ýelmeşýär. Şeýdibem agşam sakgyjy aýyrman uklap galýan çagalar irden turanlarynda onuň saçyna ýelmeşendigini görüp, öýündäkilere iş bolýarlar. Şeýle ýagdaýda alada galyp durmagyň geregi ýok. Saçyň sakgyç ýelmeşen ýerini islendik görnüşli ösümlik ýagy bilen ýumşatmaly we daramaly. Şonda sakgyç ýeňillik bilen saçyňyzdan aýrylar. Emma indikiňizde ägä boluň!

Programmaçy bolasym gelýär (Kim bolasyň gelýär?)

Enem şeýle bir ussatlyk bilen kilim dokardy. Ene-mamalarymyzyň döreden bu ajaýyp mirasyna bolan höwesiň döremegine enemiň kilim baradaky berýän gürrüňleridir rowaýatlary sebäp boldy. Bu inçe sungat baradaky has giňişleýin maglumata internet çeşmelerinde hem gabat gelmedim. Şeýlelikde, mende ýene bir: programmaçy bolup, sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly milli mirasymyz bilen dünýä halklaryny tanyşdyrmak islegi döredi. Diňe bir kilim dokamagy öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň döreýiş taryhy, gadymky nusgalary, türki halklardaky gabat gelýän görnüşleri, milli we sebitara nagyş aýratynlyklary, dokalyş usullary, gerekli serişdeleri we enjamlary, hatda «kilim» sözüniň gelip çykyşy barada oba adamlarynyň gürrüňleri, tejribeleri arkaly köp maglumatlary topladym. Bu işi has-da çuňlaşdyryp, içgin öwrenmek maksady bilen, mugallymyma ilkinji ylmy taslamamy teklip etdim hem-de onuň üstünde işläp başladym. Ýokarda agzalan aýratynlyklary, gelin-gyzlara kilim dokamagy ylmy nukdaýnazardan öwredýän programmanyň döredilmegini maksadalaýyk hasapladym hem-de bu işimi 10-11-nji synp mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän taslama bäsleşigine hödürledim. Taslamam etrap derejesinde 1-nji orna, welaýat derejesinde bolsa 2-nji orna mynasyp boldy. Mundan daşary, «Altyn asyryň altyn zehinleri» at

Mähriban çagalar, suratlardaky 9 tapawudy tapyň!

Terjimeler dünýäsi: Ýaş­lar nä­hi­li eserleri oka­ma­gy ha­la­ýar­lar?

Aýjahan ANNABAÝEWA,«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň bölüm redaktory:

Çaga terbiýesine bagyşlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, welaýat häkimliginiň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda «Çagalara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda öňdebaryjy iş tejribäni öwrenmek we ýaýratmak, halypaçylyk işlerini netijeli guramak boýunça alnyp barylýan usuly işleri kämilleşdirmegiň ýollary» atly usuly-amaly maslahat geçirildi. Türkmenbaşy şäherindäki 32-nji çagalar bakja-bagynda geçirilen usuly-amaly maslahata gatnaşyjylar kenarýaka şäherdäki mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdiler. Welaýatymyzdaky mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň, şeýle hem bilim işgärleriniň öňdebaryjy iş tejribesi esasynda  taýýarlanan okuw-görkezme esbaplarynyň we usuly işleriniň sergisi bu möhüm çärä gatnaşanlarda uly gyzyklanma  döretdi.

