"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Aw­tou­lag önüm­çi­li­gi aza­lar

Aw­tou­lag se­na­ga­tyn­da şu ýyl eme­le ge­len ýet­mez­çi­li­giň önüm­çi­lik muk­da­ry­na tä­sir et­jek­di­gi mä­lim edil­di. Bi­ler­men­ler bu me­se­lä­niň aw­tou­lag se­na­ga­tyn­da ýy­lyň ahy­ry­na çen­li 210 mil­liard dol­lar goş­ma­ça çyk­da­jy dö­ret­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. «AlixPart­ners» mas­la­hat be­riş kom­pa­ni­ýa­synyň taý­ýar­lan mag­lu­ma­tyn­da ýa­rym­ge­çi­ri­ji ýet­mez­çi­li­gi­niň onuň ba­ha­sy­nyň gal­ma­gy­na se­bäp bo­lan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Soň­ky çak­la­ma­la­ra gö­rä, şu ýy­lyň do­wa­myn­da ön­dü­ri­len aw­tou­lag­la­ryň sa­ny ga­ra­şy­lan­dan 7,7 mil­li­on az bo­lar. Mun­dan ozal kom­pa­ni­ýa bu gör­ke­zi­ji­niň 3,9 mil­li­on bol­jak­dy­gy­ny bel­läp­di. Ýa­rym­ge­çi­­ri­ji mad­da­lar­dan ön­dü­ri­len, de­mir gat­la­gyň ýü­zü­ne ýer­leş­di­ri­len elekt­ron she­ma­la­ra çip di­ýil­ýär. Çip­ler dür­li elekt­ron en­jam­lar bi­len bir ha­tar­da aw­tou­lag önüm­çi­li­gin­de hem giň­den peý­da­la­nyl­ýar.

Halkara ylmy hyzmatdaşlygy ösdürip

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryna innowasiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ylmyň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbidine gönükdirip, Türkmenistan iri halkara guramalar bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy berkidýär. Halkara ylmy mümkinçilikleriň ösdürilmegi gönüden-göni ylmy merkezleriň, ylmy-barlag institutlaryň özara hereket etmegine, degişli ugurlar boýunça alymlaryň we bilermenleriň bilelikde iş alyp barmaklaryna baglydyr. Halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alyp barýan işleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Sanly ulgamyň batly gadamlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar. Sanly ulgamy giňden ornaşdyrmakda häzirki zaman kompýuterlerden, innowasion nanatehnologiýalardan, internetden giňden peýdalanylýar. Şeýle tehnologiýalardan peýdalanmakda olaryň programmalaýyn dolandyryş ulgamyny üpjün etmekde uly işler alnyp barylýar. Mähriban Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň esasynda sanly maglumat ulgamyny ösdürmek we olary dolandyrmak bilen bir hatarda, maglumatlaryň goraglylygyny gazanmaklyga, kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekde hem tutumly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde kiberhowpsuzlyk fakultetleri, kafedralar döredilýär. Şeýle fakultet, kafedra üstümizdäki 2021 — 2022-nji okuw ýylynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem döredildi. Kibergiňişlik we kiberhowpsuzlyk babatda gürrüň edilende, daşarky täsirleriň dürli görnüşlerinden ilaty we milli bähbitleri goramak esasy meseleleriň biri bolup durýar. Kiberhowpsuzlyk maglumat we aragatnaşyk ulgamlaryny hem-de olarda saklanýan maglumatlaryň düzümine zyýan ýetirip biljek täsirleriň öňüni almak, ygtyýarsyz, elýeterlikli üýtgetmeleri birugsat

«Micron» önümçiligini giňeldýär

ABŞ-nyň çip ön­dü­ri­ji «Micron» teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy Ýa­po­ni­ýa­nyň Hi­ro­si­ma şä­he­rin­de ýer­leş­ýän önüm­çi­lik meý­dan­ça­syn­da ba­ha­sy ABŞ-nyň 800 mil­liard ýe­ne (ABŞ-nyň 7 mil­liard dol­la­ry) ba­ra­bar tä­ze za­wod gu­rar. Tä­ze kär­ha­na mag­lu­mat mer­kez­le­rin­de giň­den ula­nyl­ýan «DRAM» çip­le­ri­ni ön­dü­rer. Önüm­çi­li­ge 2024-nji ýyl­da baş­la­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. «Micron» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Hi­ro­si­ma­da çip önüm­çi­li­gi üçin des­ga­sy öň hem bar. Tä­ze tas­la­ma di­ňe goş­ma­ça kuw­wat­ly­lyk­la­ry işe gi­riz­me­gi göz öňü­nde tut­ýar. Bu ha­bar­dan soň «Micron»-yň paý­na­ma­la­ry 0,46% gym­mat­lap, ge­çen bir­ža söw­da­la­ryn­da ABŞ-nyň 67,57 dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy.

«TSMC» Ýa­po­ni­ýa­da il­kin­ji çip za­wo­dy­ny gur­ýar

Dün­ýä­niň iň iri çip ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­sy «Tai­wan Se­micon­ductor Ma­nu­factu­ring» 2022-nji ýy­lyň ba­şyn­da Ýa­po­ni­ýa­da il­kin­ji za­wo­dy­nyň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­rer. In­di­ki ýyl gur­lu­şy­gyna baş­la­nyl­jak çip za­wo­dy 2024-nji ýy­lyň ahy­ryn­da önüm­çi­li­ge do­ly gi­ri­şer. Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, «Tai­wan Se­micon­ductor Ma­nu­factu­ring» kom­pa­ni­ýa­sy tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň we en­jam­la­ryň önüm­çi­li­gi­ne üç ýyl­da ABŞ-nyň 100 mil­liard dol­la­ry möç­be­rin­de ma­ýa go­ýum go­ýar. Şeý­le-de kom­pa­ni­ýa ABŞ-da hem-de Ýew­ro­pa­da önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­ny gur­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.

«App­le» kom­pa­ni­ýa­sy tä­ze önüm­le­ri­ni ta­nyş­dyr­dy

«App­le» kom­pa­ni­ýa­sy özü­niň M1 pro­ses­sor­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan tä­ze — «MacBo­ok Pro» nout­bu­gy­­ny hem-de üçün­ji ne­sil «Air­Pods» sim­siz gu­lak­ly­gy­ny gör­ke­zi­li­şe çy­kar­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň tä­ze önü­mi — «Air­Pods» to­za­na hem-de su­wa gar­şy go­rag­ly bo­lup, öň­kü­le­re ga­ra­nyň­da onuň ba­ta­re­ýa kuw­wa­ty 20 gö­te­rim güýç­len­di­ri­len­dir. Tä­ze­le­nen «Air­Pods» sim­siz gu­lak­ly­gy­nyň ba­ha­sy ABŞ-nyň 179 dol­la­ry­na ba­ra­bar­dyr.

Alym­lar Ti­ta­nyň der­ýa­la­ry­nyň kar­ta­sy­ny düz­dü­ler

Kor­nell uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­me­ni Ju­li­ýa Mil­le­riň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ABŞ-nyň alym­lar to­pa­ry Sa­turn pla­ne­ta­sy­nyň hem­ra­sy Ti­ta­nyň der­ýa­la­ry­nyň we der­ýa go­şant­la­ry­nyň do­ly kar­ta­sy­ny düz­dü­ler. Al­nan mag­lu­mat­lar NA­SA-nyň, hu­su­san-da, bu hem­ra­nyň bir­nä­çe ýyl­lyk mis­si­ýa­sy­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mä­ge kö­mek eder. Ti­tan — Gün sis­te­ma­syn­da ulu­ly­gy bo­ýun­ça ikin­ji hem­ra bo­lup, göw­rü­mi bo­ýun­ça di­ňe Ýu­pi­te­riň hem­ra­sy Ga­ni­me­du­den ki­çi ha­sap­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Ýer­den baş­ga di­ňe Ti­tan­da der­ýa­lar we köl­ler bar. Ýö­ne Ti­tan­da suw däl-de, su­wuk me­tan hem-de etan ak­ýar. Alym­lar to­pa­ry Ti­ta­nyň der­ýa­la­ry­nyň we go­şun­dy­la­ry­nyň su­du­ry­ny, Ýe­riň der­ýa­la­ry­nyň we go­şun­dy­la­ry­nyň şe­kil­le­ri bi­len deň ha­sap ed­ýär­ler.

«Ford» Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da­ky önüm­çi­li­gi­ne ma­ýa go­ýum goý­ýar

Ge­çen hep­de ABŞ-nyň aw­tou­lag ön­dür­ýän «Ford» kom­pa­ni­ýa­sy Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Heýl­wud şä­he­rin­de ýer­leş­ýän za­wo­dy­na elektro­mo­bil­le­riň en­jam­la­ry­nyň we bö­lek şaý­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi üçin 230 mil­lion funt (ABŞ-nyň 316 mil­lion dol­la­ry) möç­be­rin­de ma­ýa go­ýum goý­ýan­dy­gy ba­ra­da ha­bar ber­di. Za­wod 2024-nji ýy­lyň ba­şyn­dan her ýyl­da 250 müň he­re­ket­len­di­ri­ji ön­dü­rip baş­lar. Şeý­le hem 2030-njy ýy­la çen­li aw­tou­lag­la­ryň bir­nä­çe mo­de­li­ni ön­dü­rer. Bu ha­bar­dan soň «Ford» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry 1,62% gym­mat­lap, ge­çen bir­ža söw­da­la­ryn­da ABŞ-nyň 15,7 dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy.

«McDo­nald’s» eme­li et­li bur­ge­ri­ni sat­ly­ga çy­kar­ýar

Şu ýy­lyň no­ýab­ryn­dan baş­lap «McDo­nald’s» kom­pa­ni­ýa­sy «Beyond Me­at» bi­len hyz­mat­daş­lyk­da ABŞ-nyň 8 res­to­ra­nyn­da sy­nag hök­mün­de ösüm­lik eti­niň esa­syn­da dö­re­di­len «McPlant» bur­ge­ri­ni sa­typ baş­lar. Bur­ge­riň için­de no­hut, tü­wi, ýer al­ma­sy, şu­gun­dyr we bir bö­lek peý­nir bo­lar. «McDo­nald’s»-yň hü­när­men­le­ri­niň aýt­ma­gy­na gö­rä, eme­li et­den edi­len bur­ger­le­riň sat­ly­ga çy­ka­ryl­ma­gy­nyň ne­ti­je­si kom­pa­ni­ýa­nyň söw­da­la­ry­nyň ösü­şi­ne uly ýar­dam be­rer. Bu ha­bar­dan soň «McDo­nald’s» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry 0,78% gym­mat­lap, ABŞ-nyň 244,55 dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy.

«Aň­taw» ýüz­ýyl­ly­gyň iň oňat te­le­se­ri­ýa­ly bol­dy

«BBC» ha­bar gul­lu­gy­nyň bar­la­gy­nyň ne­ti­je­sin­de, 2002-nji ýy­lyň 2-nji iýu­nyn­dan 2008-nji ýy­lyň 9-njy mar­ty­na çen­li te­le­ýaý­lym­da ber­len Ame­ri­ka­nyň «HBO» ka­bel we sput­nik te­le­wi­de­ni­ýe­si­niň su­ra­ta dü­şü­ren «Aň­taw» te­le­fil­mi XXI asy­ryň iň go­wy te­le­se­ri­ýa­ly diý­lip yg­lan edil­di. Sa­na­wyň ikin­ji ýe­rin­de 2007-nji ýy­lyň 19-njy iýu­lyn­dan 2015-nji ýy­lyň 17-nji ma­ýy­na çen­li «AMC» te­le­ýaý­ly­myn­da ýe­di möw­sü­miň do­wa­myn­da ýaý­ly­ma goý­be­ri­len «Ýe­ňil­kel­le­ler» dra­ma­sy or­naş­dy. Şeý­le-de bu film «Iň oňat dra­ma se­ri­ýa­sy» ka­te­go­ri­ýa­syn­da yz­ly-yzy­na dört ge­zek Em­mi baý­ra­gy­ny al­dy. Üçün­ji ýer­de 2008-nji ýy­lyň 20-nji ýan­wa­ryn­dan 2013-nji ýy­lyň 29-njy sent­ýab­ry ara­ly­gyn­da «AMC» te­le­ýaý­ly­myn­da gör­ke­zi­len «Has­rat» at­ly te­le­se­ri­ýa­ly eýe­le­di.

Be­zos «Al­tos Labs» star­tap kom­pa­ni­ýa­sy­nyň in­wes­to­ry bol­dy

Dün­ýä­niň iň baý ada­my, «Ama­zon» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Jeff Be­zos gar­ry­lyk bi­len gö­reş­mek üçin ynsan ömrüni uzald­ýan teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­läp düz­ýän «Al­tos Labs» star­tap kom­pa­ni­ýa­sy­nyň in­wes­to­ry bol­dy. Hä­zir­ki wagt­da «Al­tos Labs» star­tap kom­pa­ni­ýa­sy gar­ry­lyk pro­se­si­ni öw­ren­mek­de hem-de nerw öý­jük­le­ri­ni üýt­get­mek­de ge­rek­li bo­lan teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­läp çy­kar­ýar. Bu tas­la­ma­lar No­bel baý­ra­gy­nyň eýe­si, ýa­po­ni­ýa­ly alym Ýa­ma­na­ka Şin­ýi­niň yl­my işi esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýar.

«App­le» dün­ýä­niň iň gym­mat bren­di bol­dy

«In­terb­rand» bren­ding kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň 2021-nji ýyl bo­ýun­ça bar­lag iş­le­ri­niň jem­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da «App­le» bren­di bas­syr do­kuz ýyl bä­ri dün­ýä­niň iň gym­mat­ly bren­di bol­ma­gyn­da gal­ýar. Şu ýy­lyň do­kuz aýy­nyň do­wa­myn­da onuň ba­ha­sy 26% gym­mat­lap, ABŞ-nyň 408,25 mil­liard dol­la­ryn­dan geç­di. Ikin­ji ýe­ri «Ama­zon» bren­di eýe­le­di. Onuň ba­ha­sy 24% ýo­kar­lan­dy (ABŞ-nyň 249,25 mil­liard dol­la­ry). Il­kin­ji üç­lü­gi bol­sa 27% ösü­şe eýe bo­lan (210,2 mil­liard ABŞ dol­la­ry) «Micro­soft» kom­pa­ni­ýa­sy jem­le­di. «Goog­le» kom­pa­ni­ýa­sy bol­sa 19% (ABŞ-nyň 196,8 mil­liard dol­la­ry) ýo­kar­la­nyp, dör­dün­ji orun­da or­naş­dy.

Sanly ulgam – döwrebap mümkinçilikler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz döwrebap ösüşlere beslenýär. Bu babatda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sanly ulgama geçirilýär, sanly tehnologiýalaryň hyzmatyndan giňden peýdalanmaga uly ähmiýet berilýär. Munuň özi iş öndürijiligini ýokarlandyrmaga, wagty tygşytlamaga, işiň hilini gowulandyrmaga we depginini güýçlendirmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Özgertmeler ösüşleriň özeni

Soňky ýyllarda «sanly ykdysadyýet» adalgasy biziň durmuşymyza giňden aralaşdy. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklary bu ugurdaky bilimlerimiziň yzygiderli artdyrylmagyny, jemgyýetimizde bolup geçýän ykdysady hadysalar barada düşünjelerimiziň has-da çuňlaşdyrylmagyny talap edýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir özgertme halkymyzyň bähbidine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilendir. Milli Liderimiz halkymyzyň abadan ýaşaýşyny, eziz Diýarymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmegiň baş şerti hökmünde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda dünýä we döwür bilen aýakdaş gitmegiň derwaýysdygyny belleýär. Sanly ykdysadyýete geçmek üçin alnyp barylýan düýpli özgertmeler bolsa bu ugurdaky möhüm ädimleriň biridir. Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýän bu ulgama geçmegiň zerurlygyna dogry düşünilmeginiň özi hem, öňde duran wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna itergi berýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzda hünärmenleriň sanly ulgam, sanly ykdysadyýet baradaky bilimlerini artdyrmak bilen bir hatarda, dürli ugurlary sanlylaşdyrmak işi giň gerimde alnyp barylýar.

Sanly gurşaw we durmuş goraglylygy

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» esasy maksatlarynyň biri hyzmatlaryň düzümini we hilini kämilleşdirmek arkaly ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň işinde iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň barha işjeň ulanylmagynyň möhümdigini örän çalt depginlerde ösýän döwür görkezýär. Durmuşyň ösüş depginleri ýylsaýyn ýokarlanýar, şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlarda maglumatlaryň möçberi artýar. Bu bolsa degişli düzümleriň iş guraýyşlarynyň özgerdilmegini şertlendirýär. Durmuş goraglylygy ulgamynyň edaralarynyň işine sanlylaşdyrylan tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hyzmatlary amala aşyrýanlara we olary sarp edijilere ykdysady taýdan hem peýda getirýär. Sebäbi sanlylaşdyrma hadysasynyň hasaplaýyş kuwwaty netijesinde maglumatlary toplamak, saklamak, seljermek, gaýtadan işlemek we hödürlemek üçin sarp edilýän hyzmatlaryň gymmaty ep-esli pese düşýär, tor ulgamlary arkaly durmuş çygrynyň awtomatik häsiýetdäki işine gatnaşýanlaryň ählisinde ykdysady taýdan işjeňlik ýokarlanýar.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiz ýokary derejede ösdürilýär, maksatnamalar üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Esasan hem, sanly ulgamy ösdürmek, ösen tehnologiýalary öndürmek, bu ugurdan kämil hünärmenleri taýýarlamak baş maksat bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary uly ösüşlere eýe bolýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde pudaklara sanly ulgam giňişleýin ornaşdyrylýar. Bu bolsa ylmy esasda amala aşyrylyp, ösüşi has-da ýokarlandyrýar. Sebäbi munuň özi işleriň tiz amala aşyrylmagynda, guramaçylygy sazlaşykly ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýedir. Aslynda sanly ulgam düşünjesi uzak aralykdan gepleşikleri geçirmäge, elektron resminamalary dolandyrmaga, okuwlary ýa-da ylmy maslahatlary onlaýn görnüşde geçirmäge niýetlenendir. Şonuň üçin hem häzirki wagtda sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri yzygider ösdürilýär.

Sanly ykdysadyýetiň hukuk esaslary

Hormatly Prezidentimiziň döwleti we jemgyýeti hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ugrunda alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alýan we ilatyň abadan durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Jemgyýetiň aň-bilim mümkinçilikleriniň kämilleşdirilmegi döwletiň syýasy, ykdysady, hukuk esaslaryny pugtalandyrýar. Döwletimizde sanly ulgamy ösdürmekde, ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmakda, kazyýet edaralarynyň işini innowasion esasda guramakda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen, 2018-nji ýylyň noýabrynda tassyklanylan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» durmuşa ornaşdyrylmagy ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändiginiň tassyknamasy bolup durýar. Konsepsiýany amala aşyrmagyň çäklerinde milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, şeýle hem ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de tejribeli milli we halkara bilermenleri işe çekmek boýunça işleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzd

«Time management»-e görä hereket

«Time management»-iň gymmatyna düşünýän Merjen atly topardaşym bardy. Bir gün onuň okuw otagynda unudan ýandepderçesi başga bir hünäriň talyplarynyň Merjeniň her gün üçin meýilnama düzüp, şoňa görä hereket edýändiginden habar tapmasyna sebäp boldy. Ýandepderçäni okan talyplaryň bu gowy hem geň endik hakynda köp ýerde dil ýarmaklary bolsa, topardaş gyzymy tanaýanlaryň sanawyny artdyrdy gidiberdi. Soňabaka mugallymlaram onuň bu endigi barada eşidip, Merjene bu işi edip ýalňyşmaýandygyny ýaňzydyp başladylar. Şondan soň ýyllykdaşym öňküler ýaly: «Žurnalistikadaky Merjen bar-a...» diýip däl-de, «Time management»-e görä hereket edýän gyz bar-a...» diýip tanaldy... Aslynda-ha, Merjen meýilnamany diňe bir gün, bir hepde ýa bir aý däl, eýsem, ýyllar üçin taýýarlaýan eken. Munuň şeýledigini bilmegime hälki ýandepderçäniň ýantorbama tötänden düşmegi sebäp boldy. Garasaý, azaşmagy halaýan ýandepderçe maňa topardaşym hakynda köp zady «gürrüň berdi». Bir günem okuwdan öýe barýarkak aladaly görünýän topardaşymyň göwnüni götermek üçin onuň ýandepderçesinden okanlaryma esaslanyp:

Döwrebap ösüşler

Häzirki ösen jemgyýetimizde sanly ulgama uly orun degişlidir. Bu ugruň ösdürilmegi pudaklarda alnyp barylýan işleriň döwrebaplaşdyrylmagynda aýratyn ähmiýete eýedir. Sanly ulgam biziň her birimiziň gündelik durmuşymyza-da giňden ornaşýar. Internetiň mümkinçilikleri uly, ondan ýerlikli peýdalanmak ýaşaýyş durmuşymyzda-da, iş şertlerinde-de örän ähmiýetlidir. Biz özümize gerekli maglumatlary, çeşmeleri internetden gysga wagtda alyp hem okap bilýäris. Ýurdumyzdaky gündelik täzelikleri, habarlary internet neşirleriniň üsti bilen okamagy endige öwürýäris. Hormatly Prezidentimiz bu ulgamyň işiniň barha ösdürilmegine giň mümkinçilikleri döredip berýär. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar bilimlerini artdyryp, öwrenýän hünärleri dogrusyndaky düşünjelerini çuňlaşdyrýarlar.

Sanly ulgamyň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, häzirki döwürde ýurdumyzda «2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirilýär. Biziň mekdebimizde hem sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak, kämilleşdirmek boýunça birnäçe işler ýerine ýetirilýär. Şol işleriň hatarynda mekdebimize degişli bolan resmi web-saýtyň döredilmegini belläp bolar. Bu resmi web-saýtyň kömegi bilen mugallymlar, bilim alýan talyp ýaşlarymyz özlerine gerek bolan kitapdyr gollanmalardan, ylmy we publisistik makalalardan peýdalanýarlar.