Milli liderimiziň ekologiýa syýasaty ählumumy abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilendir

25 Maý 2021
1641

Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny, gözelliklerini goramak, olary geljekki nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň ýöredýän il-ýurt bähbitli ynsanperwer syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek we rejeli peýdalanmak, biologiki köpdürlüligi saklamak we daşky gurşawy goramak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistan ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça iri halkara we sebitara guramalary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklary ýola goýdy.

Türkmenistan BMG-niň daşky gurşawy goramak baradaky örän möhüm konwensiýalaryny, maksatnamalaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etdi. Bu gaznanyň esasy wezipeleri Aral meselesini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmek, Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini göz öňünde tutmak bilen, suwdan tygşytly peýdalanmaga we bilelikde ulanmaga, ony hapalamakdan goramaga gönükdirilendir.

Akgül MUHAMMEDIÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar