"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Dünýä we Magtymguly

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýörite çäre geçirildi. Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan ÝUNESKO we TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlykda «300 ýyldan bäri Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk we ynanyşmak ýoluna eýerip» ady bilen guralan forum Bütindünýä poeziýa gününe bagyşlandy. Ol ÝUNESKO-nyň BMG-niň ştab-kwartirasynyň ýanyndaky wekilhanasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň ýolbaşçylaryny, BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Başlygyny, gurama agza ýurtlaryň hemişelik wekillerini, ýöriteleşdirilen edaralarynyň işgärlerini bir ýere jemledi.

Gadyrly gije

Biziň ynsanperwer halkymyz her bir mukaddesligi ýagşy umyt, ýagşy arzuw bilen garşy alýar. Ine, bu arzuwlar bilen garşy alnan Remezan aýynyň mübärek Gadyr gijesi hem ýetip geldi. Bu gijäniň öňüsyrasynda, ýagny 29-njy martda hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerini goldap, her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak babatda «Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekmegi halkymyzda çuňňur kanagatlanma duýgusyny oýardy.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ähli döwürler üçin ruhy-ahlak mekdebi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli beden taýdan sagdyn, hünärli edip ýetişdirmek, onuň döredijilik ukybyny we pikirlenmek başarnyklaryny jemgyýetimiziň kämilleşmegine hemde döwletimiziň täze sepgitlere ýetmegine gönükdirmek häzirki zaman terbiýeçilik işiniň özenidir. Ýaşlarda ahlak medeniýetini kemala getirmegiň esasy maksady olarda watansöýüjilik duýgusyny döretmekden, Diýarymyza bolan buýsanjy artdyrmakdan, şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine olaryň goşýan goşantlaryny artdyrmakdan ybaratdyr. Şeýle derwaýys işler ata-baba dowam edip gelýän milli däp-dessurlara we asylly ýörelgelere esaslanýar. Ýaşlarda ahlak medeniýetini kemala getirmekde milli mirasymyzyň ähmiýeti örän uludyr. Ençeme asyrlar bäri dowam edip gelýän türkmeniň döwletlilik ýörelgesi bu günki ýaşlarymyz üçin durmuş mekdebidir. Jemşidiň jamy ýaly şeýle egsilmez milli gymmatlyklary beýik Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynda görmek bolýar. “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary hem-de ynsanperwer syýasaty netijesinde türkmen halkynyň akyldary, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp ýurdumyzda we daşary ýurtlarda köpsanly medeni

Aýhan Hajyýew — Magtymguly Pyragynyň keşbini ilkinji bolup döreden ussat suratkeş

Ussat suratkeş Aýhan Hajyýew Gündogaryň beýik akyldary, türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň keşbini ilkinji bolup döreden suratkeş hökmünde tanalýar. Ol 1924-nji ýylda Bagyr obasynda dünýä inýär. On üç ýaşyndaka Aýhan Hajyýewiň «Pagta meýdanynda dynç alyş» atly eseri Çaga suratkeşleriň Bütinsoýuz bäsleşiginde 2-nji orna mynasyp bolýar. Bu ilkinji uly üstünlik ýigidiň ylhamyny joşduryp, has-da kämilleşmek islegini artdyrýar.

Asyr­lar­dan aşan ala­ja

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Türk­men hal­ky­nyň çe­per el­li ze­nan­la­ry öz­le­ri­niň dö­re­den sun­ga­ty bi­len dün­ýä ýü­zü­ni haý­ra­na goý­ýar. Öý-oja­gyň sü­tü­ni, mä­hir çeş­me­si ha­sap­lan­ýan türk­men ze­nan­la­ry­nyň el­le­rin­den dür dö­kül­ýär. Ola­ryň nä­zik el­le­rin­den çy­kan ne­pis keş­de­ler­dir ha­ly önüm­le­ri bi­ziň gün­de­lik dur­mu­şy­my­za mä­käm or­na­şyp­dyr we­lin, olar­da öz­bo­luş­ly gud­rat du­ýul­ýar.

Mil­li oýun­lar

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ru­hu­be­lent türk­men ýaş­la­ry­na bi­lim hem sag­dyn ter­bi­ýe ber­mek, ylym­ly, bi­lim­li, giň göz­ýe­tim­li bol­ma­gy ug­run­da ýur­du­myz­da uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­ma­gyň ra­ýat­la­ra el­ýe­ter de­re­je­si­ni giň­den ýaý­baň­lan­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da, bu iş­le­riň yl­my esas­da gur­nal­ma­gy, de­giş­li ul­ga­myň iş­gär­le­ri­niň öňün­de döw­let de­re­je­li wa­jyp me­se­le­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar.

Adamzadyň gymmatly mirasy gadymy Änew medeniýetine bagyşlanan halkara ylmy maslahatda giňden şöhlelendi

27-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň medeniýet öýünde geçirilen «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahat bu şäheriň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýan halkara çäreleriň esasylarynyň biri boldy.

Kesearkajyň taryhy söhbetleri

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynda: «Kesearkaç sebitindäki Nusaýyň, Sarahsyň, Abiwerdiň, Gökdepe galasynyň ýadygärlikleri döwlet tarapyndan goralýar» diýşi ýaly, biziň topragymyzyň her daban ýeri taryh hakda söhbet açýar.

Çarwa ýörelgesi

Çarwa nowruzynda ýere ýyly gidensoň, sähralarda ýuwa, ýelmik gögerip, älem-jahan lälezarlyk bolýar. Çarwalaryň durmuşynda bu döwürde owlak-guzy möwsümi hem başlanýar. Bu möwsüm gaty jogapkärçilikli möwsüm. Çünki onuň gelşi bilen bagly: «Hut, hut gowy gelsem — gazan süýt, erbet gelsem — kellebaşaýak üt» diýen aýtgy döräpdir. Täze doglan guzy enesiniň owuz süýdünden gana-gana emip, dessine höwrügip aýaklanýar. Guzujyk: «Meni owuz süýdünden doýruň-da, buzuň üstüne ataýyň» diýermiş diýip, bu ugurda köp «çorba sowadan» halypa çopanlar gaýtalaýarlar. «Goýundan ak-da doglar, gara-da» diýlişi ýaly, käbir guzyny enesi almaýar. Şeýle guzujygyň janyna howp salýan ýagdaýy düzetmek üçin hem çarwalar dürli usullary ulanypdyrlar. Olar guzlan goýunlary sanalandaky ýaly dar ýerden ýeke-ýekeden geçiripdirler. Goýun geçende guzusy hem yzyndan ylgap geçip, enesi bilen tapyşypdyr. Süriniň içinde ýek-tük enesi almaýan guzy bar bolsa, äşgär bolupdyr. Şeýle usul bilen haýsy goýnuň guzusyny almaýandygy seljerilipdir. Soňra bolsa guzuly goýun sygar ýaly ýörite garym gazylypdyr. Ony «körpeç» diýip atlandyrypdyrlar. Ene goýun bilen guzujygy bir gije-gündiz şonuň içinde saklapdyrlar. Gidere ýeri galmaýan ene goýun bialaç guzusyny almaly, emdirmeli bolupdyr.

Öz ýanymdan oýlanyp...

Kämilligiň ilkinji basgançagy Metbugat makalalaryny yzarlap oturşyma bir sowaly aňymda kän gaýtalaýaryn: “Ýokary okuw jaýlaryndaky 5 ýylky taýýarlyk žurnalist hünärini ele almak üçin ýeterlikmi?” Kesgitli jogap tapmak kyn, kim üçin, belki, ýeterlikdir, käbirleri üçin bolsa, taýýarlygy irräk başlamak zyýan etmese gerek. Nädip, nirede? Şu ýerde mekdep diwar gazetleriniň mekdep durmuşyndaky we geljekki žurnalistleri taýýarlamakdaky orunlary barada oýlanyşmagymyz gerek.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ýaş nesiller üçin ruhy ahlak mekdebi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli beden taýdan sagdyn, hünärli edip ýetişdirmek, onuň döredijilik ukybyny we pikirlenmek başarnyklaryny jemgyýetimiziň kämilleşmegine hemde döwletimiziň täze sepgitlere ýetmegine gönükdirmek häzirki zaman terbiýeçilik işiniň özenidir. Ýaşlarda ahlak medeniýetini kemala getirmegiň esasy maksady olarda watansöýüjilik duýgusyny döretmekden, Diýarymyza bolan buýsanjy artdyrmakdan, şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine olaryň goşýan goşantlaryny artdyrmakdan ybaratdyr. Şeýle derwaýys işler ata-baba dowam edip gelýän milli däp-dessurlara we asylly ýörelgelere esaslanýar. Ýaşlarda ahlak medeniýetini kemala getirmekde milli mirasymyzyň ähmiýeti örän uludyr. Ençeme asyrlar bäri dowam edip gelýän türkmeniň döwletlilik ýörelgesi bu günki ýaşlarymyz üçin durmuş mekdebidir. “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary hem-de ynsanperwer syýasaty netijesinde türkmen halkynyň akyldary, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp ýurdumyzda we daşary ýurtlarda köpsanly medeni çäreler geçirilýär. Çünki, Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ýaş nesli terbiýelemekde, durmuşa taýýarlamakda özbol

Ähli ýollar Änewe getirýär (Ýaş žurnalistiň sözi)

Ir döwürler Günbatarda «Ähli ýollar Rime eltýär» diýen jümle ýörgünli bolupdyr. Elbetde, bu jümläniň geosyýasy, dini we filosofik manylary bar. Häzirki makalamyzda bu sözlere biraz üýtgeşme girizip, «Ähli ýollar Türkmenistana, Änewe eltýär» diýsek, gürrüňiň näme hakda barýandygy öz-özünden düşnükli bolar, megerem. 2024-nji ýyl tutuş türki dünýäde «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» şygary astynda geçýär. Gadymy Änew şäheri bolsa «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen buýsançly ady göterýär. Diýmek, bu ýyl türkmen topragy doganlyk türki halklaryň wekilleriniň ýygy-ýygydan duşuşjak, dürli mazmunly çärelerdir forumlar arkaly syýasy hem medeni dialogyň has-da rowaçlanjak mekanyna öwrüler. Şu gün — 26-njy martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçiriljek dabara bolsa Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň resmi taýdan badalga alýandygyny alamatlandyrar. Biziň ýurdumyzda toýlar goşa-goşadan gelýär. Diňe türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylyň wakalary-

Milli mirasymyza belent sarpa

Golaýda Daşoguz şäherindäki Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň binasynda ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň halkara sanawlaryna goşulan milli mirasyny wagyz etmek maksady bilen «Milli mirasyň galkynýan zamanasy» atly dabaraly maslahat hem-de amaly-haşam önümleriniň sergisi guraldy. Bu maslahat ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty, ýurdumyzyň Zenanlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Daşoguz welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde welaýatyň çäginde ýerleşen taryhy-medeni ýadygärlikleri ýüze çykarmak, olary wagyz etmek hem-de ÝUNESKO-nyň halkara sanawlaryna girizmek maksady bilen geçirildi.

Akyldar şahyryň döredijilik mirasy – türkmen ýaşlary üçin terbiýe mekdebi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkymyzyň şöhratly taryhy, medeni mirasy we ruhy gymmatlyklary çuňňur öwrenilýär. Munuň özi ýaş nesliň kalbynda taryhymyza, ruhy gymmatlyklarymyza bolan buýsanjyň kemala gelmegine getirýär. Taryhda öz paýhasy bilen meşhurlyk gazanmagy başaran beýik şahsyýetleriň biri-de akyldar şahyr Magtymguly Pyragydyr. ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek barada çözgüt biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramçylygynyň bu guramanyň Şanly seneler sanawyna goşulmagy beýik akyldaryň şan-şöhratynyň dünýä dolýandygyny, döredijilik dünýäsiniň gymmatynyň artýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ata-babalarymyzyň akyl-paýhas mirasyny ýaş nesillere öwretmekde, nesil terbiýesinde netijeli peýdalanmakda uly mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesillerde ruhy we ahlak gymmatlyklary kemala getirmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, döwrebap bilim-terbiýe bermek ugrunda ýurdumyzda alnyp barylýan işler döw

Atlaryň täsin dünýäsi

Magtymguly Pyragynyň goşgularynda türkmen tebigatynyň keşbi

Güneşli Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amatly daşky gurşawy üpjün etmäge gönükdirilen «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek babatdaky maksatnamalarymyz üstünlikli durmuşa geçirilýär. Biziň daşky gurşawy goramak baradaky syýasatymyz — döwletimizde amatly ekoulgamy üpjün etmekden, biodürlüligi gorap saklamakdan, galyndysyz önümçilik ýa-da az galyndyly önümçiligi goldamakdan, bu babatda ýaşlaryň arasynda ekologiýa medeniýetini, ekologiýa diplomatiýasyny kämilleşdirmekden ybaratdyr. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» özeninde hem hut şu wezipeler orun alandyr. Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Häzirki zamanyň ekologiýa ylmyny baýlaşdyrýan çeşmeler halk paýhasynda hem ykrar edilendir. Ösümlik we haýwanat dünýäsi baradaky hekaýatlardyr rowaýatlar durmuşyň inçelik bilen akyl ýetirilen göwherleridir. Şonuň üçin milli terbiýeçilik ulgamymyzda tebigaty söýmegiň, ýere, suwa aýawly çemeleşmegiň ähmiýeti uludyr» diýlip bellenilýär. Bu hakykat halk döredijiligimizde-de, edebi mirasymyzda-da ykrar edilýär. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem türkmen teb

«Çapak» tansy

Garaşsyz Watanymyzyň welaýatlarynda giňden ýaýran, türkmen toý-baýramlarynyň aýrylmaz bölegi bolup gelen milli tanslarymyz dürli sebitlerde özboluşly ýerine ýetiriliş aýratynlyklaryna eýedir. Gündogar Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň arasynda giňden ýaýran «Çapak-karsak» ady bilen tanalýan «çapak» tansy-da, esasan, Saýat, Hojambaz etraplarynda, şeýle-de samarkantly türkmenlerde ýerine ýetirilýär. Ol «Çepbekeý», «Çemçe-kaşyk», «Hüşdeki», «Hekge-böküş», «Jamly oýun» ýaly birnäçe bölümlerden ybaratdyr. «Çapak» tansy gelin-gyzlar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Olar giň tegelegi emele getirip, merkezinde iki ýa-da birnäçe zenan ýaz guşlarynyň hereketini ýatladyp, ellerini bykynyna tutup, duran ýerlerinde ýuwaşja bökmek bilen tansyň ilkinji sazlaşykly hereketini edýärler. Soňra elleriniň aýasy bilen çapak çalýarlar. Deprekleriň ýuwaşjadan batlanýan sesi tansa aýratyn öwüşgin berýär. Tansçylaryň hereketleri gitdigiçe üýtgeýär, olar göýä asman giňişligindäki ganat ýaýýan guwlary ýadyňa salýar. Tansyň depgini kem-kemden peselip, ýaş tansçylaryň ornuna duýdansyz agaç çemçeden — kaşykdan owaz çykarýan ussat tansçylar öňe çykýarlar. Olaryň ellerindäki çemçeleriň owazy we tans hereketleri deprekleriň kakuwyna goşulyşyp gidýär. Tansyň iň

Täzelenişiň hem gülleýşiň baýramy

Allatagalanyň keramatly nazary düşen türkmen topragyna Nowruz geldi. Älem-jahanyň reňki-roýuny täzeleýän baýramçylygy külli musulman halky täzelenişiň, päkligiň, galkynyşyň toýy hökmünde dabaraly belläp geçýär. Kalplary, ruhlary täzeleýän bu baýramçylyk gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Elbetde, ýaz paslynyň gelmegi bilen türkmen ýaýlasy al-ýaşyl çemenzarlyga öwrülýär. Owlak-guzularyň sesi, guşlaryň şirin mukamlary — bularyň ählisi pasyllaryň soltany baharyň gelendigini buşlaýar. Söz ussady Magtymguly Pyragy Nowruzy özüniň «Jahan peýda» diýen goşgusynda şeýle teswirleýär:

Nowruz

Ýylyň nowruz möwsümi Milli bahar baýramy bilen başlanýar. Pederlerimiziň ýöreden hasabyna görä, nowruz möwsümi 21-nji martdan başlanýar. Bellenişi ýaly, nowruz sözi «now» — täze hem-de «ruz» — gün diýen sözlerden emele gelipdir. Ata-babalarymyz ýazyň gelmegini täzelenişiň baýramy, täze ýylyň başlangyjy hasaplapdyrlar. Taryha ser salsaň, bu baýramyň ilki sümerler tarapyndan bellenilendigi baradaky maglumatlara gabat gelmek bolýar. Sümerler Nowruz baýramyny «Akitil» diýip atlandyrypdyrlar. «Til» sözi sümer dilinde «ýaşamak» we «dünýä gelmek» diýen manyny beripdir. Nowruzyň äleme gelmegi bilen janlanyşyň, täze ýaşaýşyň başlanýandygy barada Magtymguly atamyz «Duman peýda» şygrynda «Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda...» diýip belleýär.

Şepagatdyr şerhi päk, ejemiň alajasy...

Hol gün iňňe-sapak, ilik ýaly zatlary salyp goýýan gutymdan reňkleri öçüşip giden, ak-garaly nah sapakdan işilip, ýekeje gözmonjujak dakylan alaja çykdy... «Monjugy ýitäýmesin» diýip, ýolnan alajany monjugyň daşyndan aýlap, düwüp goýanym ýadyma düşdi. Dogrusy, gaty kän zat ýadyma düşdi. Gözýaşlaryma erk edip bilmän oturyşyma, ejem janyň şu alajany işip, goşaryma dakyp oturan pursatlarynyň hyýalyna doldum.