«Ama­zon» öý ro­bo­ty­ny iş­läp düz­di

10 Oktýabr 2021
1142

Ame­ri­ka­nyň «Ama­zon» kom­pa­ni­ýa­sy öý üçin ro­bo­t iş­läp düz­di, oňa «Ast­ro» ady­ny goý­du­lar. Öý ro­bo­ty­ny wi­deo gö­zeg­çi­lik­de we öýüň içi­niň howp­suz­ly­gy­nyň gö­zeg­çi­li­gin­de ula­nar­lar. «Ast­ro» öý­de öz­baş­dak he­re­ket edip bil­ýär, ta­lap bo­ýun­ça aý­ry-aý­ry otag­la­ry bar­lap bil­ýär, hat­da öý­de nä­bel­li adam­la­ryň peý­da bo­lan­dy­gy ba­ra­da ha­bar be­rip bil­ýär. Şeý­le-de ro­bot-as­sis­tent köpdür­li we­zi­pe­le­ri, my­sal üçin aý­dym-saz eşit­di­rip ho­ja­ýy­nyň yzy­na dü­şüp gi­dip bil­ýär, maş­ga­la su­rat­la­ry­ny alyp bil­ýär we duý­du­ryş ha­bar­la­ryny ug­ra­dyp bil­ýär. Ro­bo­tyň ba­ha­sy, tak­my­nan, ABŞ-nyň 1-1,5 müň dol­la­ry­na ba­ra­bar bo­lar.Maglumat üçin, «Ast­ro» roboty bazara 2021-nji ýy­lyň do­wa­myn­da çy­ka­ry­lar.

Maýagözel GYLYJOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.
Beýleki habarlar