"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň ýolunda

Hormatly Prezidentimiz 6-njy fewralda ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri hasaplanýan bu ulgamyň ösüş depginini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylan işlere baha berip, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri hem kesgitledi. Milli ykdysadyýetimiziň tapgyrlaýyn bazar gatnaşyklaryna geçýändigini nazara alyp, inžener-tehniki we ulag-aragatnaşyk ulgamlary üçin hünärmenleri taýýarlamakda hususy ulgam bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, degişli ugurlar boýunça okuw meýilnamalaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de halkara IT kompaniýalarynyň taslamalaryna işjeň gatnaşmak bilen bagly meseleler bolsa Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň esasy wezipeleri hökmünde öňe sürüldi. Olaryň üstünlikli amala aşyrylmagy talyplara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, olary ylmy we taslama işlerini ýerine ýetirmäge çekmekde, okuw işine innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmakda täze mümkinçilikleri açýar. Dünýäniň ylmy-tehniki gazananlarynyň öňdebaryjy usullarynyň bilim işinde yzygiderli peýdalanylmagy, öz gezeginde, ýurdumyzda döwrebap hünärmenleriň kemala gelmegini, ýaş alymlaryň sanynyň

«LG» jahany gezýär

Koreýada dünýäniň iň naýbaşy tehnologiýa harytlaryny öndürýän kompaniýalaryň birnäçesi ýerleşýär. «LG» kompaniýasy dünýäde öňdebaryjy şereketleriň biri hasaplanýar. Kompaniýanyň harytlary sarp edijiler tarapyndan höwes bilen satyn alynýar. Köpugurly tehnologiýa kompaniýasynyň ştab-kwartirasy Koreýa Respublikasynyň işewürlik merkezi hasaplanýan Seul şäherinde ýerleşýär. Kompaniýa, esasan hem, 4 ugur boýunça, ýagny, hojalyk harytlary, ykjam aragatnaşyk enjamlary, howa çözgütleri we ulag serişdeleri öndürýän bölümleri öz içine alýar. «LG» Koreýanyň iň uly dördünji hususy kärhanasy hasaplanylýar. Kompaniýanyň taryhy barada belläp geçenimizde, «LG» 1958-nji ýylyň oktýabr aýynda işewür Ku In-hwoý tarapyndan «GoldStar» ady bilen esaslandyrylýar. «GoldStar» Koreýanyň radio, telewizor, sowadyjy, kir ýuwujy maşyn we kondisioner öndürip başlan ilkinji kompaniýasy hasaplanylýar. 1994-nji ýylda kompaniýa «LG Electronics» adyny we nyşanyny resmi taýdan kabul etdi. Wagtyň geçmegi bilen kompaniýa tarapyndan öndürilýän elektronika enjamlaryna isleg artýar. Harytlar diňe bir ýerli ilata hödürlenmän, daşary ýurtlara hem eksport edilip başlanýar. Kompaniýa 2013-nji ýyldan başlap smartfon önümçiligini ýola goýýar. 2014-nji ýylda bolsa, planşetleri we kiçi göw

Maglumat giňişligi we sanly medeniýet

Ýurdumyzda ösüşiň häzirki tapgyry hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan, durmuşy nazarlaýan öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde döwlet dolandyryşynyň we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda halkara standartlara laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalardyr maglumat-aragatnaşyk enjamlarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy sanly dolandyryş, sanly ykdysadyýet, sanly resminama dolanyşygy ýaly täze ugurlary döredýändigi bilen häsiýetlenýär. Milli Liderimiziň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky degişli Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy sanly giňişlikde emele gelýän jemgyýetçilik gatnaşyklarynda sanly medeniýetiň döremegini şertlendirdi. Bu resminamanyň kabul edilmegi bilen, köpugurly özgertmeleri durmuşa geçirmekde halk hojalygynyň pudaklaryny hem-de döwlet dolandyryşynyň ähli ulgamlaryny tapgyrlaýyn sanlylaşdyrmak işine badalga berildi. Konsepsiýanyň durmuşa geçirilmegi önümçiligiň ösüşini ýokary sepgitlere çykarmaga mümkinçilik döredýär.

Tehnologiýa dünýäsi

Sürüjisiz uçýan ulag tanyşdyryldy ■ Awstraliýanyň «Airspeeder» we «Alauda Aeronautics» kompaniýalarynyň inženerleri dünýäniň ilkinji sürüjisiz uçýan ýaryş ulagyny işläp taýýarladylar. Elektrik energiýasy bilen işleýän «Mk3» atly ulag sagatda 120 kilometr tizlik bilen hereket edýär. Uzakdan dolandyrylýan ulag şu ýylyň ikinji çärýeginde geçiriljek uçýan awtoulaglaryň ýaryşyna gatnaşar. Ýylyň dowamynda şeýle ulagdan 10 sanysy öndüriler. Ýeňil materiallardan öndürilen «Mk3» dürli howpsuzlyk enjamlary bilen üpjün edilip, ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Bu ulaglar howada çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirmäge ukyply bolar. Şeýle-de bu ulag dikligine uçup hem gonup bilýär. Uçýan ulaglar üç ýyldan gowrak wagt bäri işlenip taýýarlanýar. 2022-nji ýylda sürüjili uçýan ulaglaryň hem ýaryşynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Ulagyň sürüjili ýaryşlara gatnaşmazdan öň uzakdan dolandyrmak arkaly synagdan geçiriljekdigi mälim edildi.

Adaty bolmadyk ýyladyşhana

Döwrebap innowasion merkez

«Sanly Çözgüt IT meýdança» hojalyk jemgyýeti ýokary hilli innowasion hyzmatlary amala aşyrýar we täze çözgütleri işläp taýýarlaýar Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» wezipelerini durmuşa geçirmek, ýurdumyzda internet ulgamyny ösdürmek we ýaş hünärmenleri ýetişdirmek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hem üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlary netijesinde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi we Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen bilelikde döredilen «Sanly Çözgüt IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işleri hem bellenilmäge mynasypdyr.

Li-Fi tehnologiýasy

Dünýäde smartfonlaryň meşhurlygynyň artmagy bilen, simsiz maglumat aragatnaşygyna zerurlyk barha ýokarlanýar. Munuň netijesinde radio ýygylykly spektriň ýetmezçiligi ýüze çykýar. Çünki radio ýygylykly spektr çäkli bolýar, üstesine-de, onda maglumatlary ýerleşdirmek we geçirmek köp çykdajylary talap edýär. Şonuň üçin häzirki wagtda maglumatlary ibermegiň täze usullary öwrenilýär. Bu ugurlaryň biri hem optiki-simsiz torlardyr. Optiki-simsiz torlary ornaşdyrmakda görünýän ýagtylyk geçiriş ulgamlary (Li-Fi) uly ähmiýete eýedir. Bu tehnologiýa görünýän ýagtylyk çykaryjy diod (VLED) arkaly maglumat geçirilişini üpjün edýär. Bu tehnologiýa Harald Haas tarapyndan döredilip, ilkinji gezek dünýä jemgyýetçiligine 2011-nji ýylyň başynda tanyşdyryldy. Angliýaly alymlar yşyklandyryjy gurallaryň kömegi bilen maglumatlary 10 Gbit/s tizlikde geçirmegi başardylar.

Sanly tehnologiýalara daýanyp

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda halkara ülňülere laýyk gelýän sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy önümçilik serişdelerini, ýokary öndürijilikli tehniki enjamlary ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistan iň täze nusgadaky kompýuter hem-de telearagatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan sanly ulgamy yzygiderli ösdürmekde uly mümkinçiliklere eýedir. Milli Liderimiziň başda durmagynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bu ugurda möhüm çözgütleriň biri boldy. Konsepsiýanyň baş maksady ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösmegine kuwwatly itergi berjek öňdebaryjy sanly ulgamlary kemala getirmekden, sanly hyzmatlaryň hilini yzygiderli ýokarlandyrmakdan, sanly maglumat gorlarynyň ýurdumyzyň islendik künjeginde elýeter bolmagyny üpjün etmekden, sanly ulgamyň düzümlerini we işleýşiniň hilini maksadalaýyk kämilleşdirmekden, ahyrky netijede, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny düýpli pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Sanly bilim — ösüşiň esasy şerti

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň durnukly ösmeginde, ykdysady kuwwatynyň yzygiderli berkemeginde ylym-bilim ulgamyna möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda ylym-bilim ulgamynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda biziň gündelik durmuşymyzda sanly ulgama, sanly tehnologiýalara uly orun degişlidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamy sanly tehnologiýalaryň esasynda düýpli özgerdilýär. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kemala getirmek maksady bilen, iri ylmy-barlag taslamalary durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýakyn geljekde sanly ykdysadyýete geçmekde, bilim ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär.

Ädimme-ädim sanly geljege tarap

Häzirki zaman dünýäsinde sekuntsaýyn bolup geçýän ösüş-özgerişler adamzat durmuşyny ählitaraplaýyn gurşap alýar. XXI asyryň häsiýetli aýratynlygy bolan maglumat tehnologiýalarydyr sanly gurluşlar gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Hyzmatlar ulgamyndan başlap, ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna giňden ornaşdyrylýan sanly tehnologiýalar wagty tygşytlamaga, zähmet öndürijiligini artdyrmaga, işleri ýeňilleşdirip, onuň hilini ýokarlandyrmaga, täze önümçilikleri döretmäge, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Şeýle bolansoň, dünýä ýurtlary öz ösüşiniň täze tapgyrynda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagy möhüm ugur hökmünde kesgitledi. Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak işiniň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» tassyklamagy bu babatda tapgyrlaýyn işleri amala aşyrmaga badalga boldy. Tapgyrma-tapgyr ýola goýulýan işleriň çäginde bu gün türkmenistanlylar gündelik durmuşynda, her ädimde sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden we artykmaçlyklaryndan peýdalanýarlar. Biz bu makalamyzda onuň diňe bir ugry — neşirýat-çaphana işiniň sanlylaşdyrylyşy dogrusynd

Innowasion ösüş — döwrüň talaby

«Akylly telefonlar», «akylly sagatlar», «akylly öý», «akylly şäher» düşünjeleri häzirki wagtda gündelik durmuşymyza giňden ornaşýar. Häzirki zaman adamyny şol «akylly» tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek kyn. Bu ugurdaky işläp taýýarlamalar gündelik durmuşymyzyň ähli ulgamlaryna tapgyrlaýyn ornaşyp, ýaşaýşymyzy has amatly we ýakymly ýagdaýa getirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, ähli ulgamlar we pudaklar özgerdilýär. Sanly ykdysadyýete geçmek boýunça öňde goýlan wezipelere toplumlaýyn çemeleşmek bilen, sanlylaşdyrmak işleriniň gerimi giňeldilýär.

Miwesi datly agaç

Güýz paslynda ýetişip, gyşda saçaklarymyzy bezeýän gök önümler, datly miweler az däl. Şeýle datly miweleri boldan getirýän baglaryň biri-de nar agajydyr. Nar agajy welaýatymyzyň Magtymguly, Etrek etraplarynda gowy ýetişýär. «Gözel Sumbaryň nary» diýlip goşguda waspy ýetirilen datly miwäni ösdürip ýetişdirýän babadaýhanlarymyzyň çekýän zähmeti ýerine-de düşýär. Narlaryň tagamy süýji, turşy, turşumtykdyr. Olar däneli, ýumşak däneli we dänesi çigitsiz görnüşinde bolýar. Welaýatymyzda däneli we ýumşak däneli narlar has giňden ýaýrandyr. Ýuka gabykly nar ýumşak däneli bolup, sowuga çydamsyz bolýar. Ony howa sowap başlanyndan sowuk urýar. Şonuň üçin ol maýyl sub- tropiki ýerlerde ekilýär. Dänesi çigitsiz nar welin seýrek duş gelýär.

Sanly ykdysadyýet — döwrebap ösüş

Häzirki wagtda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi gazanmakda we onuň durnuklylygyny üpjün etmekde innowasiýalara möhüm orun degişlidir. Muny ikinji müňýyllygyň soňky ýarymynda adamzat durmuşyny düýpli özgerden wakalaryň toplumy — senagatlaşma prosesi we ylmy-tehniki ösüş doly subut etdi. Munuň özi dünýä döwletlerinde sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysadyýeti kemala getirmek ugrunda halk hojalygynyň sanlylaşdyrylmagyny we ylmyň soňky gazanan tehnologiýalaryny yzygiderli özleşdirmegi wajyplyga öwürdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagyna hem-de onuň pudaklaryna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň we kämil innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekligiň döwlet syýasatynda durmuşa geçirilmeli möhüm wezipeleriň biridigine doly güwä geçýär.

