"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Türkmenistan — Özbegistan: netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi

26-njy maýda hormatly Prezidentimiz ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilowy kabul etdi Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin milli Liderimize hoşallygyny beýan edip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň tüýs ýürekden salamyny ýetirdi. Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mäkäm binýadynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi.

Goňşuçylyk däplerine eýerip

26-njy maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilowy kabul etdi. Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň tüýs ýürekden salamyny hem-de şanly wakalar, şol sanda türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygy we Türkmenistanyň Prezidentiniň örän gyzykly hem-de möhüm bolan eserleriniň — ajaýyp Aşgabat şäherine we milletiň ruhy gymmatlyklaryna bagyşlanan kitaplarynyň neşir edilmegi mynasybetli iň gowy arzuwlaryny we gutlaglaryny ýetirdi.

Bank ulgamy özgertmeleriň ýolunda

Elektron tölegleri peýdalanmagyň ähmiýeti Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyndan ugur alyp, halkymyzyň hal-ýagdaýyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmekde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Raýatlarymyzyň dünýäniň ösen tehnologiýalaryna esaslanýan ygtybarly we amatly şertlerde bank hyzmatlaryndan bökdençsiz peýdalanmagy üçin bank ulgamynda hereket edýän elektron töleg ulgamyny kämilleşdirmek we birnäçe täze töleg-hasaplaşyk gurallaryny hödürlemek boýunça zerur şertler döredilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

26-njy maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy köptaraply döwletara gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýy hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ozaly bilen, iri halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Durnukly ösüş taglymatynda ekologiýa abadançylygy

Türkmen-özbek gatnaşyklary ösdürilýär

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilowy kabul etdi. Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň tüýs ýürekden salamyny hem-de şanly wakalar, şol sanda türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygy, Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäherine we milletiň ruhy gymmatlyklaryna bagyşlanan kitaplarynyň neşir edilmegi mynasybetli iň gowy arzuwlaryny we gutlaglaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 26-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilowy kabul etdi. Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň tüýs ýürekden salamyny hem-de şanly wakalar, şol sanda türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygy we Türkmenistanyň Prezidentiniň örän gyzykly hem-de möhüm bolan eserleriniň — ajaýyp Aşgabat şäherine we milletiň ruhy gymmatlyklaryna bagyşlanan kitaplarynyň neşir edilmegi mynasybetli iň gowy arzuwlaryny we gutlaglaryny ýetirdi.

Durnukly ösüşiň ekologiýa strategiýasy ykdysady diplomatiýa üçin «ýol kartasydyr»

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş tarapyndan «Gazyp alýan pudaklar durnukly ösüşiň hereketlendirijisidir» mowzugy bilen geçirilen onlaýn görnüşdäki ýokary derejeli ählumumy «tegelek stoluň» başyndaky maslahatda eden çykyşynda täze başlangyçlary öňe sürdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli pikirleriniň we başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy hil taýdan täze mazmuna eýe bolup, häzirki zamanyň halkara gatnaşyklar ulgamynyň ähli gatnaşyjylaryny özara hereketleriň proseslerine çekýän ählumumy derejedäki möhüm wezipeleriň emele gelmegi arkaly has-da işjeňleşdirilýär. Döwletimiziň Milletler Bileleşiginiň çygryndaky özara gatnaşyklaryny, şol sanda BMG-niň geňeşleriniňdir komissiýalarynyň, komitetleriniň 11-sinde agzalygyny onuň işjeň häsiýetli halkara syýasatynyň görkezijileriniň biri hökmünde nygtamak zerurdyr. 2020-nji ýylyň 14-nji martynda kabul edilen «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny» hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmek maksady bil

Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary

Biz Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň ähli ugurlardaky hyzmatdaşlyklaryna, şol sanda özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan parlamentara dostlukly gatnaşyklaryna uly hormat goýýarys. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň 28-nji aprelinde parlament ýolbaşçylarynyň  arasynda geçirilen «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly onlaýn duşuşygy häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça özara pikir alyşmakda bize uly mümkinçilikleri döretdi.

Söýginiň gözbaşy

Mähriban Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserinde mähriban enelerimiz barada şeýle diýýär: «Enelere hormat goýmak, ýagşylyga dowamat bermek, mukaddeslige tagzym etmekdir. Her bir asylly ýörelgäniň dowam etdirilmegi eneleriň görüm-göreldesiniň, öwüt-ündewiniň, ynamynyň netijesinde amala aşýar. Eneleriň güler ýüzünden iliň asudalygy, agzybirligi, döwletliligi, rysgallylygy, bagtly ýaşaýşy görünýär». Uly söýgi hem mähir bilen aýdylan bu jümleleri näçe uzaltsaň uzaldybermeli. Çünki döwrüň bagtyýar enelerine, zenanlaryna, maşgala mukaddesligine bagyşlanan bu kitap durşy bilen mekdep, nusgalyk ýol-ýörelge. Hut şonuň üçin-de, ilkinji Zenanlar guramamyz tarapyndan talyp gyzlaryň gatnaşmagynda geçirilýän çäreleriň her birinde çuňňur many-mazmuna, pähim-parasada eýlenen bu kitap uly gollanma bolup durýar. Geljekki eneler bolan ýaş gyzlaryň terbiýesinde enelerimiziň nusgalyk ömür ýolundan, durmuş tejribesinden ugur alynýar.

