Türkmenistan – Hytaý Halk Respublikasy: strategik hyzmatdaşlygyň kuwwaty artdyrylýar

20 Maý 2021
1215

DIM-de Aşgabada iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar duşuşygyň barşynda ýokary derejede geçirilen gepleşikler wagtynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda şu ýylyň 6-njy maýynda bolan telefon söhbetdeşliginde deglip geçilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy. Duşuşykda biziň halklarymyzyň arasynda däp bolan dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli amala aşyrylýan döwletara hyzmatdaşlygyny yzygiderli giňeltmegiň ähmiýeti nygtaldy.

* * *

Beýleki habarlar