"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Ilkinji “Agroexpress” otlusy Türkmenistanyň üsti bilen Hindistana barar

Russiýadan Hindistana iberilen ilkinji “Agroexpress” otlusy Türkmenistanyň çäginden geçer. Russiýanyň demirýollary (RŽD) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň penşenbe güni habar bermegine görä, RŽD AGPJ-niň “RŽD Logistika” golçur kompaniýasy we “Suhoý Port Ýužnouralskiý” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet tarapyndan gurnalan we ugradylan bu otly süle we däne önümlerinden ybaratdyr. Habarda bellenilişi ýaly, Russiýanyň “Uwelka” kompaniýasynyň süle önümleri ýüklenilen ýigrimi futlyk 31 sany konteýner Formaçýowa menzilinden (Ýužno-Ural demir ýollary) Türkmenistanyň Sarahs menziline ugrady.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda

galyndysyz ykdysadyýetiň ähmiýeti we mümkinçilikleri Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň kuwwatyny we mümkinçiliklerini artdyrmak, senagat pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, täze önümçilikleri ýola goýmak, telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek hem-de dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şunda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, galyndysyz ykdysadyýete geçmek meselelerine-de aýratyn ähmiýet berilýär. Biz bu ugurlarda döwlet strategiýasy, ýurdumyzda amala aşyrylýan işler barada teswir-düşündiriş bermeklerini sorap, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymlary Çarymuhammet Şallyýew hem-de Muhammetguly Muhammedow bilen «tegelek stol» söhbetdeşligini guradyk.

Tebigy baýlyklar toplumlaýyn özleşdirilýär

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýerli mineral çig mal serişdelerini rejeli we toplumlaýyn ulanmak uly ähmiýete eýedir. Çünki iri pudagara toplumlar bolan ýangyç-energetika, nebit we gazhimiýa, gurluşyk senagaty gönüden-göni şol serişdeleri öndürmäge, gaýtadan işlemäge hem-de ulanmaga esaslanýar. Agrar, dokma, azyk we beýleki öndüriji pudaklar-da olaryň önümlerini ulanýarlar. Senagatyň köptaraplaýyn ösüşi daşardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öz baýlyklarymyzyň esasynda öndürmäge mümkinçilik berýär. Munuň sebäbini Türkmenistanda metal we metal däl, dag-magdan, gidromineral we beýleki gazylyp alynýan baýlyklaryň iri känleriniň bardygy bilen düşündirmek bolar. Mälim bolşy ýaly, 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmagy, olarda täze, ýokary hilli tehnologik önümçilikleri döretmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şonuň bilen birlikde, gazylyp alynýan peýdaly gaty magdanlaryň, gurluşyk materiallarynyň we ýerasty suwuň geologiýa gözleg-barlag işlerini güýçli depginde dowam etdirmegiň wajypdygy, nebitgaz

Täze gämiler gurlar

Ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, deňiz we derýa ulagy pudagy-da düýpli galkynyşy başdan geçirýär. Şunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde gazanylýan zähmet üstünlikleri has-da buýsançlydyr. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Gury ýük gämilerini gurmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co. Ltd.» kompaniýasynyň arasynda ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna deň bolan iki sany gury ýük gämisini taslamalaşdyrmak we bilelikde gurmak babatda degişli şertnamalar baglaşylyp, şu günler täze gämileriň gurluşygyna girişmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gämileriň gurluşygynda 300-den gowrak işçi-hünärmeniň zähmet çekmegi göz öňünde tutulýar. Ýakynda koreýaly hünärmenler tarapyndan täze suw ulaglarynyň gurluşygynda işlejek ýaş işgärler bilen gurluşygy meýilleşdirmek, tilsimatlary ornaşdyrmak, gämi böleklerini işläp taýýarlamak, kebşirlemek, elektrik işleri, hil gö

Kuwwatly kärhanada işler ileri

Dokma senagatynyň kuwwatly düzüm bölegine öwrülen Daşoguz pagta egriji fabriginiň işçi-hünärmenleri halkara hil ölçeglerine laýyk gelýän, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýärler. Kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyp, amatly zähmet şertleriniň döredilmegi önümçiligiň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berýär. Fabrigiň bölüm müdiri Mähri Durdyýewa alnyp barylýan işler, gazanylýan üstünlikler barada şeýle gürrüň berdi: — Dokma önümçiliginde 15 ýyla golaý wagt bäri netijeli iş alyp barýan fabrigimizde pagta süýüminden taýýarlanylýan ýüplük Diýarymyzyň dokma senagatynda giňden ulanylýar hem-de daşary ýurtlara eksport edilýär. Netijede, milli ykdysadyýetimize uly girdeji getirilýär. Ýylyň dowamynda 16 müň 700 tonna nah pagta süýümi gaýtadan işlenilýär. Şonça süýümden dünýä bazarlarynda ýokary islegden peýdalanylýan nah ýüplügiň 14 müň 500 tonnasy öndürilýär. Önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,3 göterim artdy. Önümçilik bölümlerine öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň kämil enjamlary ornaşdyryldy. Öndürilýän önümler Hindistana, Pakistana, Gyrgyz Respublikasyna, Türkiýä, şeýle-de Birleşen Arap Emirliklerine eksport edilýär. Kärhanamyzda i

Işler utgaşykly alnyp barylýar

Bagta barýan ýollar

Golaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp wakasyna öwrüldi. Uzynlygy 600  kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy Aşgabat — Tejen (203 kilometr), Tejen — Mary (109 kilometr) we Mary — Türkmenabat (288 kilometr) üç tapgyrda amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan gurluşygy amala aşyrylan bu taslamanyň birinji tapgyry — Aşgabat — Tejen bölegi 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulanmaga berildi. Dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi «Altyn nesil» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirildi. Şunda ähli mümkinçilikler göz öňünde tutuldy. Şeýle hem, ýolagçylar üçin döwrebap dynç alyş we hyzmat ediş zolaklary bina edildi.

Gymmatly çig malyň tonnalary artýar

Welaýatymyzyň gündogar etraplarynyň ýüpekçileri senagat üçin gymmatly çig mal bolan piläni ýygnamaga köpçülikleýin girişdiler. Kerki, Halaç, Hojambaz, Köýtendag etraplarynyň hojalyklarynda bu iş örän guramaçylykly alnyp barylýar. «Lebapwelaýatýüpek» önümçilik birleşiginiň baş hünärmeni Oraz Sahyberdiýewiň habar bermegine görä, welaýatymyzyň gündogar etraplarynda howa şertlerine laýyklykda pile her ýyl ir ýygnalyp başlanýar. Bu ýyl hem şu kada eýerilýär. Kerki etrabynyň ýüpekçileriniň pile kabul ediş we guradyş bölümlerine getirýän hasylynyň mukdary barha köpelýär. Goňşy Halaç etrabynyň ýüpekçileri hem senagat üçin gymmatly çig mal bolan piläniň kilogramlaryny barha artdyrýarlar. Etrabyň «Çohpetde» we Jumaguly Mähremow adyndaky daýhan birleşikleriniň ýüpekçileriniň tabşyran pile hasylynyň mukdary eýýäm bäş tonnadan geçdi. Bu daýhan birleşikleriniň ýüpekçilerinden gelip gowuşýan hasyly tereziden geçirýän pile kabul ediş we guradyş bölüminiň ýolbaşçysy Jumamyrat Ernepesow söhbetdeş bolanymyzda:

Tikin fabriginde işler ileri

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen galkynyşdan ganatlanan döwrümizde ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda işler ýokary depginde dowam edýär. Milli dokma önümlerimiz hiliniň ýokarylygy we bahasynyň amatlylygy bilen içerki bazarlarymyzda islegli önümleriň hatarynda tanalýar. Göze gelüwli, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply, döwrebap tikin önümleri bilen adygan Türkmenabadyň tikin fabriginde hem ýylyň ähli möwsüminde guramaçylykly zähmet gaýnap joşýar.

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Kämil ulgamyň ähmiýeti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň ösüşleriň belent basgançaklaryna çykmagyna itergi berýär. Şeýle öňegidişlikler ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynda has-da aýdyň duýulýar. Bu barada Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň mugallymlary buýsançlaryny beýan edýärler.

Koreýanyň «Hanwha Ocean” gämi gurluşyk kompaniýasy şu ýylyň birinji çärýeginde 39 million dollar girdeji gazandy

Koreýanyň «Hanwha Ocean» gämi gurluşyk kompaniýasy, şu ýylyň birinji çärýeginde ýokary bahaly gämi görnüşleriniň, esasanam «LNG» tankerlerine sargytlaryň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydygyny aýtdy. «Hanwha Ocean» soňky çärýekdäki hasabatlaryndan alnan maglumatlar görä, kompaniýanyň gämi gurluşyk meýilnamalarynyň, kompaniýanyň taryhynda iň ýokary derejä ýetendigini görkezýär. Ýagny, 2024-nji ýylda 22 gämi, 2025-nji ýylda bolsa 24 gämi müşderilere sargydy boýunça gurmak meýilleşdirilýär.

Ýokary hilli sargy serişdeleri

«Türkmendermansenagat» birleşiginiň Daşoguzdaky zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasynyň işçi-hünärmenleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dört aýlyk meýilnamasyny üstünlikli berjaý etmek ugrunda netijeli zähmet çekdiler. Täze eýýamymyzyň döredijilik ruhunda täzeçe işleýän bu döwrebap kärhanada şanly ýylymyzyň birinji çärýeginde 2 million 50 müň manatlykdan gowrak önüm öndürilip, önümçiligiň ähli görnüşleri boýunça ýokary görkezijiler gazanyldy. Ýokary öndürijilikli innowasion tehnologiýalar, iň kämil enjamlar ornaşdyrylan kärhananyň önümçilik kuwwatlylygy geljegi uly bolan, ylaýta-da, lukmançylyk işinde zerur hasaplanýan sargy we arassaçylyk serişdeleriniň ýylda 13 million gaplamasyny öndürmäge barabardyr. Häzirki wagtda bu ýerde lukmançylykda giňden ulanylýan dürli önümleriň 15 görnüşi öndürilýär. Munuň üçin kärhanada önümçilik bölümleriniň dördüsi hereket edýär. Agartma, gipsleme, dokma, sargy serişdelerini öndürýän bölümlerde ýokary hilli önümler taýýarlanylýar. Çig mal hökmünde, esasan, öz ýurdumyzda öndürilen pagta ulanylýar.

Milli ykdysadyýetiň kuwwatly pudagy

Uglewodorod serişdelerine baý ýurtlaryň biri bolan ata Watanymyzda nebitgaz pudagynda iri taslamalar amala aşyrylýar. Bu taslamalara daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmäge, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly üns berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen hem-de Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynyň bahar paslynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde 24-25-nji aprelde geçirilen halkara göçme forumy hem şeýle hyzmatdaşlygyň anyk mysallarynyň biridir. Forumyň esasy maksady ýurdumyzyň energetika pudagynyň nebit we gazy gazyp almak, daşamak we gaýtadan işlemek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak, ibermek, gurmak ýaly ugurlara göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybaratdyr. Forumda nebitgaz senagatynyň, elektroenergetika, gurluşyk, senagat pudaklarynyň täze önümçiliklerini döretmek, ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek meseleleri, hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi, täze maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyryldy. Şeýle çäreler dünýäniň işewür toparlary tarapyndan Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda amala

Eziz Diýaryň ösüşleri

Köňül guşumyzy al-asmana uçuryp, eziz Watanymyzyň gül gujagyny şatlyk-şowhuna besläp, owazy çar ýana ýaýraýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly dowam edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan abyrsyz işleri, ýetilýän belent sepgitleri göreniňde, gazanylan ösüşleri hakydaňda aýlap, başyň gök direýär. Agzybir türkmen halkymyz beýik hem şan-şöhratly zamananyň tämiz howasyndan ine-gana, erkin dem alyp, agaýana döwran sürýär, toý-baýramyny toýlap, milli däp-dessurlaryny berjaý edýär. Oba-şäherlerimizde bina edilýän ajaýyp desgalardyr binalar, aýna ýaly şaýollar durmuşa, ýaşaýşa söýgiňi artdyryp, ýagty geljege buýsanjyňy goşalandyrýar. Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde elektrik energetikasy pudagynyň eýeleýän orny uludyr. Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň güýzünde halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmek ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň çäginde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sanly ulgam arkaly ak pata bermeginde Mary — Ahal ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň dabaraly ýagdaýda ulanyşa girizilmegi, ýurdumyzyň bitewi energetika ulgamyna birikdirilmegi ähli watandaşlarymyzy begendiren taryhy wakalaryň biri boldy. Geçen döwürd

Arkadag şäher häkimligi Aşgabat — Gökdepe ýolunda gurluşyk­-gurnama işleriniň başlandygyny habar berdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň, Arkadag şäheriniň häkimliginiň degişli bildirişi «Türkmenistan» gazetiniň düýnki sanynda çap edildi. Bildirişde şeýle bellenilýär: «Arkadag şäheriniň binagärlik­ şäher gurluşyk keşbini has­-da gözelleşdirmek, ýollaryň durkuny täzeläp, raýatlara we ýolagçylara has amatly, döwrebap şertleri döretmek üçin, Köpetdag şaýolunyň «Polatly» binasy bilen «Akhan» binasynyň aralygyndaky ýol böleginde, şeýle­-de Aşgabat — Gökdepe aralygyndaky gatnawly ýolda gurluşyk­-gurnama işlerini geçirmek zerurlygy ýüze çykýar.

Türkmenistan we Eýran elektrik geçiriji ulgamynyň üçünji şahasynyň gurluşygyny maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýeti Tähran şäherinde elektrik energiýasynyň önümçiligi we paýlanylyşy boýunça eýran kompaniýasynyň daşary söwda wekilhanasynyň (TAVANIR) baş direktory Mehrdad Eklimi bilen duşuşdy. “Tehran Times” gazetiniň anna güni habar bermegine görä, taraplar umumy mümkinçilikleri giňeltmäge we iki döwletiň arasynda elektrik geçiriji ulgamynyň üçünji şahasyny gurup ulanmaga bermek boýunça bilelikdäki kärhananyň taslamasyny maliýeleşdirmek işine ýardam bermäge degişli meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynda oňyn özgertmeler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynda, şol sanda ulag we kommunikasiýalar ulgamynda Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen oňyn özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Häzirki zaman üstaşyr ulag, logistik düzümlerini, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar ulgamyny kemala getirmegiň çäklerinde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça alnyp barylýan işler munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan Ýewraziýa yklymynyň söwda ýollarynyň strategiki çatrygynda ýerleşmek bilen gadymyýetde tutuş yklymyň çäginden geçen we ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky söwda we medeni gatnaşyklaryň ösmegine güýçli itergi beren Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine işjeň gatnaşýar. Sebitde köpugurly ulag geçelgeleriniň ulgamynyň döredilmeginiň we ýaýbaňlandyrylmagynyň diňe bir sebit ölçeginde däl, eýsem, halkara derejesinde howpsuzlygyň, durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň, parahatçylygyň saklanylmagyna hem-de pugtalandyrylmagyna itergi berjekdigi mälimdir. Bu ugurda biziň döwletimiz Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda özboluşly “köpri” boljak hem-de ulag harajatlarynyň azaldylmagyna, ykl

Maliýe bazary — ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň möhüm guraly

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen, bäsdeşlige ukyply, daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň täze görnüşleri döredilýär we ähli pudaklara sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Telekeçilik işiniň netijeliligi ýokarlandyrylyp, ykdysadyýetde hususy bölegiň paýy artdyrylýar. Netijede, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň 75 göterime golaýy durmuş ulgamyny ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Bu özgertmeler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp durmuşa geçirilýär. Milli maksatnamany amala aşyrmagyň barşynda ykdysadyýetiň pudaklaryny innowasion esasda senagatlaşdyrmak bilen çäklenilmän, bazar infrastrukturasyny doly kemala getirmek ugrunda hem tapgyrlaýyn işler alnyp barylýar. Pudaklary döwrüň talabyna laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda üstünlikler gazanylýar. Netijede, ýurduň maliýe ulgamynyň düzüm bölegi b

Täze ýangyç guýuş beketleri halkyň hyzmatynda

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň 309,7-nji kilometrliginde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Wekilbazar nebit önümleri kärhanasynyň buýurmasy esasynda täze gurlan awtoulaglara ýangyç guýuş beketleriniň ikisi ulanmaga berildi. Munuň özi sürüjiler üçin döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň şanly toýunyň belleniljek ýylynda ajaýyp toý sowgady boldy. Awtomobillere ýangyç guýuş beketleri «Marygazgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 7-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary baş potrat esasynda ýokary hil derejesinde gurup, bellenilen möhletinde ulanmaga berdiler.

Pariž forumy Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açdy

24-25-nji aprelde Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Parižde geçirilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy (TEIF 2024) dünýäniň dürli ýurtlaryndan gatnaşyjylara nebiti we gazy gazyp almak, ugratmak we gaýtadan işlemek, şeýle hem energetika pudagyny durnukly ösdürmek babatda halkara dialogyny giňeltmek üçin hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga şert döretdi. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan «Türkmen Forum» HJ hem-de Beýik Britaniýanyň «GaffneyCline» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralan Pariž forumyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Şeýle hem foruma BMG-niň esasy bilermenleri, OPEK-niň, Halkara energetika agentliginiň (IEA) we iri halkara kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar, olaryň hatarynda «Auguste», «Dragon Oil», «CNPC», «ENI», «Petronas», «Yug-Neftegaz», «HYUNDAI ENGINEERING CO.,LTD», «Schlumberger International», «Rönesans» kompaniýalary we beýlekiler boldy.