Bilimli ýaşlar — ýurduň guwanjy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň zehin-başarnyklaryny artdyrmak, olary ylma, döredijilige höweslendirmek babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şol işleriň çäginde şu ýylyň mart aýynda Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasyny, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda IV Açyk halkara matematika olimpiadasyny, aprel aýynda bolsa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplaryň arasynda II Açyk halkara informatika olimpiadasyny hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary» atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergini guramak meýilleşdirilýär. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz 2-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde agzalan halkara bäsleşikleri we çäreleri ýokary derejede, guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şoňa laýyklykda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde-de şu ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda II Açyk halkara informatika olimpiadasyny (OIOIUS-2024) hem-de onuň

Türkmen ýaşlary ýapon dilini gowy özleşdirýärler

Ösen ýurtlarda birden köp dili bilmek altyna maýa goýmak bilen barabar görülýär. Birden köp dilde gürläp bilýän bolsaňyz, maglumatlary umumylaşdyrmak arkaly beýleki daşary ýurt dillerini aňsatlyk bilen öwrenip bolýar. Ykdysady ösüşiň depginini çaltlandyrmak, bäsleşige ukyply bolan önümleri öndürmek üçin zehinli, iş başarjaň ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek döwrüň öňde goýýan möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Ine, şonuň üçin-de Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň okuw maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysady, ylym, bilim, senagat kuwwatyny dünýä derejelerine ýetirmekde zerur bolan ugurlar we hünärler boýunça bilim berilýär.

Türkmen ýaşlary ýapon dilini gowy özleşdirýärler

Ata Watanymyzyň täze taryhy döwrüniň şöhratly sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanýan günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykmagy ähli halkymyzy, aýratyn hem ýaşlarymyzy buýsandyran taryhy waka boldy. Bu kitabyň ýapon diline-de terjime edilmegi Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň barha işjeň häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ýapon dilini öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde bolsa, ýapon dili içgin öwrenilýär. Sapaklaryň ýapon dilinde geçilmegi häzirki zaman tehnologiýalaryndan giňden peýdalanylmagy dostlukly dili özbaşdak özleşdirip, çalt öwrenmegimize oňyn täsir edýär. Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary Ýaponiýada dürli ders bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolup gelýärler.

Okuwçylara halk döredijiligini öwretmegiň ähmiýeti

Mukaddes bilim ojagy bolan mekdepde okuwçylara bilim öwretmek, terbiýe bermek asylly ýörelgedir. Häzirki ajaýyp döwrümizde orta mekdeplerde okatmagyň döwrebap usullaryndan peýdalanylýar, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berilýär. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesilleriň bilim öwrenmeklerine, dünýägaraýyşlarynyň has-da ösmegine oňat täsir edýär. Okuw sapaklarynyň has-da täsirli bolmagy, okuwçylaryň maglumatlary ýeňillik bilen özleşdirmegi we uzak wagtyň dowamynda ýatda saklamagy, ilkinji nobatda, mugallymyň ussatlygyna bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem, her bir sapaga taýýarlykly gelmek, okuwçylaryň ünsüni çekmek, okatmagyň döwrebap usullaryny durmuşa ornaşdyrmak asylly maksatlarymyzdyr. Başlangyç synp okuwçylaryny okatmak bilen, ýaş nesliň bilim binýadynyň berk bolmagy üçin alada edýärin, olara harplary tanamagy, labyzly okamagy öwredýärin. Şunda üçünji synpda ene dili sapagy geçilýär, okuwçylara dil hakynda düşünjeler berilýär, labyzly okamak öwredilýär. Ene dili sapagynda halk döredijiligi hakynda hem düşünje berilýär. Okuwçylara halkymyzyň döreden gymmatlyklaryna halk döredijiligi diýilýändigini düşündirýärin.

Çagalar biziň geljegimizdir

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesillere aýratyn üns berilýär, olaryň sagdyn ösmegi, giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda çagalar baglarynda hem uly işleriň alnyp barylýandygyny belläsimiz gelýär. Çünki ýaş nesilleri bilim öwrenmäge taýýarlamak, olarda ilkinji düşünjeleriň kemala gelmegini ýola goýmak çagalar baglaryndan başlanýar. Durmuşa geçirilýän bu asylly işler geljekki ösüşlerimiziň binýady bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim edaralaryna ylmyň iň täze gazanan tehnologiýalary ornaşdyrylýar, sanly bilimiň ösüşine uly ähmiýet berilýär. Munuň özi ýaş nesle döwrebap bilim öwretmekde, kämil usullary durmuşa ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň aň-düşünjesiniň ösmegi, oňat dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň üçin hem bu ugurda terbiýeçileriň iş alyp barmaklaryna, körpeleri döwrebap terbiýelemeklerine ähli mümkinçilikler bar.

Ulaglar boýunça bilim alýan talyplar gämide tejibelik geçýärler

Şu günler Türkmenistanyň Inženerçilik-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň we Türkmenbaşy şäheriniň Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplary «Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýetiniň «Çarlak» ýolagçy gämisinde tejribelik geçýärler. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň saýtynda habar berilýär. «Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýetiniň kapitanlary talyplara tälim berýärler, gämini dolandyrmak boýunça bilimlerini we başarnyklaryny paýlaşýarlar, şeýle hem ýolagçylara hyzmat etmegiň düzgünleri bilen tanyşdyrýarlar. Ýaş deňizçiler geljekki hünärmenlerdir. Olar ýene birnäçe ýyldan Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary ulgamynda yhlasly zähmet çekerler we alan nazary bilimlerini iş ýüzünde peýdalanarlar.

Bilim ulgamy: belent sepgitleri nazarlap

Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde 2023-nji ýylyň jemleri jemlenilip, şu ýylda öňde duran derwaýys wezipeler kesgitlenildi. Ýurdumyzyň bilim ulgamy hem döwrebap bilimli ýaş nesilleri, milli ykdysadyýetiň ähli ugurlary üçin hünärmenleri taýýarlaýan ulgam hökmünde ösüşlere mynasyp goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzda çagalaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, ýaş nesilleriň ukyplaryny, başarnyklaryny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işlerini kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl 5360 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1200 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigi has-da guwandyryjydyr. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen 2023-nji ýylda bilim ulgamynda gazanylan tejribelerdir ýetilen sepgitler öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmegiň möhüm çelgisi bolup durýar.

Ylym — egsilmez hazyna

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, dünýä tejribelerinden oňat baş çykarýan ýaşlary ýetişdirmek babatda taýsyz tagallalar edilýär. Ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijelerini hem berýär. Şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beýan edilen maglumatlardan görnüşi ýaly, geçen ýyl ylymly-bilimli nesilleri terbiýelemäge, bilim işini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Okuwçy we talyp ýaşlar halkara bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, jemi 826 medal gazandylar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlisde ýurdumyzda çagalaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işlerini kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny ösen halkara tejribä laýyklykda yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigi bellenildi. Şeýle hem «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýylda 5360 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1200 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup, ulanmaga bermeg

Mekdep okuwçylarynyň arasynda

Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepde welaýat Baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Balkanabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdepleriň 9 — 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Şirin dilli ussadymyz Magtymguly Pyragy» atly bäsleşik geçirildi. Oňa gatnaşan mekdep okuwçylary bäsleşigiň şertine görä, «Şirin dilli ussadymyz Magtymguly Pyragy» diýen temadan öz içki duýgularyny çeper sözde beýan etdiler. Akyldar şahyrymyza bagyşlap düzen goşgularyny okap berdiler. Şahyryň şygyrlarynda duş gelýän köne sözleriň manysyny düşündirdiler. Onuň ömrüne we döredijiligine degişli düzülen soraglara jogap ýazdylar. Bäsleşikde Balkanabat şäherindäki 23-nji orta mekdebiň okuwçysy Göwher Şyhberdiýewa, 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Rahymmyrat Maksatmyradow, 31-nji orta mekdebiň okuwçysy Şährizada Seýidowa birinji, şol mekdebiň okuwçysy Züleýha Batyrowa, 3-nji orta mekdebiň okuwçysy Nurgül Orazgeldiýewa ikinji, 20-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýläle Gurbanowa, 25-nji orta mekdebiň okuwçysy Gurbanmyrat Galpakow üçünji orunlara mynasyp boldular.