"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Şygyr äleminiň ussady

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şygyrlary dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilýändigi onuň döredijiliginiň beýikligi bilen baglanyşyklydyr. Söz ussadynyň many-mazmuna baý şygyrlary bütin adamzady watansöýüjilige, agzybirlige, edep-ekramlylyga, ahlak arassalygyna, dost-doganlyga, halallyga çagyrýar. Nusgawy şahyrymyzyň «Berkarar döwlet istärin» diýip arzuwlan zamanasy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen wysal boldy. Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlarynyň dürli dillere terjime edilmegi beýik akyldaryň kämil döredijiliginiň halkara derejede ykrar edilýändiginiň beýanydyr. Beýik akyldaryň ömrüne we çeper döredijiligine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan, ýiti zehininden dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda akyldaryň çeper keşbi suratlandyrylýar. Bu ajaýyp şygyrda beýik akyldarymyza goýulýan sarpanyň çäksizdigi, çuňlugy duýulýar.

Nikola Tesladan paýhasly pikirler

«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024

Mag­tym­gu­la ma­ýyl alym

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragyny öwreniş ylmynyň bat alan döwri hasaplamak bolar. Bu döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen beýik akyldaryň mirasy ählitaraplaýyn ylmy esasda öwrenilip, bu ugurda iş alyp baran alymlaryň bitiren hyzmatlaryna ýokary baha berilýär. Magtymgulynyň eserlerini öwrenmekde we dünýä ýaýmakda uly işleri bitiren alymlaryň hatarynda Gündogar edebiýatyny öwreniji Ýewgeniý Eduardowiç Bertelsi hormat bilen ýatlamak bolar. Ý.E.Bertels dünýä ylmynyň taryhynda pars, täjik, türki halklarynyň edebiýatyny öwrenen görnükli alym hökmünde bellidir. Ol ýaşlygyndan ylymlar dünýäsine aralaşyp, öz döwrüniň meşhur alymlary W.W.Bartoldyň, A.Samoýlowiçiň edebi mekdebinde terbiýelenipdir. Bu alymlaryň Gündogaryň müň öwüşginli edebi äleminden berýän sapaklary Ý.E.Bertelsiň bu ugra gönükmegine hem-de türkmen milli nusgawy edebiýaty bilen ýakyndan tanyşmagyna ýol açypdyr.

Ýedi yklymyň dilinde Magtymguly Pyragy

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty döwrebap ýokary okuw mekdepleriniň biridir. Institutyň mugallymlary we talyplary hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda we türkmen halkynyň Milli Lideriniň pedagogik taglymaty esasynda ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamlarynda geçirilýän özgertmeleri durmuşa ornaşdyrmak ugrunda uly ruhubelentlik bilen zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiziň dil, edebiýat, bilim, ylym, jemgyýet we dünýä tejribesini öwrenmek baradaky taglymatlary ýokary bilimli, päk ahlakly, belent ruhly hünärmenleri taýýarlamaga uly ýardam edýär. Institutyň esasy wezipesi ýurdumyzyň halk hojalygy üçin döwlet we daşary ýurt dillerini bilýän ýokary hünärli dilçileri we edebiýatçylary, daşary ýurt dili mugallymlaryny we terjimeçileri taýýarlamakdan ybaratdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda institutyň professor-mugallymlary hem-de talyplary akyldar şahyrymyzyň dürdäne paýhaslaryny dünýä dillerinde ýaňlandyrmakda özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Magtymguly Pyragynyň häzirki wagta çenli daşary ýurt dillerine terjime edilen goşgularyny özleriniň okuw we kämilleşiş sapaklarynda dowamly peýdalanýarlar. Munuň ýene bir mysaly hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň döredip beren mümkinçi

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

( Ýedi yklymyň dilinde Magtymguly Pyragy ) I’m worshipping to Magtymguly

Min­net­dar, ha­nym (He­ka­ýa)

Lengston HÝUZ,amerikan ýazyjysy Köçeden uzyn boýly, daýanykly aýal agyr ýantorbasyny egninden üstaşyry göterip barýardy. Daşyndan synlasaň ýarylaýjak bolup duran ýantorbada çekiç bilen çüýden başga ähli zat bara meňzeýärdi. Bezemen geýnüwli aýal gije sagat on bir töwerekleri bolanlygyna garamazdan, ýeke özi köçäniň boýuny syryp, maýdalyna barýardy. Birdenkä alagaraňkylykdan okdurylyp çykan oglanjyk aýalyň ýantorbasyny garbap almaga synanyşdy. Oglanjygyň batly zarbasyna ýantorbanyň kemeri üzülip allowarra gitdi, özi bolsa ýantorbanyň hemem öz agramyna tap getiribilmän, ýanýodadan aňyrlygyna tüwdürilip gitdi.