Doganlygyň belent güýji

Türkmen toý tutanda, ilki ýakyn dostlaryna çakylyk ýollaýar. Ýakyn dostlar toýuň ilkinji myhmanlarydyr. Ak şäherimiz Aşgabadyň şanyna tutulýan toý hem dostlar, doganlar bilen başlady. 20-nji maýda Aşgabadyň dostlaşan we doganlaşan şäherleriniň ýolbaşçylary bilen geçirilen halkara wideomaslahat bu aýdanlarymyzyň mysalydyr. Kabul (Owganystan Yslam Respublikasy), Baku (Azerbaýjan Respublikasy), Albukerke (Amerikanyň Birleşen Ştatlary), Pekin we Lançžou (Hytaý Halk Respublikasy), Tendo (Ýaponiýa), Ankara we Stambul (Türkiýe Respublikasy), Daşkent (Özbegistan Respublikasy), Nur-Sultan (Gazagystan Respublikasy), Bişkek (Gyrgyz Respublikasy), Moskwa we Sankt-Peterburg, Astrahan (Russiýa Federasiýasy), Wena (Awstriýa Respublikasy), Kişinýow (Moldowa Respublikasy), Ýerewan (Ermenistan Respublikasy) — bular Aşgabadyň dostlaşan we doganlaşan şäherleri. Ady Ginnesiň rekordlar kitabyna 11 gezek girizilen türkmen paýtagty özüniň 140 ýyllyk toýunyň dabaralaryny şol gün dostlary, doganlary bilen tutdy.

Türkmen-gazak hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. 20-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Onuň çäklerinde söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

20-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Onuň çäklerinde söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Dürli ugurlarda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri tarapyndan gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Aşgabat, 20-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Onuň çäklerinde söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Dürli ugurlarda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri tarapyndan gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Hyzmatdaşlygyň altyn halkasy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan eziz Watanymyzda halkara ulag ýollarynyň strategik taýdan ähmiýetli çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzyň üstaşyr-ulag kuwwatyny doly amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy esasynda häzirki wagtda ulag-aragatnaşyk we kommunikasiýa ulgamlary ýurdumyzyň çäginden has alyslara çykyp, halkara ähmiýetine eýe boldy. «Demirgazyk — Günorta», «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça çekilen halkara demir ýollarynyň giň tory bu günki günde Garaşsyz Diýarymyzyň söwda-ykdysady ösüşiniň täze bir tapgyry bolup, ata Watanymyzyň taryhynda altyn sahypalary açdy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başynda Akina — Anthoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanylmaga berilmegi, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkara ulag geçelgelerini döretmek baradaky taglymatynyň häzirki döwürde özüniň doly ykrarýetini gazanyp, onuň uly üstünliklere eýe bolýandygyny görkezýär. Häzirki wa

Türkmenistan – Hytaý Halk Respublikasy: strategik hyzmatdaşlygyň kuwwaty artdyrylýar

DIM-de Aşgabada iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar duşuşygyň barşynda ýokary derejede geçirilen gepleşikler wagtynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda şu ýylyň 6-njy maýynda bolan telefon söhbetdeşliginde deglip geçilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy. Duşuşykda biziň halklarymyzyň arasynda däp bolan dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli amala aşyrylýan döwletara hyzmatdaşlygyny yzygiderli giňeltmegiň ähmiýeti nygtaldy. * * *

Türkmenistanyň nebitgaz ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum

Energetika pudagynda däp bolan strategik gatnaşyklary saklamak bilen bir hatarda, Türkmenistan Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar, Günorta-Gündogar ugurlary boýunça energetika hyzmatdaşlygyny barha giňeldýär. Dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýär. «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan guralan Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyny dünýäniň onlarça ýurtlaryndan 500-e golaý wekil, iri kompaniýalaryň 200-den gowragy gatnaşdy. Umumy mejlis energetika bazarlaryndaky ählumumy ýagdaýlara hem-de dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanyldy. Çykyşlarda pudaklara öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, eksport ugurly we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän, Diýarymyzda çykarylýan önümleriň hilini gowulandyrmaga gönükdirilen önümçilikleri döretmäge, kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga hem-de durmuş ulgamyny ösdürmäge ilkinji nobatda üns berilýändigi nygtaldy.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyklar

Däp bolan gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

17-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň we ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikleriň barşynda ýakyn we uzak geljegi nazarlaýan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. «Oguz han» köşkler toplumynda döwlet Baştutanymyz Tatarystanyň Baştutanyna öz adyndan we Türkmenistanyň ähli halkynyň adyndan Kazan şäheriniň 175-nji mekdebinde bolup geçen we köp sanly adam pidalaryna, heläkçilige sebäp bolan pajygaly waka zerarly çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini aýtdy. Prezident Rustam Minnihanow mähirli kabul edilendigi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine hemişe üns berýändigi, medet beriji sözleri, şu agyr pursatda bildiren duýgudaşlygy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.

Türkmenistan — Gazagystan: dostluk ýörelgelerine eýerip

18-nji maýda döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň ýolbaşçysyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, ýokary döwlet wezipesinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň ýolbaşçylygynda bu gün Gazagystan Respublikasy ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýar.