"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ekologik ähmiýetleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzda innowasion senagatlaşmak yzygiderli amala aşyrylýar, daşky gurşawy goramaga, senagat kärhanalarynyň ekologiýa howpsuzlygyna aýratyn üns berilýär. Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkara giňişliginde ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatda oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýär. Munuň özi, ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda ekologiýa diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet berilýändigini tassyklaýar. Adalatlylyk, daşky gurşawy gorap saklamak, durnukly ösüş babatyndaky ählumumy ýörelgeler ýurdumyzyň alyp barýan ekologiýa diplomatiýasyny häsiýetlendirýär. Bu bolsa Türkmenistanyň dünýäde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde öňe sürýän başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirmeginiň, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylyga we durnukly ösüşe gönükdirilendigini subut edýär.

Aras­sa ho­wa — sag­dyn jem­gy­ýet

Daşky gurşawy goramak babatda umumadamzat bähbitli içeri we daşary syýasaty alyp barýan Garaşsyz Türkmenistanda az galyndyly hem-de galyndysyz tehnologiýalary döretmek we olary önümçilige giňden ornaşdyrmak daşky gurşawy goramagyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu iş diňe bir tehnologiýany düzmek we ony önümçilige hödürlemek bilen çäklenmän, birnäçe guramaçylyk häsiýetli meseleleriň hem çözülmegini talap edýär (kärhananyň çig mal we energiýa üpjünçiligi, ýeterlik ölçeg dolandyryş enjamlarynyň bolmagy we başgalar). Şonda, — täze, ozal düzülmedik az galyndyly we galyndysyz tehnologiýalary işläp düzmek;

Ekologiýa — şähergurluşyk strategiýasynyň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy Aşgabat, 24-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzyň işewürlik we durmuş maksatly desgalaryň kemala gelýän ýeri bolan günorta künjeginde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Ýurdumyzyň baş şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, gurulýan desgalarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesini utgaşdyrmak we paýtagtymyzyň durmuş düzümini kämilleşdirmäge degişli meseleler milli Liderimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar.

Baglar — bereketli topragyň bezegi

Irki döwürlerde hem adamlar tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyň ähmiýetine düşünmek bilen, dürli şekilleri döredenlerinde, lybaslaryň bezeginde, haly, keçe sungatynda ösümlik we haýwanat dünýäsine ýüzlenipdirler. Adam tebigatyň goýnunda ösüp, zähmet çekip, daşky gurşawyň gözelligini kalbyna siňdiripdir. Şeýlelik bilen,  tebigat ynsanyň ýakyn hemrasyna öwrülipdir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Çogly güneşi, gaýtalanmajak özboluşlylygy, ajaýyp tebigy ýadygärlikleri, täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan türkmen topragynyň tebigaty täsin gözelligi bilen tapawutlanýar». Bu günki gün türkmeniň kalby ýaly, tebigaty-da özüne çekiji, ruhuňy göteriji güýje eýe. Bu topragyň müň öwüşginli tebigatynda gözüň eglenen ýeri durşy bilen gudrat. Onuň belent-belent daglarydyr derýalaram, çöl-sährasam durşy bilen gözellik, ummasyz hazyna. 

Oba-şäherler görke gelýär

Baharyň her güni ajaýyp, ýöne şu güni welin hemişekilerinden hem has üýtgeşik, has ýakymly täsirlere beslendi: Milli Bahar baýramynyň öňüsyrasynda — 20-nji martda Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzyň ýaşaýjylary hem hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanyna ýylyň dowamynda 30 million daragt ekmek ýaly belent maksada gönükdirilen beýik başlangyjyny goldap, köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna çykdylar. Bag ekmek boýunça baş dabara welaýat boýunça Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap awtomobil köprüsiniň etegindäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Bu ýer hakyky zähmet baýramçylygynyň dabaralaryna beslendi. Aýdym-sazlaryň süýji mukamy bag ekmäge gelenleriň iş keýplerini we ruhlaryny belende göterdi. Il sylagly ýaşululardyr kümüş saçly eneler Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ilatynyň il-ýurduňy, tebigaty söýmek ýaly ajaýyp sypatlarynyň ýüze çykmasy hökmünde kemala gelen bag ekmek ýaly dabaraly däbi berjaý etmäge işjeň gatnaşdylar. Welaýat boýunça bu däbi berjaý etmäge başlangyç berlen giň meýdanda baýramçylyk dabarasyna dürli öwüşginleri çaýýan pursatlar örän köp boldy.

Nesilleriň abadançylygy hakyndaky alada

Hormatly Prezidentimiz ýazky bag ekmek möwsümine badalga berdi 20-nji martda milli Liderimiziň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk dabarasy tebigatyň janlanýan we gülleýän pursadyndaky sahawatyny, halkymyzyň mähriban toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza, ýagşy dessurlarymyza ygrarlylygyny alamatlandyrýan Milli bahar baýramyna bagyşlandy.

Tebigata söýginiň dabaralanmagy

Milli Liderimiz ýazky bag ekmek möwsümine badalga berdi 20-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk dabarasy tebigatyň janlanýan we gülleýän pursadyndaky sahawatyny, halkymyzyň mähriban toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza, ýagşy dessurlarymyza ygrarlylygyny alamatlandyrýan Milli bahar baýramyna bagyşlandy.

Bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan dünýäde ekologiýanyň, daşky gurşawyň goralmagy ugrunda işjeň çykyş edip, nusgalyk işleri amala aşyrýar. Çöllük ýerlerde sazak, daglyk ýerlerde arça, derýa boýlarynda bolsa dürli agaçlaryň tokaýlyklary döredilýär. Olar oňaýly mikroklimaty emele getirýär, daşky gurşawy arassa saklaýar. Bag ekmek diňe howany arassalamak ýa-da adamlaryň jan saglygyna oňat täsir etmek bilen çäklenmän, eýsem, iň sogaply işleriň biri hasaplanýar. Halkymyzda örän irki döwürlerden bäri zeminiň baýlyklary we gözellikleri bolan suwa, ýere, bag-bakja we haýwanat dünýäsine aýawly garamak babatda nesilden-nesle geçip gelýän asylly ýörelgeler kemala gelipdir. Olar häzirki bagtyýar zamanamyzda-da özüniň ähmiýetini ýitirmän gelýär.

Ählihalk bag ekmek dabarasy

ÖŇŇIN berkarar Watanymyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýazky bag ekmek möwsümine badalga bolan bu asylly çäre welaýatymyzyň ähli ýerinde toý ruhuna beslendi. Nobatdaky ählihalk bag ekmek dabarasyna ildeşlerimiziň uly höwes we hyjuw bilen goşulmagy eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmegiň, ýaşyl zolaklaryň gerimini giňeltmegiň hem-de ekologiýa abadançylygyny gazanmagyň ýolunda möhüm ähmiýete eýe boldy. Welaýat derejesindäki esasy ählihalk bag ekmek dabarasy Ak bugdaý etrabynyň Bereketli zaman şäherçesinde ýaýbaňlandyryldy. Bag ekmäge niýetlenip, birkemsiz taýýarlanan 4 gektar meýdanyň töweregi saba-säherinden toý ruhubelentligine beslendi. Pasyllaryň soltany saýylýan baharyň ir-säheriniň hoştap howasy ol ýere ýygnananlara özboluşly keýpiçaglyk eçildi. Türkmeniň alty ganat ak öýleriniň hatary bolsa, ol ýerdäki toý öwüşginleri bilen özara sazlaşygy emele getirdi. Şeýle göwün göteriji pursatlarda asylly çärä — bag nahallaryny oturtmak işine dabaraly ýagdaýda badalga berilmegi bilen giň meýdandaky ruhubelentlik has belende göterildi.

Ekologiýa abadançylygy — bagtyýarlygyň gözbaşy

Tebigata aýawly garamak, daşky gurşawy goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek, ýer-suw serişdeleriniň oýlanyşykly ulanylmagyna, çölleşmä garşy göreşmek, tebigatyň täsin künjeklerini gorap saklamak, deňiz gurşawyny we Hazar deňziniň biologiýa köpdürlüligini goramak, Araly guramakdan halas etmek ýaly ekologik meseleler şol ugruň çözülmesini talap edýän esasy şahalarydyr. Her bir türkmenistanlynyň muňa dogry akyl ýetirip, agzybirlikde göreş alyp barmagy bolsa bu babatda gazanjak iň uly ýeňşimizdir. Hut şu aýdylanlardan ugur alyp hem, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň möhüm ugurlary bolan daşky gurşawy, tebigatyň biodürlüligini, gözelligini goramak bilen bagly düýpli işler durmuşa geçirilýär. Şol alnyp barylýan işler tutuş adamzadyň şu günki hem ertirki ýaşaýşynyň kadaly, durmuşynyň abadan, sagdyn bolmagyna gönükdirilendir. Bu babatda Türkmenistan halkara derejesinde çözülmegini talap edýän suw-energetika, ýer we biologik serişdeleri rejeli peýdalanmak, biologik köpdürlüligi, tebigaty goramak, çölleşmä we tokaýlaryň ýitmegine garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny, ekologik biodürlüligi goramak, bütin adamzady agyz suwy bilen

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Biziň ekologiýa maksatnamalarymyz nesilleriň abadançylygy hakyndaky aladadyr

Milli Liderimiz ýazky bag ekmek möwsümine badalga berdi Aşgabat, 20-nji mart (TDH). Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk dabarasy tebigatyň janlanýan we gülleýän pursadyndaky sahawatyny, halkymyzyň mähriban toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza, ýagşy dessurlarymyza ygrarlylygyny alamatlandyrýan Milli bahar baýramyna bagyşlandy.

Bag — bakylyga goşant

Nowruz — jümle-jahanyň jana gelip, täze keşbe, täze görke girýän pursady. Şonuň hormatyna-da bu baýramda täze eşik geýmek, bolmanda, bagjygyňy täzelemek — gadymdan gelýän däp. Ol gowulyga ýorulýar. Bu gün döwletli halkymyz Nowruz baýramynda diňe bir öz donuny täzeläp, öz üst-başyna serenjam bermek bilen oňaýanok. Mertebeli millet, derejeli il bolup, tutuş ýurduna ýaşyl baglardan täze don, täze serpaý ýapýar!

Tebigata yhlas — Watana söýgi

Hormatly Prezidentimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň toýlanýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyz boýunça miweli we saýaly agaç nahallarynyň 30 million düýbüni oturtmak baradaky beýik başlangyjy ählihalk joşgunyny döretdi, nurana eýýamymyzy asylly zähmeti bilen beýgeltmek, arassa yhlasy bilen has-da gözelleşdirmek bagtyna eýe bolan agzybir halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy. Bir günüň dowamynda edilmeli iş säher bilen, bütin bir ýyla niýetlenilen iş bahar bilen başlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň gül-gülüstan ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça täze başlangyçlary beýiklere mynasyp döredijilik kuwwaty bilen rowaçlanýar. Düýn milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýazky bag ekiş möwsümi badalga aldy, sogaba baý bu döwletli iş täzelenmek, özgertmek, döretmek hem gurmak gözelligi bilen görklenýän ýurdumyzyň bagt baharyna gaýtalanmajak gözellik eçildi.

Dünýäniň gözelligi baglarda

Düýn hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berildi Päk asmanyň altyn ýaly lowurdap duran Gün bilen, ýyldyzly gijeleriň aýdyň Aý bilen gelşikli görnüşi ýaly, daş-töwerek, ümmülmez tebigat bagy-bossanlyk bilen görklüdir. Tebigat bilen ynsanyň özara sazlaşygyna aýratyn ähmiýet berip, raýatlarynyň saglygynyň, ýaş nesilleriň beden berkliginiň aladasyny edýän Gahryman Arkadagymyz «ýaşyl hazynamyzyň» gorunyň artmagyny elmydama üns merkezinde saklaýar. Hut şol sebäpli-de, eziz Diýarymyzda geçirilýän her bir toý-dabara, ähmiýetli çäre köpçülikleýin bag ekmek dabarasy bilen özüniň hakyky many-mazmunyna eýe bolýar. Muňa dek düýnüň özünde bolup geçen şatlykly wakalar hem aýdyň mysal bolup biler.

Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna — 30 million daragt

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmak işleriniň ýazky tapgyryna başlangyç berildi. Ildeşlerimiz bag ekmek ýaly watançylyk hereketine her ýyl işjeňlik bilen goşulýarlar. Şu gün Milli bahar baýramynyň öň ýanynda hem olar hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilýän köpçülikleýin bag ekişlik çäresine işjeň gatnaşarlar. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanyna ýylyň dowamynda ekilmegi maksat edinilen daragtlaryň 30 million sanysynyň ilkinjileri topraga köklerini urarlar. Daragt nahallarynyň müňlerçesi ildeşlerimiziň mähriban Watanymyza bolan çäksiz buýsanjynyň we söýgüsiniň nyşany bolup ösüp ugrar. Ýylyň dowamynda daragtlaryň 30 million sanysy ekilip, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň dabaralary bilen utgaşar. Haýdar  MAMEDOW,welaýat daşky gurşawy goramak müdirliginiň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak bölüminiň başlygy:

30 million düýp nahal

ýurdumyzyň görküne görk goşar «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki» ýaly ata-babalarymyzdan bize miras galan nakyllara, däp-dessurlara eýerip, milli Liderimiz halkyň ömrüne ömür goşýan, kisloroda baý howany emele getirýän baglaryň, gülleriň, ösümlikleriň köpeldilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Bagym bar, barym bar

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 5-nji martynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanda 2021-nji ýylyň 20-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakynda Karara gol çekdi. Şu gün — 20-nji martda ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek dabarasy milli Liderimiziň gatnaşmagynda badalga alar. Bu ählihalk çäresiniň esasy maksady ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýiniň giňden bellenilýän ýylynda bu şanly senäniň hormatyna ýurdumyz boýunça 30 million düýp agaç nahalynyň ekilmegi Diýarymyzda ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň geriminiň näderejede giňdigini bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar. 2018-nji ýyla çenli ýurdumyzda 20 ýylyň dowamynda 90 million düýp agaç nahalynyň oturdylandygyny nazara alsak, munuň özi, hakykatdan-da, il-ýurt bähbitli, sebit we dünýä ähmiýetli tutumly başlangyçdyr. Çünki bag nahallaryny köpçülikleýin oturtmak arkaly ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine goşant goşmak ählum

Ýeriň ýaşyl ýaraşygy

Ýanýoda bilen ýöräp barşyma pikirlerim bir monjuga düzüldi: ýanýoda! Onuň gyrasyny jähekläp oturan baglar. Hormatly Prezidentimiziň şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda 30 million düýp agaç nahalyny ekmek barada gol çeken Karary... Ynha, ýaşyl begres geýnen baglar. Olar seni ilki bilen, çagalyk dünýäsine atarýar. Bu her kimiň dünýäsiniň çagalykdan başlanýandygy üçin bolsa gerek. Hawa, biziň haýsy birimiz ýaşyl baglaryň saýasynda oýnamandyk?! Biziň haýsy birimiz baglaryň çybygyndan at ýasanyp, iki ýana ylgamandyk?! Ýa soňra olaryň salkyn saýasyna düşek atyp, çaý içmändik? Şol wagt baglary kimiň ekendigi bizi gyzyklandyrmadyk bolmagy-da ahmal. Käwagt jogap diňe sowal ýüze çykan wagty gözlenýär ahbetin!

Bag ekeliň

Tebigata goşant edip,Bile üýşüp bag ekeliň!Boz ýerleri dersläp-depip,Geliň, kän-kän bag ekeliň! Saýasynda çaýlar ýaly,Çagajyklar ýaýnar ýaly,Dökün döküp, suwlar ýaly,Bol miweli bag ekeliň!

Zemin güllese, ömür gülleýär

(«Garaşsyzlyk gadyry» atly publisistik toplumdan) (Soňy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda).