«Micron» önümçiligini giňeldýär

25 Oktýabr 2021
1189

ABŞ-nyň çip ön­dü­ri­ji «Micron» teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy Ýa­po­ni­ýa­nyň Hi­ro­si­ma şä­he­rin­de ýer­leş­ýän önüm­çi­lik meý­dan­ça­syn­da ba­ha­sy ABŞ-nyň 800 mil­liard ýe­ne (ABŞ-nyň 7 mil­liard dol­la­ry) ba­ra­bar tä­ze za­wod gu­rar. Tä­ze kär­ha­na mag­lu­mat mer­kez­le­rin­de giň­den ula­nyl­ýan «DRAM» çip­le­ri­ni ön­dü­rer. Önüm­çi­li­ge 2024-nji ýyl­da baş­la­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. «Micron» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Hi­ro­si­ma­da çip önüm­çi­li­gi üçin des­ga­sy öň hem bar. Tä­ze tas­la­ma di­ňe goş­ma­ça kuw­wat­ly­lyk­la­ry işe gi­riz­me­gi göz öňü­nde tut­ýar. Bu ha­bar­dan soň «Micron»-yň paý­na­ma­la­ry 0,46% gym­mat­lap, ge­çen bir­ža söw­da­la­ryn­da ABŞ-nyň 67,57 dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy.

Hudaýnazar ALLABERDIÝEW,
TDBGI-niň talyby.
Beýleki habarlar