"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

2 sany ýel elektrik stansiýasy gurlar

Özbegistan Respublikasynyň Garagalpagystan sebitinde umumy bahasy 7,3 milliard amerikan dollaryna deň bolan iki sany ýel elektrik stansiýasy gurlar. Bu babatda Üçünji Daşkent halkara maýa goýum forumynda ylalaşyk gazanyldy. Ýel elektrik stansiýalarynyň birinjisi ýylda 17,5 milliard kilowat/sagat elektrik energiýasyny öndürmäge ukyply bolup, onuň taslamasy 6,2 milliard amerikan dollary möçberinde bahalanýar. Onuň gurluşygy Saud Arabystanynyň «ACWA Power» kompaniýasy tarapyndan maliýeleşdiriler. Ikinji ýel elektrik stansiýasynyň taslamasynyň bahasy 1,1 milliard amerikan dollaryna deň bolup, onuň ýyllyk kuwwaty 3,5 milliard kilowat/sagat elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berer. Ol BAE-niň «Amea Power» kompaniýasy tarapyndan gurlar.

235 sany täze uçar satyn alar

Dünýäniň iň köp nokada uçuşlary amala aşyrýan awiakompaniýalarynyň biri bolan «Turkish Airlines» geljekde uçuşlaryň sanyny artdyrmak we uçuş geografiýasyny giňeltmek üçin uly mukdarda täze uçarlary satyn almagy meýilleşdirýär. Has takygy, kompaniýa «Airbus» we «Boeing» kompaniýalaryndan täze uçarlaryň 235 sanysyny satyn almak boýunça gepleşikleri alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, «Turkish Airlines» ýakyn on ýyllykda özüne degişli uçarlaryň sanyny 600-e ýetirmegi maksat edinýär. Häzirki wagtda kompaniýa degişli uçarlaryň sany 440-e deň bolup, olaryň aglaba bölegi «Airbus» we «Boeing» uçarlarydyr.

124 ýurda guradylan miwe eksport etdi

Türkiýe 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde dünýäniň 124 ýurduna we sebitine guradylan miweleriň we ir-iýmişleriň 118 müň 738 tonnasyny eksport etdi. Şeýlelikde, Türkiýe agzalan önümleriň eksportyndan 497,64 million amerikan dollary möçberinde girdeji gazandy. Bu görkeziji 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 29,9 göterim artykdyr. Hasabat döwründe Türkiýeden guradylan miweleri we ir-iýmişleri iň köp satyn alan ýurtlar Germaniýa (61,6 million amerikan dollary), ABŞ (48,4 million amerikan dollary) hem-de Beýik Britaniýa (45,6 million amerikan dollary) bolupdyr.

Rekord mukdarda girdeji gazandy

Amerikanyň «Amazon» kompaniýasy 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde rekord mukdarda girdeji gazandy. Has takygy, hasabat döwründe kompaniýanyň girdejisi 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 13 göterim ýokarlanyp, 143,3 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Şeýle-de şu ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň arassa peýdasy 10,4 milliard amerikan dollaryna barabar bolup, bu görkeziji geçen ýylyň birinji çärýegindäkiden üç esse köpdür.

Türkmenistanyň söwda toplumy boýunça iş maslahaty geçirildi

4-nji maýda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň mejlisler zalynda iş maslahaty geçirildi. Onda 3-nji maýda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle-de şu ýylyň 4 aýynda söwda toplumyna degişli ministrliklerde we edara-kärhanalarda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewiň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahaty söwda toplumynda şu ýylyň 4 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlandy. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Minisitrler Kabinetiniň mejlisinde söwda toplumyna degişli önümçilikleri netijeli ulanyp, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply harytlaryň görnüşlerini artdyrmak, ilata edilýän hyzmatlaryň döwrebap bolmagyny gazanmak we bu işlere Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny hem giňden çekmek babatda beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ösüşine mundan beýläk-de mynasyp goşant goşmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmegiň, import harytlarynyň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini ýokarland

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 19 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Gruziýadan we Gyrgyz Respublikasyndan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen nebit bitumyny, awiakerosini, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Şol sanda Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 18 million 833 müň 500 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: Fransiýa

Tatarystan Respublikasynyň ykdysadyýeti

Tatarystan Respublikasy — Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasynda Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri. Golaýda Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanowyň ýurdumyzda saparda bolup, Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşmagy hem Tatarystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejededigine şaýatlyk edýär. Şulary nazarda tutmak bilen, gazetimiziň şu sanynda Tatarystan Respublikasynyň ykdysadyýeti bilen okyjylary tanyşdyrmagy makul gördük.

Türkmenistanda ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik desgalary gurulýar

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berdi. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Mämmethan Çakyýew 2024-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgininiň 118 göterime, ulagyň ähli görnüşlerinde ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgininiň, degişlilikde, 103,5 hem-de 102,6 göterime deň bolandygyny aýtdy.

Türkmenistanda öndürilýän uçar kerosinine isleg ýokarlanýar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy, uçar kerosinini, nebit ýol bitumyny,

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy, uçar kerosinini, nebit ýol bitumyny, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümler, ýorgan-düşek daşlyklary, nah ýüplük, geçiniň ýüňi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million 833 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ykdysadyýetiň esasy ugry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe röwşen geljegi nazarlaýan türkmen halkymyz eşretli durmuşda ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça beýik işler durmuşa geçirilýär. Bu günki gün «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň nebit-gaz senagaty pudagyndaky gazanylýan üstünlikler hem guwandyryjy netijelere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda oýlanyşykly alnyp barylýan ykdysady syýasatda ýangyç-energetika pudagy esasy orunlaryň birini eýeleýär. Çünki nebit-gaz pudagy milli ykdysadyýetiň daýanjy bolmak bilen birlikde, ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklarynda-da ileri tutulýan ugurlaryň biri bolmagynda galýar.

Ýagty geljegi nazarlaýan ösüşler

Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda amala aşyrylan düýpli özgertmeleriň netijesinde Türkmenistan ähli ulgamlarda sazlaşykly ösýän ýurda öwrüldi. Şol özgertmeleri has-da rowaçlandyrýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bäsdeşlige ukyply we eksporta niýetlenen harytlaryň önümçiligini artdyrmaga, bu ugurda işleri we hyzmatlary ýola goýmagy dowam etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda kuwwatly senagat kärhanalarynyň, döwrebap ýol-ulag düzümleriniň döredilmegi milli ykdysadyýetiň galkynmagyny şertlendirýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň çar ýanynda tebigy baýlyklary, uglewodorod serişdelerini, magdanlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagat kärhanalary gurlup ulanylmaga berildi. Munuň özi importuň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleriň öndürilişiniň artmagyna ýardam edýär. Şeýle hem innowasion önümçilik kärhanalarynyň ulanyşa girizilmeginiň depgini ýylsaýyn artýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna önüm öndürmäge niýetlenen Lebap sement zawodynyň 2-nji tapgyry işe girizildi. Bu döwrebap desga ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli taslamalary möhüm gurluşyk serişdesi bilen ü

Rowaçlygyň aýdyň ýoly

Türkmen halkymyzda ýol çekmek, köpri gurmak, bina galdyrmak ýaly işler sogaply hasaplanylýar. Gadymyýetde halklary we medeniýetleri biri-birine ýakynlaşdyran Beýik Ýüpek ýoly türkmen topragynyň üstünden geçipdir. Türkmen halkymyzyň gadymy şan-şöhraty bagtyýar zamanamyzda täze röwüşde, döwrebap işler bilen dabaralanýar. Parahatçylygyň, dost-doganlygyň merkezi hökmünde Türkmenistan dünýäniň ýüregine hoşniýetlilik ýollaryny çekýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek arkaly berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam edýändigi ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolýandygynyň, beýik işleriň rowaçlanýandygynyň güwäsine öwrülýär.

Türkmenistan maýa goýum syýasatyny ilerledýär

Milli özygtyýarlylygyny gazanmak bilen, özbaşdak dolandyryş ulgamyny, şol sanda maliýe-bank ulgamyny döreden döwletimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda uly ösüşlere ýetdi. Häzirki taryhy döwürde Türkmenistanda ýurduň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda dünýä tejribesini özleşdirmek bilen, raýatlara döredilýän şertlerde döwrebap ýörelgelerden ugur alynýar. Durnukly ykdysady ösüşiň netijesinde döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmeginiň hem möhüm ähmiýete eýedigini bellemek zerur. Bu ugurda halkara gatnaşyklaryň ösdürilmeginde, iri maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmekde, dolanyşyk serişdelerini üpjün etmekde, raýatlara edilýän hyzmatlaryň hilini, amatlylygyny ýokarlandyrmakda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky hem baý tejribä eýedir. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, maýa goýum syýasatyny ilerletmekde, bu babatda daşary ýurt kompaniýalaryny hyzmatdaşlyga işjeň çekmekde netijeli tagallalary edýändigini bellemek gerek. Milli ykdysadyýetimiziň strategik pudaklarynyň döwlete degişli edaralary, maliýe guramalary we hususy kärhanalar bankyň müşderileriniň esasyny dü

Suw hojalygy pudagynda bilelikdäki tagallalar

Ýer ýüzüni goramagyň gününe gabatlanyp, 30-njy aprelde paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda Suw serişdeleri we daşky gurşaw boýunça sebit taslamasyny (WAVE) durmuşa geçirmegiň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw hojalyk meseleleri boýunça sebit maslahaty geçirildi. Sebit maslahatyna Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň suw hojalyk düzümleriniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw hojalyk özgertmelerini seljermek, suw hojalyk pudagyny ösdürmegiň strategiýasy, ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID), Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ), Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, bu işde ulanylýan tehnologiýalary nazara almak esasynda, suw hojalygyndaky sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça tejribe alyşmak babatdaky meseleler girizildi.

Ýollar ýürekleri birleşdirýär

Gurmak, döretmek ata-babalarymyzdan gelýän döwletli ýol-ýörelgelerimizdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen şeýle sogaply işler, asylly ýol-ýörelgelerimiz mynasyp dowam etdirilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň dabaraly ýagdaýda açylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berlipdi. Garagum sährasynyň çäginden geçýän bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyry bolan Aşgabat — Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ulanmaga berildi.

Ulag hyzmatdaşlygy — ösüşiň hereketlendiriji güýji

Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek boýunça öňe süren başlangyçlary we teklipleri netijesinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan alty sany Kararnama kabul edildi. Ýurdumyzyň ulag syýasatyny we bu ugurdaky tagallalary dünýä jemgyýetçiliginiň işjeň goldaýandygyny tassyklaýan bu resminamalar halkara ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmaga hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 15 — 19-njy aprelinde Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisiniň geçirilmegi aýratyn bellärliklidir. Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasyna agza döwletleriň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenlerini bir ýere jemlän iri forumyň maksady demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmakdan, halkara demir ýollary torunyň tehnologik bitewüligini üpjün etmekden, bu düzümleri ösdürmekden ybarat boldy. Şoňa görä-de, mejlisiň dowamynda halkara demir ýol daşamalary ulgamyndaky meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy we halkara demir ýol daşamalaryny, ilki

Energetika mümkinçiliklerimiz netijeli peýdalanylýar

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, bu ugurda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de netijeliligini ýokarlandyrmak möhüm wezipeleriň hataryndadyr. Çünki Türkmenistan ýangyç-energetika pudagynyň mümkinçiliklerini ynamly ösdürýär. Şu jähetden, Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde geçirilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyň wajyp ähmiýete eýedigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýurdumyz tebigy gazy çuňňur we toplumlaýyn gaýtadan işlemegi uly ugur edinmek bilen, energiýa serişdelerini iberiji iri ýurt hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny diňe bir berkitmän, harytlar düzüminiň energetika eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energiýa işewürliginiň täze görnüşlerini işjeň ösdürmegiň hasabyna bu işlere gatnaşmagyny hem hil taýdan özgerdýär. Şeýle-de Türkmenistan ykdysadyýetde, şol sanda ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlyk üçin örän uly mümkinçilikleri döredýän kuwwatly serişdeler binýadyna eýedir. Dünýäde iri «Galkynyş» gaz käni häzirki wagtda anyk taslamalar bilen baglylykda, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan

Türkmenistanda iki sany gury ýük gämisiniň gurluşygyna taýýarlyk görülýär

Mälim bolşy ýaly, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co. Ltd.» kompaniýasynyň arasynda ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna deň bolan iki sany gury ýük gämisini taslamalaşdyrmak we bilelikde gurmak babatda degişli şertnamalar baglaşyldy. Şu günler bolsa täze gämileriň gurluşygyna girişmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, gämileriň gurluşygynda 300-den gowrak işçi-hünärmeniň zähmet çekmegi göz öňünde tutulýar. Ýakynda koreýaly hünärmenler tarapyndan täze suw ulaglarynyň gurluşygynda işlejek ýaş işgärler bilen gurluşygy meýilleşdirmek, tilsimatlary ornaşdyrmak, gämi böleklerini işläp taýýarlamak, kebşirlemek, elektrik işleri, hil gözegçiligi boýunça 2 aý möhletli ýöriteleşdirilen okuw sapaklary geçirilip başlandy. Gurluşyk işlerine şu ýylyň iýul aýynda başlamak göz öňünde tutulýar. Döwrebap kärhananyň hünärmenleri öňden hereket edýän suw ulaglarynda dürli abatlaýyş işlerini-de ýokary derejede alyp barýarlar.