"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň binagärlik täsinlikleri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşmagynda möhüm ähmiýetli halkara çäreler geçiriler. Biz hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň binagärlik täsinlikleri bilen okyjylarymyzy tanyşdyrmagy makul bildik. «Han çadyry» söwda merkezi

Dostlukly ýurduň paýtagty Duşenbe

Meşhur meýdança Täjigistanyň paýtagty Duşenbäniň iň meşhur ýerleriniň biri «Dostluk» meýdanydyr. 1930-njy ýylda gurluşygyna başlanan bu meýdança geçen ýyllarda dürli atlar bilen tanalypdyr. Ol 1997-nji ýylda häzirki «Dostluk» adyna eýe bolýar. Meýdançada 1991-nji ýylda Gündogaryň belli şahyry Ferdöwsiniň heýkeli oturdylýar. 1999-njy ýylda meýdançada düýpli abatlaýyş işleri geçirilýär. Şol ýyl Samanylar döwletiniň 1100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli bu ýerde Orta asyr Gündogar edebiýatyna howandarlyk eden şahsyýet, emir Ysmaýyl Samanynyň ýadygärligi oturdylýar. Bu meýdançadaky ýadygärlikler täjik halkynyň milliligini şöhlelendirýän özboluşly gymmatlyk bolup durýar.

Sergin howaly künjekde

«Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezi Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesinde ýerleşýär. Tebigatyň bu gözel künjegindäki merkez mekdep okuwçylarynyň tomusky hem gyşky dynç alyş möwsümlerinde uly ruhubelentlige beslenýär. Şu günler gürrüňi edilýän merkezde dynç alýan çagalaryň şadyýan gülki sesleri has hem buýsançly ýaňlanýar. 2015-nji ýylda açylyp ulanylmaga berlen bu merkez welaýatyň çagalarynyň iň söýgüli mekanyna öwrüldi. Her tapgyrda 300 çaganyň dynç alyp, wagtyny hoş geçirmegi üçin ýokary derejedäki mümkinçilikleriň bolmagy bagtyýar nesillerde guwanç duýgusyny döredýär.

Awaza hakynda aýdym

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 6-7-nji iýulynda ýurdumyzyň Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolup, ol ýerde dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depgini bilen tanyşdy. Häzirki wagtda milli Liderimiziň üns-aladasy bilen bu ýerde ajaýyp künjek — döwrebap syýahatçylyk şäherjigi kemala geldi: köp sanly ýokary derejeli myhmanhanalar, çagalar we uly adamlar üçin niýetlenen sagaldyş-dynç alyş merkezleri, kottejlerdir seýilgäh-dynç alyş toplumlary peýda boldy. Netijede, Awaza dünýä derejesindäki şypahana, dynç alyş, syýahatçylyk hem-de halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edildi.

Türk­men sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň tä­ze sep­git­le­ri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar. Bedew bady bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikler, eýelenýän belent sepgitler bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynda gazanylýan ösüşler hem dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni ýurdumyza gönükdirýär. Her bir ýurt üçin syýahatçylyk pudagy möhüm ulgamlaryň biri bolup durýar. Çünki haýsy ýurtda syýahatçylyk ösen bolsa, şol ýurduň ruhy we medeni gymmatlyklarynyň, ählumumy ösüşleriniň halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredip, döwletiň abraý-mertebesiniň Ýer ýüzünde has-da belende galmagynda wajyp ähmiýete eýe bolýar. Şol bir wagtda bolsa bu pudagyň ösüşleri, elbetde, ýurduň ykdysady taýdan hem berkemeginde wajyp orun eýeleýär. Hut şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz turuwbaşdan güneşli Diýarymyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, syýahatçylyk pudagyny hem ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Bu ugurda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler bolsa özüniň giň gerimliligi bilen täze many-mazmuna eýe bolýar. Ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň

Gezsem, dünýäni görsem

Aziýanyň merjeni Beýik ösüşlere beslenýän ata Watanymyzyň baş şäheri Aşgabat özüniň täsin şähergurluşyk-binagärlik keşbi bilen göreni haýrana goýýar. Mähriban paýtagtymyz 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Oňa laýyklykda, şol wagtky maglumatlara görä, (olaryň sany ýyl geldigiçe yzygiderli artýar) 22 inedördül kilometre barabar bolan meýdanda ak mermer bilen örtülen binalaryň 543-si ýerleşýär. Onuň umumy meýdany 4,5 million inedördül metrden gowrakdyr. Şol günden bäri hormatly Prezidentimiziň gol çeken «Aşgabat şäheriniň gününi döretmek hakyndaky» Permanyna laýyklykda, her ýylyň 25-nji maýy — paýtagtymyzyň güni hökmünde ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýär.

Gezsem, dünýäni görsem

Janly tebigatyň milli muzeýi Gözel paýtagtymyzyň golaýynda ýerleşýän Janly tebigatyň milli muzeýi 2010-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Täsin künjek dört bölege bölünip, onuň gündogar böleginde Afrika sawannasy, ýyrtyjy haýwanlar, günbatar böleginde bolsa toýnaklylar we guşlaryň mekany ýerleşýär. Güneşli ülkämiziň tebigatynda duş gelýän ýabany haýwanlar bilen bir hatarda, bu ýerde balyklaryň köpdürli görnüşleri saklanylýan akwariumlar, terrariumlar, Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinden getirilen seýrek duş gelýän jandarlar görenleri haýran galdyrýar. Bu ýerde diňe bir täsin haýwanat dünýäsi bilen tanyşdyrylman, eýsem, haýwanlaryň eldekileşdirilmegi, ýerli howa şertlerine uýgunlaşmagy, köpelmegi ugrunda hem hünärmenler tarapyndan örän uly tagallalar edilýär. Ýaşlarda tebigata söýgini döretmekde, ýabany jandarlaryň köpeldilmegi babatda hem Janly tebigatyň milli muzeýi örän möhüm ähmiýete eýedir.

Sekizýap tebigaty söýüjilere garaşýar…

Taryhy hem-de medeni ýadygärliklere baý bolan güneşli ýurdumyz Türkmenistanyň ýene-de bir syýahatçylyk ýerleriniň biri-de, Sekizýap çeşmesidir. Ol Köpetdagyň iň owadan ýerleriniň biri hasaplanylýar. Şähridag obasynyň içinden akyp geçýän bu çeşmejik öz gözbaşyny Gökdepe etrabynyň günortasyndan, Köpetdagyň belentliklerinden alyp gaýdýar. Uzynlygy 30 km. töweregi bolan Sekizýabyň akyp geçýän ýerleri durşuna bag-bakjalykdyr. Gözelligine gözellik goşýan birnäçe sany şaglawuklar — bu gudratly çeşmejigiň taryhyny öwrenmäge çalyşýan syýahatçylaryň ünsüni has-da özüne çekýär. Bu ajaýyp jülge özüniň gözelligi, howasynyň arassalygy, jana şypaly suwy bilen gezelenje gelýänleriň göwnüni göterýär. Dereleriň arasyndan ses edip gaýdýan Sekizýabyň salkyn şemaly bu ýerlere dynç almaga gelýänleriň ylhamyny joşdurýar. Tebigatyň adamzada eçilen bu ýerlerinde ýabany haýwanlaryň hem köpsanlysyny golaýdan synlap, olaryň içki dünýäsine aralaşmak gör nähili gyzykly. Mundan başga-da, çeşmäniň töwereginde adam eli bilen döredilen taryhy ýadygärliklere, ýagny birnäçe kilometrlere uzalyp gidýän kärizlere hem-de çeşmäniň boýundaky gurlan degirmenlere gözüň düşende ata-babalarymyzyň örän işeňňir bolandygyna doly göz ýetirýärsiň. Sekizýap adynyň emele g

Meniň arzuwym

Çagalar bagyna gatnaýan wagtlarym mekdebe okuwa gitmäge howlugýardym. Şol döwürde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen biz — çagalar üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlup, ulanylmaga berlen «Daýanç» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi barada käbir deň-duşlarymyň täsirli gürrüňlerini diňläp, ol ýerde dynç almagy arzuw edýärdim. Bu arzuwym 2016-njy ýylda hasyl boldy. Kakam, ejem hem-de jigilerim Suraý, Perhat dagy bilen ýolagçy otlusyna münen günüm häzir hem ýadymda. Çünki men şonda ilkinji gezek ýolagçy otlusyna münüpdim. Ýolugra Aşgabatda düşüp, garyndaşlarymyzyň öýünde myhman bolmalydyk. Paýtagtymyz gözel Aşgabady görjegime begenýärdim. Biz irden otludan düşdük. Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Aşgabat şäheri şeýle bir owadandy. Men köçeleri, ýollary, ak mermerli köp gatly binalary görüp haýran galdym. Biziň uzyn günki gezelenjimiz örän gyzykly hem täsirli boldy. Şol pursatda terbiýeçimiziň öwreden:

Beýik döwrüň joşguny

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Gökdere jülgesi çagalaryň söýgüli mekanyna öwrüldi. Bu gözel künjekdäki çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde çagalaryň oňaýly dynç almaklary üçin ähli şertler döredilendir. Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän häzirki günlerinde dag jülgesindäki dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde çagalar özleriniň saglygyny berkidip, wagtyny şadyýan geçirýärler. Bu ýerdäki «Demirýolçy» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezi hem çagalara özüniň gujagyny giňden açýar. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary bolan biz — bagtyýar ýaşlar şu günler özümiziň okuw-terbiýeçilik tejribeligimizi gürrüňi edilýän merkezde geçýändigimiz hem-de bu gözel künjekde dynç alýan çagalaryň arasynda gyzykly çäreleri guraýandygymyz üçin juda begenýäris. Bu çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde okuw-terbiýeçilik tejribeligini geçmegimiz bize nazaryýetde alan bilimlerimizi tejribede has-da kämilleşdirmäge uly ýardam edýär.

Dünýäniň meşhur köprüleri

Täsin desga Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde gurlup ulanylmaga berlen Türkmenabat — Farap demir ýol we awtomobil köprüleri 2017-nji ýylyň martynda hormatly Prezidentimiziň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Awtomobil köprüsiniň uzynlygy 1600 metre, dört zolakly hereket ediş böleginiň ini 21,5 metre barabar bolup, demir ýol köprüsiniň uzynlygy 1750 metre, ini 5,8 metre deňdir. Köprüleriň gurluşy boýunça ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelip, tehniki we ulanyş howpsuzlygy babatda zerur enjamlar bilen üpjün edilendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu köprüler Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Şatlyga beslenýän günler

Murgap jülgesiniň owadan tebigatly, gözel künjeginde ýerleşýän «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde welaýatyň mekdep okuwçylarynyň 150-si möwsümiň geçen üç tapgyrynda oňat dynç alyp, wagtlaryny şadyýanlykda geçirdiler. Golaýda bu sapaly künjek welaýatyň mekdep okuwçylarynyň 150-sini dynç alyş möwsüminiň nobatdaky tapgyryna kabul etdi. Merkezde dynç almaga gelen çagalar alada bilen gurşalýar. Binanyň oýunlar otagynyň çaga güýmenjeleri bilen üpjün edilmegi çagalarda uly gyzyklanma döredýär. Merkeziň sport zalynda dürli enjamlaryň uly toplumy bolup, ol çagalaryň beden taýdan sagdyn bolmagyna uly ýardam edýär. Ýörite döredilen gurnaklarda çagalara höwes bildirýän hünärleri boýunça zähmet endikleri we dürli el işleri öwredilýär. Merkeziň ýanaşyk ýerlerinde çaga dünýäsine mahsus derejede guralan oýun meýdançasy, üsti açyk howdan bu ýerdäki çagalaryň ünsüni bada-bat özüne çekýär.

Goja Hazaryň sapasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň ösmegine oňyn täsir edýän syýahatçylyk pudagynda-da öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň gaýtalanmajak özboluşly tebigy ýerleri, türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alýan myhmansöýerligi milli syýahatçylygyň ösmegi üçin esas bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly pudaklarynyň biri bolan syýahatçylygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Muny döwlet Baştutanymyzyň: «Awaza» dynç alyş we syýahatçylyk zolagy Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülmelidir» diýen sözleri hem tassyklaýar. 2007-nji ýylda milli Liderimiziň başlangyjy bilen goja Hazaryň gündogar kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmäge girişildi. Şondan bäri bu ýerde döredilen amatly şertler Hazar deňziniň täsin ekologik ulgamyny aýawly saklamaga, onuň tebigy baýlyklaryndan rejeli peýdalanmaga, saglygy dikeldiş we dynç alyş merkezlerinde raýatlaryň saglygyny dikeltmegi, dynç almagy üçin ýokary derejeli mümkinçilikleri döretmäge, milli syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge gönükdirilendir.

Tehnologiýa we syýahatçylyk

Soňky onýyllyklarda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň (MKT) hem metbugatyň ösüşi syýahatçylyk ulgamyna ýokary derejede täsirini ýetirdi. Sebäbi tehnologiýa bilen syýahatçylygyň arasyndaky soňky döwürde has berkeýän baglanyşyk bu pudagyň tebigatyna, ykdysady düzümine degişli düşünjeleriň üýtgemegine getirdi. Syýahatçylykda we myhmanhana hyzmatlarynda MKT-leriň netijeli, ýokary tizlikli infrastrukturasy, goşundylaryň programma üpjünçiligi möhüm orna eýedir. Syýahatçylyk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary iş ýerlerinde işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly, hususan-da, onlaýn arkaly öňünden bellemek ýaly birnäçe meseläni çözmekde degişli tehnologiýalardan peýdalanýarlar.

Ruhubelentlige beslendi

Häzirki günlerde gözel Diýarymyzyň ähli künjeginde bagtyýar körpeler dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde sapaly dynç alyp, wagtyny şadyýan geçirýärler. Ol ýerlerde çagalaryň şatlygyna şatlyk goşup, olaryň wagtynyň peýdaly ugra gönükmegi üçin dürli çäreleriň geçirilmegi geljegimiz bolan ýaş nesilleriň başarnyklarynyň artmagyna ýardam edýär. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda Gökdere jülgesindäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde geçirilen bäsleşikleriň maksady ýaş nesliň sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmegini, sporta hem-de döredijilige bolan höwesini artdyrmagy gazanmakdan ybarat boldy.

Çekeleşikli ýaryş

Gökdere jülgesindäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde dynç alyp, saglygyny berkidýän ýaş nesilleriň arasynda geçirilýän dürli mazmunly çäreleriň netijeliligi gazanylýar. Ol ýerde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda ýaýbaňlandyrylan sport ýaryşlary babatynda hem şeýle diýmek bolar. Bu ýaryşlara merkezde wagtyny hoş geçirýän çagalardan düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşdy. Welosiped sürmek, woleýbol, hereketli oýunlar görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlar has hem gyzykly boldy. Çagalaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmagy, sport ussatlygyny ýokarlandyrmagy we olary höweslendirmegi maksat edinen ýaryşlar sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän, sporty hemra edinýän ýaşlaryň az däldigini aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Salkyn saýaly merkezde

Gökdere jülgesindäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» atly çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde ýaş nesliň uly topary dynç alýar. Şolaryň arasynda welaýatymyzyň etraplaryndan we Tejen şäherinden gelen çagalar hem az däl. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bäherden etrap birleşmesi hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan ol ýerde bolýan bagtyýar çagalaryň arasynda meýilnama esasynda gyzykly çäreleriň birini gurady. Ýaş nesliň dynç alşynyň many-mazmunyny we sporta höwesini artdyrmak, sportuň dürli görnüşleri boýunça güýçlüleri ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryş örän gyzykly boldy. Onda çagalar hereketli oýunlar, tanap çekmek, şaşka ýaly görnüşler boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler.

Jahanyň dynç alyş merkezleri

Amatlyklara baý merkez Bagtyýar çagalaryň göwnejaý dynç almagy, wagtlaryny şadyýan hem gyzykly geçirmekleri üçin ýurdumyzyň dürli künjeklerinde sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýär. Şol merkezleriň hatarynda jana tenekar, hoştap howaly Gökdere jülgesindäki «Daýanç» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezini mysal getirmek bolar. Bu ýerde çagalaryň gowy dynç almaklary üçin ähli amatlyklary bolan suw howdanlaryň, okalga, dynç alyş otaglaryň, tehniki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan otaglaryň bolmagy çagalaryň şadyýan, many-mazmunly dynç almaklary üçin niýetlenilendir. Şeýle hem, ol merkezde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga niýetlenilen meýdançalar, üsti açyk aýdym-saz merkezi, suwa düşülýän howuzlar, lukmançylyk merkezleri we naharhanalar çagalaryň hyzmatynda.

Awaza — hazar boýunyň merjeni

Gojaman Hazaryň gözel kenarynda kemala gelýän hem-de gözüň alnynda türkmen topragynyň hakyky merjenine öwrülýän deňiz şypahanasynyň giň gerimli görnüşi akylyňy haýran edýär. Hormatly Prezidentimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ildeşlerimiziň ýokary derejeli dynç alyşda bolmagyny üpjün etmek boýunça meseleleri öz gözegçiliginde saklaýar. Milli Liderimiziň Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň dowamynda säher bilen Hazaryň kenaryna çykyp, irki maşklaryny ýerine ýetirmegi we welosipedli gezelenç etmegi ýaşlar üçin nusgalyk göreldedir. Milli Liderimiziň ak patasy bilen, «Rahat» atly täze, ýokary tizlikli ýolagçy gämisiniň ilkinji ýüzüşine badalga berilmegi bolsa, has-da guwandyryjydyr. Täze gämi dynç alýanlar we syýahatçylar üçin deňiz gezelençlerini guramaga niýetlenendir. Häzirki wagtda milli Liderimiziň tagallasy bilen Hazaryň türkmen kenarynda döredilen ýokary derejeli myhmanhanalar, döwrebap şypahana we dynç alyş düzümleri, köpugurly sport desgalary, oýun attraksionly seýilgählerdir emeli derýa, täze döredilen emeli tokaý zolaklary göreni haýran galdyrýar. Olaryň ählisi täze tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Arassa deňiz howasy, altynsow çägeli kenar, derde derman deňiz suwy dynç almak üçin döredilen ajaýyp şertler bilen utgaşyp, döwrebap d

Bagtyýar nesliň ruhubelentligi

Sergin howaly Gökdere jülgesindäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» atly çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda jemgyýetçilik guramalary tarapyndan gyzykly çäreler guralýar. Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramagynda «Arkadagly ýurtda bagtyýar biz» ady bilen geçirilen täsirli tomaşalar we sport ýaryşlary hem munuň aýdyň mysalydyr. Sportuň hereketli oýunlar, kiçi futbol görnüşleri boýunça ýaryşlar şol günki çäreleriň ähmiýetini has-da artdyrdy. Merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalaryň işjeň gatnaşmagynda bolan ýaryşlar güýçli toparlary öňe saýlamaga mümkinçilik berdi. Onda dürli ýaşdaky çagalardan düzülen toparlar doly derejede ukypdyr-başarnyklaryny görkezdiler. Ýaryşda sportuň hereketli oýun görnüşi boýunça «Güneş» topary, kiçi futbolda bolsa «Joşgun» topary ýeňiji boldy.