Bagtyýar nesliň ruhubelentligi

12 Iýul 2021
2179

Sergin howaly Gökdere jülgesindäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» atly çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda jemgyýetçilik guramalary tarapyndan gyzykly çäreler guralýar. Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramagynda «Arkadagly ýurtda bagtyýar biz» ady bilen geçirilen täsirli tomaşalar we sport ýaryşlary hem munuň aýdyň mysalydyr.

Sportuň hereketli oýunlar, kiçi futbol görnüşleri boýunça ýaryşlar şol günki çäreleriň ähmiýetini has-da artdyrdy. Merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalaryň işjeň gatnaşmagynda bolan ýaryşlar güýçli toparlary öňe saýlamaga mümkinçilik berdi. Onda dürli ýaşdaky çagalardan düzülen toparlar doly derejede ukypdyr-başarnyklaryny görkezdiler. Ýaryşda sportuň hereketli oýun görnüşi boýunça «Güneş» topary, kiçi futbolda bolsa «Joşgun» topary ýeňiji boldy.

Baýrammuhammet ÖWEZGELDIÝEW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar