Magtymguly Pyragy

18 Dekabr 2024
128

Kalbymyza nagyş bolan gazal, şygra eýe sen,
Ýürekleriň töründe sen, Magtymguly Pyragy!
Şygryýetiň şalygynda göwünlere söýe sen,
Ynsanýetiň serinde sen, Magtymguly Pyragy!

Berkarar döwlet islediň eziz türkmen halkyna,
Wysalyna ýetdi türkmen Hak tarapyn ýalkana,
Bak, Lebaba, Daşoguza, Ahal, Mary, Balkana,
Gül Diýaryň barynda sen, Magtymguly Pyragy!

Hudaýberen JANGELDIÝEW,
Kerki etrabynyň Astanababa şäherçesi.
Beýleki habarlar