Lengston Hýuzyň goşgulary

Asudalyk Gitdim mazarlyga, Bir topar pida. Ýeňenmi, ýeňlenmi? Çykanok seda. Ebedi tümlükde Kim çykdy üstün? Aňşyrmak çetin.

Üç us­sa­dyň hu­zu­ryn­da

Durmuşda bolýan her bir täsin waka ynsanyň ýadynda hemişelik galýar. Ondan bäri ençe ýyllar hatar gurap geçip giden-de bolsa, 1985, 1995, 2005-nji ýyllaryň wakalary ýadymda hemişelik galypdy. 1985-nji ýyl. Biz M. W. Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetinde okaýardyk. Bu ýokary okuw mekdebi bizi dünýä edebiýatynyň wekilleriniň döredijiligine, esasan-da, A. S. Puşkiniň edebi mirasyna has ýakynlaşdyrypdy. Şahyryň doglan, gadamy düşen rus topragy onuň ruhuna has golaýdy.

Iki çy­nar

Ýakup ÖMEROGLY, türk ýazyjysy Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz özüniň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Türkiýe Respublikasynyň ozalky Prezidenti Süleýman Demireliň 1993-nji ýylyň dekabrynda Ankarada türkmen žurnalistleri bilen bolan söhbetdeşliginde eden çykyşynda: «Beýik Seljuk döwletini guranlar hem türkmenleriň kynyk taýpasyndandyr. Osmanly döwletini gurup, alty asyrlap Wena çenli türküligi we musulmanlygy ýöreden gaýy taýpasy-da türkmendir» diýen sözleri türkmenleriň gaýduwsyzlygyna berlen ýokary bahadyr1» diýip, örän jaýdar belleýär. Türk ýazyjysy Ýakup Ömeroglunyň «Iki çynar» atly hekaýasynda-da Osmanly döwletine 1421-nji ýylda soltan bolup, soltanlygyň her bir işine akylly-paýhasly çemeleşen beýik türkmen hökümdary Myrat II 1425 — 1426-njy ýyllarda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde gurduran we bu türkmen soltanynyň öz ady dakylan Muradiýe seýilgäh toplumynda şol döwürde oturdylan 5-6 asyr ýaşan çynar agajy barada gürrüň edilýär. Hut şu sebäpli ýazyjynyň bu eseriniň türkmen okyjylary üçin hem gyzykly boljakdygyna ynanýarys. 

Köp wagt aý­dyl­ma­dyk söý­gi (He­ka­ýa)

Lýu Sün, hytaý ýazyjysy Maňa bu wakany Waň Siýawýun Linna gürrüň berdi.

Çin­giz Aýt­ma­tow we türk­men ede­bi­ýa­ty

"Aşgabat — muhabbetler şäheridir. Öňki Aşgabat juda ýigdelipdir, bu ýerdäki öýleriň bary ak, ulaglaryň bary ak, üstesine, adamlaryň ýüreklerem ak…" A.AKMATALYÝEW. ***

Bat­ga­lyk­da bo­lan wa­ka (He­ka­ýa)

Ru­do MO­RIS,slo­wak ýa­zy­jy­sy Iýun aýynyň Güni ýakyp-ýandyryp barýardy. Andreý Gregor pionerleriň ýygnanyşygyndan gaýdyp gelýärdi. Onuň keýpi çagdy. Ol yssydan ýaňa endiräp duran howada ýöremän, edil uçup barýan ýalydy. Onuň keýpden çykýança Gün şöhlesiniň astynda bolup, soňra bolsa arça tokaýlygyna edil guş ýaly uçup barasy gelýärdi. Oglan howlukman, demir ýoluň gum düşeginiň ýakasy bilen barýardy, haçan-da, oba yzda galanda, ol tokaýa tarap öwrüldi. Näbelet adamyň bu jelegaýlarda heläkçilige uçramagam mümkin: göräýmäge, hiç hili howp ýok ýaly — otlaryň üstünde kebelekler ganat kakyp, gaýmalaşyp ýör, ýek-tük ýerde ýalňyz olha ýa-da osina somalyp dur, käbir ýerlerde topbak ösen gyrymsy agaçlar gök salyp otyr; ýöne bular aldawçy batgalyk ýerlerdi. Birnäçe ädimden soň, Andreýiň aýaklarynyň astynda şalpyldy eşidildi, çüýrän, ýassyk şekilli topbak otlaryň aralaryndaky yşgalaňlarda goýy, zeňli, kerepli suw ýalpyldap göründi.

Ýyl­ky­ba­nyň og­ly (He­ka­ýa)

Tolegen KASYMBEKOW, gyrgyz ýazyjysy Kurmanbek ir turmaga endik edinipdi. Ynha, ol bu günem säher şapagy asmanyň ýüzüne täsin reňklerini çaýanda oýandy. Onuň dürli-dürli öwüşginleri çürelip gidýän dag depelerini ýaldyradýardy. Pessaýja sergin şemal Kurmanbekiň ýüzüni ýelpeýärdi. Ol öýüň bosagasynda Günüň dogşuny lezzet bilen synlap, dag çeşmesi deýin dury hem arassa howany demine dartyp, biraz durdy. Säheriň imi-salalygyny jaýyň aňrysyndan eşidilýän sazlaşykly toýnak sesleri bozdy.

Ary­la­ry el­de­ki­leş­di­ri­şi­miz ha­kyn­da

Ýaan RANNAP, eston ýazyjysy Agu Sihw­ka­ hakykaty beýan edýär

Ki­çi­jik Ni­ko­la­ (He­ka­ýa­)

Re­ne GO­SSINI, Žan-Žak SEMPEfran­suz ýa­zy­jy­lary «Kiçijik Nikola şatlanýar» atly kitapdan saýlama hekaýalar

Han­lar pe­na­syn­da söz­ler sol­ta­ny

Hanlar hany Abdyrahym han we ondan goldaw tapan şahsyýetler Türkmen topragynyň taryhy geçmişi öz gözbaşyny alyslardan alyp gaýdýar. Bu gözbaş taryhda ençeme döwletleriň içinden eriş-argaç bolup, syrygyp suw ýaly akyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Bu taryhy akymlaryň bir çetinden girip, oňa ylmy nazar aýlasaň, türkmeniň beýik ogullarynyň şahyrana owazlary gulagyňda ýaňlanyp, kalbyňy heýjana getirýär. Türkmeniň şirin owazlarynyň birem hindi topragyndan gelýär. Hindi topragyndan gelýän ýakymly, şahyrana owazlar türkmeniň beýik ogullary Baýram han Türkmeniň we onuň ogly Abdyrahym han Türkmeniň döredijiliginden hem-de olaryň egindeşleriniň galdyran syrly mirasyndan habar berýär. Çünki olaryň golýazmalardyr kitaplaryň ýüzüne ýazylan yzlary gutuda ýatan galamlary öz ugruna goýmaýardy.

Fran­suz ede­bi­ýa­ty­nyň ýyl­dy­zy

Fransuz edebiýatynyň görnükli zenan ýazyjysy Anna Gawalda 1970-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Parižiň günbatarynda ýerleşýän Bulon-Biýankur kommunasynda eneden bolýar. Entek mekdepde okaýarka ol özüniň dile çeperligi, üýtgeşik beýan etme täri arkaly mugallymlaryny we deň-duşlaryny haýrana goýmagy başarýar. 1992-nji ýylda ol «Iň gowy söýgi hatyny» ýazmak boýunça bäsleşigiň ýeňijisi bolýar. Soňra ol 1998-nji ýylda «Aristot» nowellasy bilen «Syýadaky gan» bäsleşiginde hem üstünlik gazanýar. Ýene-de birnäçe bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan Anna Gawalda okyjylaryň göwnünden turmagy başaran eserlerini metbugatda neşir etdirmek kararyna gelýär.

Nao­nyň baş­dan ge­çi­ren­le­ri (Po­west)

DYŇ Ýoumeý,hytaý ýazyjysy (Soňy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda).

Ki­çi­jik bi­ke­ler (Ro­man)

Luiza OLKOTT,amerikan ýazyjysy (Do­wa­my. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda)

Duýguly dünýä

DOGLAN GÜNÜM Doglan güni Mosartyň hem Gulbabaňgörnenmiş bir ýyldyz — guýrukly, ýagty. Men doglamda ýok ekeni gül bagda,güýz ekeni, meger, guýlandyr ýagmyr.Oraz aýyndamyş (adymdan belli),Taňryň gök mizanyn deňlän senesi.Kakamam gidendir ýanynda, belki, ejem bilen bile, geňläp seredenköp bolandyr, asyl bäbekhana hemgidip ýörmez eken aýallar o çak.Mätişge bolanmyş göbegenem meň,ýöne kakamdyr-la azan çykan-a. Diländirler, içmän bada, zyýat ýaş,hökman diländirler bagtyň ulusyn.Bolmagymy, belki, adamzada başbelki, döwrümiziň Magtymgulusybolmagymy, meger, arzuw edenemtapylandyr ýüze sylyp Aý ýaly.«Jomart bo:r» diýenmiş maňa enemem, mydam açyp ýatarmyşym aýamy.