Täze tehnologiýalara daýanyp

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan sanly ulgama geçmek babatdaky strategik maksatnamalary bu ugurda kämil hünärmenleriň ýetişdirilmegini talap edýär. Şunda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde guralýan okuw-tejribelik, tälimçilik işi ýokary hilliligi bilen tapawutlanyp, baý many-mazmuna eýe bolýar. Ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda hem alnyp barylýan okuw işleri hut şu möhüm özgertmeler bilen berk baglanyşygy emele getirip, sazlaşykly ösüşe ýardam edýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» orny örän ýokarydyr. Çünki bu resminama Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ylym-bilim, ösen tehnologiýalara erk edýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, sanly ulgama çekmek ýaly aýdyň maksatlary öňde goýýar.Şu nukdaýnazardan hem häzirki wagtda institutymyzyň binýadynda ornaşdyrylan sanly ulgamyň mümkinçilik

Söwda ulgamy we innowasiýalar

Döwlet edaralaryny sanly ulgama geçirmegiň depginini ýokarlandyrmak geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezilýär. Häzirki döwürde gerimi giňeýän innowasion ösüş sanly söwda ulgamynyň çäklerine-de aralaşdy. Onda internet dükanlaryň görnüşleri, hukuklarydyr borçlary, uzak aralykdan satylmagyna ýol berilmeýän harytlaryň sanawy, dermanhanalaryň elektron söwdany alyp barmaklarynyň aýratynlyklary, uzak aralykdan satylýan harytlaryň mahabatlandyrylyşy, harydy satyn almak-satmak şertnamasyny baglaşmak we ýerine ýetirmekden ýüz öwürmegiň ýagdaýlary, eltip bermegiň tertibi düzgünleşdirilýär. Bu döwrebap resminama sanly ykdysadyýetiň «ynamly ulanyjylaryny» emele getirmek, söwda ulgamyny sanlylaşdyrmak, internet dükanlarynyň işini ýola goýmagy kadalaşdyrmak ýaly maksatlara ýetmegi göz öňünde tutýar.

Döwrebap kämillik

Hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşen agzybir halkymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görüp, asuda, parahat, eşretli durmuşda ýaşaýar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda Watanymyzda ynsanyň gadyr-gymmatynyň hemişe belent tutulýandygyny, agzybir ilimiziň ata-baba ýörelgelerini dowam etdirip, öz döwletli ojaklarynyň, eziz ýurdumyzyň abraýyna abraý goşýandyklaryny nygtaýar. Ýurdumyzyň gülläp ösüşinde ýaşlar uly güýç bolup durýar. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy. Bu maksatnama esasynda ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmak, ýaşlary sanly ulgama geçmek boýunça geçirilýän işlere giňden çekmek we beýleki möhüm meseleleri çözmek göz öňünde tutulýar.

«Gyzgyn düwmeler» Klawiaturada işlemegiň ýeňil usullary

Häzirki wagtda biziň maglumatlar bilen bagly işlerimiziň köpüsi kompýuteriň üsti bilen amala aşyrylýar. Köpimiz günde diýen ýaly kompýuter enjamyndan peýdalanmak bilen, birnäçe amallary ýerine ýetirýäris. Elbetde, döwür şony talap edýär. Maglumatlary ýygmak, göçürmek, ibermek we şuňa meňzeş işlerde günüň dowamynda biz ençeme gezek kompýuteriň syçanjygy bilen klawiaturasynyň düwmelerine basýarys. Ýöne käbirlerimiz belli bir maglumaty kesmek, göçürmek ýa-da goýmak ýaly amallarda klawiaturadaky «Gyzgyn düwmeleriň» deregine aglaba ýerde syçanjygy ulanýarys. «Gyzgyn düwmeler» nämekä?» diýýänsiňiz. Bu, ýönekeý söz bilen aýdanyňda, tiz işlemegiň ýeňil ýoly diýmekdir. Bu barada käbir maglumatlary siziň dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik.

«Akylly lampalar»

Şu ýyl «Akylly öý» ulgamynyň döredilenine 71 ýyl dolýar. 1950-nji ýylda amerikaly inžener Emil Matias öýüň ähli ýerinde ornaşdyrylan dolandyryş paneliniň kömegi bilen garažyň gapysyny açmak, çyralary ýakyp-söndürmek, hatda radiony işletmek mümkinçiligi bolan «Düwmeli öýi» («Push-Button Manor») döretdi. Biziň döwrümizde öýdäki çyrany uzak aralykdan ýakyp-öçürmek üçin kabeliň zerurlygy aradan aýrylan hem bolsa, ol wagtlar Matiasyň bu täzeligi hemmäni haýrana goýupdyr. Matiasa bolsa bu taslamasyny durmuşa geçirmek üçin iki kilometr kabel gerek bolupdyr. Şeýle köp simiň peýdalanylýandygy sebäpli, Matiasyň «akylly öýi» kän bir köpçülige elýeterli bolmandyr. Şondan soňraky 60 ýylyň dowamynda bu ulgam arzanlamady, diňe biziň döwrümizde, ylmyň we tehnikanyň ösen döwründe köpçülige elýeterli boldy. Munuň sebäbi, birinjiden, kabellere derek simsiz tehnologiýalar peýdalanylyp ugraldy, ikinjiden, «akylly öý» bir bitewi uly ulgam görnüşini üýtgetdi. Indi aýry-aýry işi ýerine ýetirýän (mysal üçin çyralary ýakyp-söndürýän) böleklerini özbaşdak satyn almak mümkinçiligi döredildi. Hatda haýsydyr bir kömekçi komponentleri ulanmak zerurlygy hem aradan aýryldy: häzirki zaman tehnologiýalary dolandyryş enjamlaryny yşyklandyryjy lampalaryň içinde ýerleşdirm

Innowasion tehnologiýalaryň hyzmaty

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň gözel tebigatynyň aýawly saklanmagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýär. Ekologiýa taýdan arassa we galyndysyz işleýän howpsuz innowasion tehnologiýalar ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna ornaşdyrylýar. Munuň özi daşky gurşawy gorap saklamaga, tebigy baýlyklary rejeli we tygşytly peýdalanmaga giň mümkinçilik berýär. Bu ugurdaky wezipeleriň maksady bolsa düýpli ylymlary ösdürmekden, ylmy-tehniki kuwwaty artdyrmakdan, aň-bilim işgärleriniň, alymlaryň täze neslini kemala getirmekden, ylma ukyply ýaşlary çekmekden we olara bu ugurda goldaw bermekden ybaratdyr. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ykdysadyýete giňden ornaşdyrylýar. Şunda innowasion we akylly tehnologiýalaryň, ýagny awtomatlaşdyrmagyň, umumy ulgama birikdirilmedik artýan maglumatlar goruny saklamagyň uly ähmiýeti bardyr. Innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen energiýanyň, gün panelleriniň hem-de ýel turbinalarynyň öndürilmegine şert döreýär. Bu tehnologiýalar öňde duran wezipeleri durmuşa geçirmekde, sarp edilýän çykdajylary azaltmakda we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini energoulgama goşmakda ähmiýetlidir.

Sanly bilim giňişliginde

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde sanly ulgamy ornaşdyrmak, ylmyň gazananlaryny, täzeçil tehnologiýalary işjeň özleşdirmek babatda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň öňünde möhüm wezipeleri kesgitläp berdi. Şonuň netijesinde, bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek, ony hil taýdan dünýäniň ösen derejesine çykarmak, şol bir wagtyň özünde ýaş alymlaryň ylmy açyşlary üçin zerur şertleri döretmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunlukda, bu ugra sanly ulgamy ornaşdyrmak, bilimiň derejesini ýokarlandyrmak, hünär taýdan kämilleşdiriş meselelerini işjeňleşdirmek boýunça öňde duran wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn işler alnyp barylýar. Bu ugurda ösen halkara hyzmatdaşlykda milli ylym we bilim edaralarynyň tagallalaryny birleşdirmegiň möhümdigini aýratyn bellemelidiris. Şonuň netijesinde, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim gurşawyny ornaşdyrmak we ösdürmek üçin halkara taslamalar durmuşa geçirilýär. Şolaryň biri-de, «Täze tehnologiýalar arkaly Merkezi Aziýada ýokary bilimi döwrebaplaşdyrmak» atly halkara taslamadyr. Taslamanyň esasy maksady hyzmatdaş döwletleriň bilim ulgamyny okuw işine girizmek we innowasion bilim tehnologiýalaryny netijeli durmuşa geçirmek, uniwersitetleriň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek,