"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Sanly ykdysadyýet — ösüşleriň özeni

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek barada berýän tabşyryklary bu ugurda bilimlerimiziň yzygider artdyrylmagyny, dünýä jemgyýetçiliginde bolup geçýän ykdysady hadysalar barada gözýetimlerimiziň has-da giňeldilmegini talap edýär. Sanly ykdysadyýet — başgaça «elektron ykdysadyýet» diýlip hem atlandyrylýar we onuň esasy aýratynlygy sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysady işi aňladýar. Bu adalgada «ykdysadyýet» sözi esasy kesgitleýji söz bolup durýan hem bolsa, ykdysady özgertmäniň netijesinde adamlaryň jemgyýetçilik gatnaşyklarynda, özlerini alyp baryşlarynda, dünýägaraýyşlarynda belli bir özgerişlikleriň bolup geçýändigi aýratyn bellärliklidir. Bu ýagdaý, sanly ykdysadyýetiň ösmegi bilen täze durmuş hakykatynyň ýüze çykandygyny görkezýär. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet hojalyk işi bolup, onda önümçiligiň esasy delili sanly görnüşdäki maglumatlardyr. Uly göwrümli maglumatlaryň gaýtadan işlenilmegi we seljermäniň netijeleriniň giňden ulanylmagy hojalygy ýöretmegiň adaty görnüşinden tapawutlylykda, dürli önümçiligiň tehnologiýa enjamlarynyň, şeýle-de harytlaryň saklanyşynyň we ýerleşişiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle oňaýlyklar, sanlylaşdyrylan ykdysadyýet köp döwletler üçin özüne

Täze tehnologiýalar — ilatyň hyzmatynda

Sanly ykdysadyýeti durmuşa ornaşdyrmakda iň täze we döwrebap tehnologiýalara aýratyn ähmiýet berilýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bu ugurda möhüm çözgütleriň biri boldy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, Ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak müdirligine hem elektron maglumat gorlaryny döretmek ýaly häzirki zaman innowasion täzelikler girizilip, halka ýokary derejeli döwrebap hyzmatlar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň geçen ýyl gol çeken «Türkmenistanda pasport ulgamynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Permanyna laýyklykda, raýatlarymyzyň pasportlaryny resmileşdirmek, olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almak hem-de ýazgydan çykarmak wezipeleri ýurdumyzyň içeri işler edaralarynyň üstüne ýüklendi. Resminama laýyklykda, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler, guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, beýleki ähli edara-kärhanalar we guramalar zerur maglumatlaryň Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň görkezilmegi bilen tassyklanyp bilinjek ýagdaýynda indi ilatdan dürli hili delil hatlaryny talap edenoklar. Bu pasport ulgamy boýunça alnyp barylýan işleriň has-da kämil, döwrebap ýerine ýetirilmeginde örän uly mümkinçilikleri döretdi.

Ösüşleri nazarlaýan özgertmeler

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar. Diýarymyzda halk hojalyk pudagynyň işini has-da kämilleşdirmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak hem-de ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Öz nobatynda döwrebap innowasion tehnologiýalara esaslanýan sanly ykdysadyýetiň mümkinçilikleriniň artýan häzirki zaman şertlerinde ýurdumyzy kuwwatly senagat döwletine öwürmek babatda amala aşyrylýan şeýle özgertmeleriň ählisi ata Watanymyzda uzak möhletleýin durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilýär. Bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da artýar. Degişli ugurda ýetilýän sepgitler döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen kabul edilýän maksatnamalaryň esasynda amal bolýan özgertmelerden gözbaş alýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýar. Bu resminama esasynda ýurdumyzda ösen bazar ykdysadyýetini kemala getirmek, milli ykdysadyýetimizi köpugurlaşdyrmak, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryny we müm

Sanly bank ulgamy kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011—2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda ýurdumyzda netijeli pul-karz syýasatyny alyp barmak, maliýe bazaryny düýpli ösdürmek, bank ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde guramak, ilatyň erkin duran pul serişdelerini bank ulgamyna möhletli we talap edilýänçä görnüşindäki goýumlara çekmek, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini has-da giňeltmek babatynda anyk wezipeler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ulgama sanly bank önümleri giňden ornaşdyrylýar, elektron töleg ulgamy kämilleşdirilýär. Bank kartlary arkaly ýerine ýetirilýän amallaryň sanynyň yzygiderli artdyrylmagy, sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Halkbank terminal» ulgamlary arkaly amallaryň ýerine ýetirilmegi, internetiň giň mümkinçilikleriniň hödürlenilmegi halkyň artýan isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.

Sanly bilim ulgamy — ösüşiň möhüm şerti

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary esasynda ýaýbaňlandyrylýan özgertmeleriň çäklerinde halk hojalygynyň pudaklaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar yzygiderli amala aşyrylýar. Şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek baradaky alada döwletimizde esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasaty, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we ýaş nesilleriň kämil bilim almagyna, geljekde Watanymyzyň kuwwatyny artdyrjak ussat hünärmenleriň ösdürilip ýetişdirilmegine gönükdirilendir. Bu babatda ýaşlara berilýän bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmak hem-de okadylýan dersleriň dünýä derejesine çykarylmagy üçin döwlet tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Şonuň bilen bir hatarda, ulgama sanly tehnologiýalaryň we innowasion tilsimatlaryň ornaşdyrylmagy babatda göz öňünde tutulan maksatlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol maksatdan ugur alnyp, 2017-nji ýylda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi we bu konsepsiýadan gelip çykýan wezipeler häzirki wagtda üstünlikli amala aşyrylýar. Konsepsiýada ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksatlary, we

Sanly dünýä syýahat

Sanlylaşdyrma: innowasion ösüşiň ýoly we täze mümkinçilikler XX asyryň ahyrynda sanly ykdysadyýet düşünjesi ýüze çykdy we bütin dünýäde durmuşyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak barada pikirler öňe sürlüp başlandy. Şondan soňky geçen çärýek asyra golaý döwrüň dowamynda kämil tehnologiýalaryň täze-täze görnüşleri döredilip, durmuşymyza giňden ornaşdyryldy. Bu gün akylly telefonlar, telewizorlar, sowadyjylar we beýleki öý hojalyk tehnikalary, şol sanda tutuşlygyna sanly ulgam arkaly dolandyrylýan öýler adaty zatlara öwrülip barýar. Hatda dünýäniň dürli ýerlerinde «akylly şäherleriň» onlarçasy döredildi. Halkara guramalarynyň berýän statistika maglumatlaryna laýyklykda, häzir bütin dünýäde akylly enjamlaryň 26 milliarddan gowragy peýdalanylýar.

Sanly ulgam — döwrüň derwaýyslygy

Häzirki döwürde jemgyýetiň ähli ugurlaryny sanly ulgam gurşap aldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň Döwlet maksatnamasy işlenip düzüldi. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy zähmet öndürijiliginiň artmagyna, ilata edilýän hyzmatyň hiliniň gowulandyrylmagyna, wagtyň tygşytlanmagyna giň mümkinçilik döredýär. Ýaş nesillere döwrebap bilim bermekde sanly tehnologiýalaryň möhüm orny eýeleýändigini bellemelidiris. Munda uzak aralykdan bilim bermegiň usullaryndan peýdalanmaga şertleriň bolmagy, özara tejribe alyşmaga mümkinçiligiň bardygy ýaşlarda uly gyzyklanma döredýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysadyýetinde hem sanly ulgama esaslanýan ykdysadyýet döreýär. Häzirki döwürde islendik pudagy sanly ulgamsyz göz öňüne getirmek kyn.

Şanly döwürde — sanly ulgam

Sanly ulgamda täze mümkinçilikler

Ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň başlangyjy esasynda işlenip düzülen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeler bellärliklidir. Sanly ykdysadyýete geçmegiň şertlerinde döwletiň wezipesi esasy üç ugra gönükdirilýär. Olaryň ilkinjisi kämil kanunçylyk ulgamyny döretmek, ikinjisi innowasiýa tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, üçünjisi häzirki zamanyň döwrebap sanly tehnologiýalaryndan, innowasiýalaryndan baş çykarýan kämil hünärmenleri taýýarlamak bolup durýar.

Ýaşlar we maglumatlar jemgyýeti

Ozal habar berlişi ýaly, 13 — 15-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşik geçirildi. «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň mekdep okuwçylary, talyplary, ýaş alymlarydyr hünärmenleri işjeň gatnaşdylar. Şonda olaryň innowasion şäher, sanly bilim, söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça IT-taslamalar, ýörite ugur, maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça taýýarlan taslamalarynyň 150-ä golaýy hödürlendi. Olaryň arasynda iň gowulary hasaplanan taslamalara emin agzalary tarapyndan ýokary baha berildi.

Pikirden üstünlige çenli

Geçilen menzillere «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşigiň ýeňijileriniň mysalynda göz ýetirmek mümkin «Ähli zat pikirden başlanýar».

Akylly şäherler

Ylmyň, tehnikanyň ösmegi täze-täze tehnologiýalaryň zamanasynyň başyny başlady. Bu günki gün «Akylly öý», «Akylly şäher» diýlen ýaly düşünjeler kem-kem ynsan durmuşynda adaty zada öwrülýär. Dünýädäki akylly şäherleriň sanawy gitdigiçe artýar. Şol şäherleriň käbirleri bilen tanyşdyrmagy makul bildik. Singapur. Bu şäherde durmuş zerurlyklarynyň ählisi diýen ýaly datçikler arkaly gözegçilikde saklanylýar. Şäheriň köçelerinde sürüjisiz awtoulaglaryň gatnaw edip ýörmegi hiç kimi geň galdyranok. Ulaglaryň sanynyň kändigine garamazdan, köçelerde dyknyşyk emele gelmeýär. Ýörite datçikler şäheriň haýsy ýerinde howada hapa maddalaryň köpelýänini hasaba alyp, awtomatik usulda ulag akymlarynyň ugruny üýtgedip durýar. Bu ulgam Singapuryň awtosürüjilerine wagt tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Singapurda gartaşan adamlara hyzmat etmek gullugy hem ösen. Ýörite ulgam arkaly öýde ýeke galan gartaşan adamyň hereketleri gözegçilikde saklanylýar. Eger gözegçilikdäki adam uzak wagtlap hereket etmese, ulgam bu barada onuň hossarlaryna we lukmanlara habar berýär.

Sanly ulgam — ýokary hilli hyzmat

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň döwlet syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzda dünýä tejribesini nazara alyp, ähli ulgamlarda innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylyp, işler sanly ulgam arkaly alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hem işler sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak barada edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň hem maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilip, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Döwrebap enjamlardan netijeli peýdalanmagy başarýan harby gullukçylar hormatly Prezidentimiziň dünýä ähmiýetli parasatly syýasatyndan ugur alyp, parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bitaraplyk syýasatynyň ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda, Türkmenistanyň migrasiýa babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, eziz Watanymyzyň howpsuzlygyny we bähbitlerini goramak, Türkmenistanyň migrasiýa babatdaky halkara ylalaşyklaryndan gelip çykýan borçlarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek ýaly wezipeleri ýerine ýetirmekde öz işlerini ýokary derejede alyp barýar. Gullukda harby gullukçylarynyň bilim we hünär derejelerini yzygid

«Sanly innowasiýalar» bilen maglumatlar jemgyýetine ädilýän şowly ädimler ýaş alymlarymyzyň ylmy taslamalarynda aýdyň şöhlelenýär

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy bilen baglylykda, häzirki wagtda ýokary tehnologiýaly we bäsleşige ukyply programma üpjünçiliginiň işlenip taýýarlanmagy möhüm bolup durýar. Bu döwrebap tehnologiýalar bilen işlemäge ukyply, özbaşdak pikirlenip, ony durmuşa geçirip bilýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we goldamak zerurlygyny ýüze çykarýar. Şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda programma üpjünçiligi boýunça «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşik geçirilýär. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda geçirilýän bäsleşik öňňin öz işine başlady. Tematiki ugurlaryň 5-si — «Innowasion şäher», «Sanly bilim», «Söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça IT-taslamalar», «Ýörite ugur», «Maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk» boýunça geçirilýän bäsleşige 130-dan gowrak iş hödürlenipdir. Ylmy taslamalary ýerine ýetirenleriň arasynda talyp ýaşlar bilen bir hatarda, mekdep okuwçylarynyň, dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň hem bardygy bellenmelidir.

«Akylly» tehnologiýalar ýyladyşhanalarda bol önüm öndürmäge giň mümkinçilikleri açýar

Hormatly Prezidentimiz «akylly» tehnologiýalary hem-de ekologiki taýdan arassa bolan enjamlary durmuşa ornaşdyrmak meselesine aýratyn üns berýär. Hususan-da Gün batareýalaryny we ýel generatorlaryny ulanmak bilen baglanyşykly meselelerde ylmy çözgütleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Netijede, «akylly» tehnologiýalary diňe bir şäher gurluşygynda däl, eýsem, halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda hem ornaşdyrmak babatda döwlet tarapyndan uly mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň görkezmesi boýunça ýokary tehnologiýalar, ylmy işläp taýýarlamalar we sanly tehnologiýalar bilen baglanyşykly milli ykdysadyýetimizde gazanylýan üstünlikleri halk köpçüligine wagyz etmek barada hem uly işler alnyp barylýar. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzdan goldawly türkmen telekeçileriniň daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ýerini tutýan önümleri öndürmekleri guwandyryjy ýagdaýdyr.

Sanly ulgam — çäksiz mümkinçilikler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda milli ykdysadyýetimiz köpugurly ösdürilýär we sanlylaşdyrylýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler netijesinde halk hojalygynyň ähli pudaklaryna we durmuş ulgamyna sanly ulgam doly ornaşdyrylýar. Munuň özi güýçli senagat ýurdy hökmünde tanalýan Türkmenistan döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagynda uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda sanly ulgam ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde doly ykrar edilýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy ýurduň ykdysady güýjüniň artmagyna mümkinçilik berýär. Olar döwletiň önümçilik, gaýtadan işleýän senagat, hyzmatlar we eksport kuwwatlyklarynyň ýokarlanmagynda öz beýanyny tapýar. Bu bolsa halk hojalygynyň döwrebap innowasiýalar bilen üpjün edilmegini we milli ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyny zerurlyga öwürýär.

«Germew»: täze elektron gollanma

Mobil telefonlarymyzdyr smartfonlarymyzda kitaplary, gyzykly maglumatlary, hyzmatlar ulgamynyň ençeme görnüşlerini özünde jemleýän gollanmalaryň, mobil goşundylaryň onlarçasy bar. Olar arkaly wagt ýitirmezden, dürli amallary ýerine ýetirip, bilimiňi artdyryp, gerekli maglumatlary tapyp bolýar. Şeýle gollanmalaryň biri talyp ýigit Isa Annamyradow tarapyndan esaslandyrylyp, ýakynda köpçülige ýaýradyldy. Iňlis dili iň iri halkara aragatnaşyk dili hasaplanýar. Bütin dünýäde ony öwrenmäge isleg bildirýänleriň sany millionlarça. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alnyp, biziň ýurdumyzda hem ýaş nesillere daşary ýurt dillerini, şol sanda iňlis dilini öwretmek babatda uly işler alnyp barylýar. Şu jähetden, talyp ýigit Isanyň esaslandyran, häzirki wagtda «Play Market» gollanmalar dükanyna ýerleşdirilen «Germew» elektron gollanmasy örän ähmiýetlidir.

«Bir penjire»: täze gözýetimler

Häzirki zaman ykdysadyýetiniň innowasion ýol bilen ösüşini şertlendirýän sanly ulgam ýurdumyzyň ähli ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna yzygiderli ornaşdyrylýar. Sanly ulgam köpugurly özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlandyrylmagyna, iri möçberli maksatnamalaryň işlenip taýýarlanmagyna aýratyn täsirini ýetirýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, häzirki döwürde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň edaralaryna-da sanly ulgamy ornaşdyrmak, onuň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Konsepsiýany durmuşa geçirmek işleri tapgyrlaýyn ýerine ýetirilip, onda köpugurly «Bir penjire» ulgamynyň maglumatlary toplaýyş, işleýiş we goraýyş milli maglumat merkeziniň döredilmegi göz öňünde tutuldy. Gulluk tarapyndan milli maglumat merkeziniň ýerine ýetirmeli wezipelerini kämilleşdirmek, gözegçilik etmek, utgaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 3-nji dekabrynda gol çeken Buýrugy esasynda baglaşylan «Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky «Ekspor

«Sanly çözgüt — IT meýdança»: geljegi uly innowasion taslamalar

Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Aşgabat şäherinde we welaýatlarda IP merkezlerini gurmagyň taslamalaryny taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu işi goldamak üçin 10 million amerikan dollary möçberinde serişde berýändigini aýtdy. Dünýä tejribesi göz öňünde tutulyp berlen bu kömek-goldawyň, ýurdumyzyň innowasion ösüşine güýçli itergi berjekdigi gürrüňsiz. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alym Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ygtybarly ösüşiniň hereketlendiriji güýji bolan sanly tehnologiýalary döwrebap ösdürmek üçin ylmy taýdan esaslandyrylan we toplumlaýyn mazmuna eýe çözgütleri öňe sürýär. Bu innowasion ugry ösdürmekde bilimiň, ylmyň, önümçiligiň arabaglanyşygyny pugtalandyryp, täze maglumat tehnologiýalaryny döretmek üçin innowasion gurşawy emele getirmek mydama üns merkezinde saklanýar. Sanly ykdysadyýete geçmek meselesinde ygtyýarly edara hasaplanýan «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen bu ugurda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanynda IT meýdançasyny döretmek boýunça tabşyryk berilmegi-de aýdylany tassyklaýar.

Taryhy taslamalaryň tarypy

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan «akylly» şäherler konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge çalyşýar. Munuň özi ýurdumyzda sanly ulgamyň netijeliligini ýüze çykaryp, ähli düzümlerde, şol sanda gurluşyk pudagynda hem sanly ulgamyň işjeň ulanylýandygyny görkezýär. Muny bolsa häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynyň çäklerinde ulanylýan tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň mysalynda hem görmek bolar. Çünki bu işlerde milli Liderimiziň döwrebaplaşdyrmak we şäher gurşawynda häzirki zaman tehnologiýalaryny peýdalanmak arkaly innowasion taslamalary durmuşa geçirmek syýasatyna esaslanylýar. Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan şeýle giň gerimli özgertmeleri dünýäniň iň ösen ýaşaýyş-durmuş şertleriniň milli ruhda özleşdirilmegine şert döredýär. Gadymy Oguz ýaýlasynda gurulýan täze edara ediş merkeziniň gadymy binagärlik nusgasyny we döwrebap ösen şäheriň keşbini özünde jemlemegi Türkmenistanyň geçmişi, şu güni hem-de geljegi özara sazlaşykly birleşdirýän döwlet hökmündäki abraýyny artdyrar.