Sazlaşykly ösüşleriň binýady

29 Oktýabr 2024
466

Türkmenistan döwletimiz ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden bazar ykdysadyýetiniň özboluşly nusgasyny döredip, dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň hatarynda ornuny eýeledi. Ýurdumyzyň özygtyýarly ösüş ýolunda asyrlary aşyp gelýän milli däp-dessurlarymyzdan ugur alýan döwlet nyşanlarymyz döredildi. Şolaryň hatarynda türkmen milli manadynyň dolanyşyga girizilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Şu ýyl milli manadyň dolanyşyga girizilenine 31 ýyl dolýar. 1993-nji ýylyň 1-nji noýabryndan ýurdumyzda kabul edilen Kanuna laýyklykda, ýeke-täk kanuny töleg we hasaplaşyk serişdesi hökmünde türkmen manady we onuň bölek şaýylyklary bolan teňňe dolanyşyga girizildi.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan maliýe-ykdysady syýasatyň netijesinde milli manadyň durnuklylygy, kadaly hereketi ýola goýulýar. Milli pul birligimiziň goraglygy üpjün edilip, satyn alyş ukybyny ýokarlandyrmak boýunça çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýeňillikli salgyt syýasatynyň ýöredilmegi we ilata pes göterimli karzlaryň berilmegi eýeçiligiň dürli görnüşlerinde täze düzümleri, iş orunlaryny döretmäge, kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmaga, importyň ornuny tutmaga hem-de eksporta niýetlenen önümleriň möçberlerini artdyrmaga, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmaga, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary barha ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýar.

Batyr GUTLYMYRADOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar