Durnukly ösüşiň kepili

30 Oktýabr 2024
326

Milli manadymyzyň dolanyşyga goýberilmegi giň möçberli ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirilen özbaşdak pul-karz syýasatyny alyp barmaga ýardam berdi. Bu babatda Esasy Kanunymyzda hem aýratyn bellenilip geçilýär we onuň kanuny binýady berkidilýär.

Has takygy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 138-nji maddasyna laýyklykda, döwletimiziň bank ulgamy ýurdumyzda ýeke-täk pul-karz syýasatyny alyp barýan Merkezi banky we beýleki bank edaralaryny öz içine alýar. Türkmenistanyň Merkezi banky nagt pul dolanyşygyny guramagy we hasaplaşyk töleg ulgamynyň netijeli işlemegini hem-de beýleki wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýän edaradyr.

Rejepnur AMANMYRADOW,
Arkadag şäheriniň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň hasaplaşyk bölüminiň baş buhgalteri.
Beýleki habarlar