Ähli ýollar Änewe getirýär (Ýaş žurnalistiň sözi)

25 Mart 2024
462

Ir döwürler Günbatarda «Ähli ýollar Rime eltýär» diýen jümle ýörgünli bolupdyr. Elbetde, bu jümläniň geosyýasy, dini we filosofik manylary bar. Häzirki makalamyzda bu sözlere biraz üýtgeşme girizip, «Ähli ýollar Türkmenistana, Änewe eltýär» diýsek, gürrüňiň näme hakda barýandygy öz-özünden düşnükli bolar, megerem. 2024-nji ýyl tutuş türki dünýäde «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» şygary astynda geçýär. Gadymy Änew şäheri bolsa «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen buýsançly ady göterýär. Diýmek, bu ýyl türkmen topragy doganlyk türki halklaryň wekilleriniň ýygy-ýygydan duşuşjak, dürli mazmunly çärelerdir forumlar arkaly syýasy hem medeni dialogyň has-da rowaçlanjak mekanyna öwrüler. Şu gün — 26-njy martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçiriljek dabara bolsa Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň resmi taýdan badalga alýandygyny alamatlandyrar.

Biziň ýurdumyzda toýlar goşa-goşadan gelýär. Diňe türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylyň wakalary-da munuň hakykatdygyny eýýämden subut edip gelýär. 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini tassyklaýan Kararnamanyň kabul edilendigi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň çapdan çykandygy baradaky hoş habarlaryň aýdylmagy bolsa Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň şanyna tutuljak ilkinji toýuň şatlygyna şatlyk goşdy. Uly-uly dabaralaryň geçirilýän ýerine öwrülen «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasy bu gün hem türki ýurtlardan gelen myhmanlaryň köp sanlysyny bir meýdança jemlär. Habar berlişi ýaly, şolaryň hatarynda Türki Döwletleriň Guramasynyň we onuň düzümine girýän Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türki medeniýetiň we mirasyň gaznasynyň, Halkara türki akademiýasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, TDG-ä agza we synçy ýurtlaryň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary, döredijilik hem ylmy işgärleri bar. Dabaranyň çäklerinde guraljak türki halklaryň sungat ussatlarynyň konserti, suratkeşleriň, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň, fotosuratçylaryň eserleriniň sergisi bolsa türki medeniýetiň köpöwüşginliligini giňden açyp görkezer.

Aýgül RAHYMOWA.
Beýleki habarlar