"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Küşt bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­na­ty

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti Türk­me­nis­ta­nyň Küşt fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de guramagynda Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň Ýö­ri­te­leş­di­ri­len küşt we şaş­ka mek­de­bin­de küşt bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­na­ty­nyň Ýo­ka­ry li­ga­sy ge­çi­ril­di.

Sport — sag­dyn­ly­gyň, gö­zel­li­giň çeş­me­si

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Güýç-gaý­ra­tyň, gö­zel­li­giň, sag­ly­gyň göz­ba­şy ha­sap­lan­ýan ne­ti­je­li spor­tuň hem-de köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­niň yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da­ky, ber­kit­mek­dä­ki mö­hüm or­nu­ny hiç zat bi­len çal­şyp bol­maz. Mu­nuň özi tu­tuş dün­ýä­de yk­rar edi­len mi­ze­mez ha­ky­kat­dyr. Şun­dan ugur al­nyp, ýur­du­my­zyň her bir ra­ýa­ty­nyň, aý­ra­tyn-da, ýaş ne­sil­le­riň spor­ta bo­lan hö­we­si­ni art­dyr­mak­da, ola­ryň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne berk eýer­me­gi­ni ga­zan­mak­da äh­li çä­re­ler gö­rül­ýär. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry ar­ka­ly in­di ber­ka­rar ýur­du­myz­da her ýyl­da ge­çi­ril­me­gi asyl­ly ýö­rel­gä öw­rü­len «Türk­me­nis­tan — sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­dy» at­ly spar­ta­kia­da hem şu­nuň ýa­ly wa­jyp äh­mi­ýet­li sport çä­re­le­ri­niň bi­ri­dir. Bu spar­ta­kia­da­nyň hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri onuň spor­ta hö­wes­li köp­san­ly ra­ýat­la­ry bir ýe­re jem­le­mä­ge, ola­ryň spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri ba­ba

«Gel­je­giň oýun­la­ry»: iç­ki fa­kul­te­ta­ra ýa­ryş­lar

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan sport sy­ýa­sa­ty esa­syn­da ýur­du­myz­da spor­tuň iň hä­zir­ki za­man gör­nüş­le­ri üs­tün­lik­li ösdürilýär. Fi­ji­tal sport ýaş­la­ry­my­zyň dur­mu­şy­na bar­ha giň­den or­na­şyp bar­ýan şeý­le za­ma­na­bap sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir.

Türkiýeden bürünç medal bilen

Türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleriniň üstüni erkin göreş boýunça 16 ýaşly pälwan Alp Arslan Begenjow ýetirdi. Ol ýakynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilen halkara ýaryşda bürünç medalyň eýesi boldy. «Çempionlaryň ýaryşy» diýlip atlandyrylan sport baýramçylygyna Ýer ýüzünden 350-den gowrak türgen gatnaşdy. Adyndan hem belli bolşy ýaly, ýaryş erkin göreşiň iň ezber wekillerini özünde jemledi.

Hal­ka­ra ýa­ryş­yň me­dal­y

Türk­men päl­wa­ny Alp Ars­lan Be­gen­jow Tür­ki­ýä­niň An­tal­ýa şä­he­rin­de ta­mam­la­nan er­kin gö­reş bo­ýun­ça Çem­pi­on­la­ryň ab­raý­ly hal­ka­ra ýa­ry­şyn­da 74 ki­log­ram ag­ram de­re­je­sin­de bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy. Bäs­le­şi­ge 350 tö­we­re­gi tür­gen gat­naş­dy. 16 ýaş­ly il­de­şi­mi­ziň çy­kyş eden ag­ram de­re­je­sin­de al­tyn me­da­ly eý­ran­ly päl­wan Ali Ab­bas Re­za Eýa­guz­ge­leh, kü­müş me­da­ly tür­ki­ýe­li Me­te­han Ýap­rak eýe­le­di.

Futbol täzelikleri

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda paýtagtymyzda «AFC Women’s day 2024» futbol festiwaly geçirildi. Aşgabatda guralan futbol festiwalynyň esasy maksady ýurdumyzda zenan futbolyny ösdürmekden hem-de ýaşajyk gyzjagazlary futbol bilen meşgullanmaga höweslendirmekden ybarat boldy.

Ta­lyp bäs­le­şik­le­ri

Ýa­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp gyz­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da XIII Uni­wer­sia­da­nyň çäk­le­rin­de 3x3 bas­ket­bol bo­ýun­ça bäs­le­şik ge­çi­ril­di. «Türk­me­nis­tan – ru­hu­be­lent­li­giň we sag­dyn­ly­gyň ýur­dy» ady bi­len ge­çi­ri­len bäs­le­şik­de ne­ti­je­li oýun gör­ke­zen Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň to­pa­ry 1-nji or­na my­na­syp bol­dy. Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň ta­lyp gyz­la­ry çy­ky­şyny 2-nji orun bi­len ta­mam­la­nan bol­sa, Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň to­pa­ry (Gül­şat Pi­ri­ýe­wa, Mäh­ri­ban Mu­ra­do­wa, Bag­ty­gül Ama­no­wa, Gül­şi­rin Nu­ry­ýe­wa) 3-nji or­ny eýe­le­di.

Ýaş­lar spor­ty saý­la­ýar

Çem­pi­on­lar bel­li bol­dy

Türk­me­nis­ta­nyň küşt bo­ýun­ça çem­pio­na­ty­nyň ýo­ka­ry li­ga­sy­nyň iki aý­law­da­ky du­şu­şyk­la­ry ta­mam­lan­dy. Di­ýa­ry­my­zyň iň güýç­li küşt­çü­le­ri aý­ra­tyn­lyk­da bäs­leş­di­ler. Er­kek­le­riň ara­syn­da Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň dü­zü­min­de ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy geç­ýän Al­la­ýar Şir­li­ýew müm­kin bo­lan 14 utuk­dan 11,5 utuk top­lap, ýe­ňiş ga­zan­dy. Paý­tagt­ly Aman­mu­ham­met Hom­ma­dow 2-nji, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by We­pa­ly Ha­ly­ny­ýa­zow 3-nji orun­la­ry eýe­le­di­ler. Gyz­la­ryň ara­syn­da 12 utuk top­la­ma­gy ba­şa­ran Mer­ýem Aga­ja­no­wa 1-nji or­na my­na­syp bol­dy. Dä­new et­ra­byn­dan mek­dep okuw­çy­sy La­la Şöh­ra­do­wa 11 utuk bi­len 2-nji or­ny eýe­le­di, onuň do­ga­ny Leý­la öň­dä­ki üç­lü­gi jem­le­di.

Sport mekdeplerinde

Türk­men­ba­şy et­ra­byn­da­ky eda­ra-kär­ha­na­lar­da iş­le­ýän aýal-gyz­la­ryň ara­syn­da wo­leý­bol bo­ýun­ça ge­çi­ri­len ýa­ryş çe­ke­le­şik­li hem-de gy­zyk­ly hä­si­ýe­te eýe bol­dy. Ze­nan­la­ryň sport çä­re­le­ri­ne hem iş­jeň gat­naş­ýan­dyk­la­ry­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­na öw­rü­len ýa­ry­şyň ne­ti­je­si bo­ýun­ça et­rap bi­lim bö­lü­mi­niň 1-nji to­pa­ry 1-nji, 2-nji to­pa­ry 2-nji orun­la­ra my­na­syp bol­ma­gy ba­şar­dy­lar. Et­rap be­den­ter­bi­ýe we sport bö­lü­mi­niň wo­leý­bol­çy­la­ry 3-nji or­ny eýe­le­di­ler. Ýa­ryş­da öň­dä­ki orun­la­ry eýe­län to­par­la­ra TMÝG-niň et­rap ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.

Gel­je­gi nu­ra­na ne­sil

Sport — sagdynlygyň girewi

Sportuň görnüşleri bedene edýän täsiri bilen tapawutlanýar. Mysal üçin, ýeňil atletikany, ýagny, ylgamagy alyp göreliň. Munuň bilen meşgullanylanda, bedeni haýal ylgaw bilen çalt ýöremegi gezekleşdirmek arkaly öwrenişdirmeli. Çünki birden gaty ylgamak daljykdyryp, dem alşy kadadan çykarýar. Her bir ylgawy 1 minut artdyrmak bilen, 10–15 minut ylgamaly. Gan aýlanyşygynyň kadalaşmagyna, nerw dartgynlylygynyň öňüniň alynmagyna, immunitetiň berkemegine, boýuň ösmegine ylgamagyň ýetirýän täsiri uludyr. Welosiped sürlende, beden süňkleriniň 206-sy, myşsalaryň 600-e golaýy işjeň herekete gelýär. Ol ýürek-damar, dem alyş ulgamyny we aýak myşsalaryny berkidýär. Welosipedi ilki bilen haýal tizlikde sürüp, soňra kem-kemden tizligi artdyrmaly. Ir säher we agşamara welosiped sürmek has-da peýdalydyr.

Bedenterbiýe we sport

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da eziz Di­ýa­ry­myz sag­dyn­ly­gyň we ösen spor­tuň ýur­dy hök­mün­de ta­nal­ýar. Ýur­du­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de gur­lup, ula­nyl­ma­ga ber­len sport top­lum­la­ryn­da il­deş­le­ri­miz spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ýar­lar. Bu gün jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry ta­ra­pyn­dan ge­çi­ril­ýän wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şyk­la­ryn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­me­giň hem-de sport bi­len meş­gul­lan­ma­gyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin dü­şün­di­ril­ýär. Şeý­le du­şu­şyk­lar ýaş nes­liň be­den we ru­hy taý­dan kä­mil yn­san­lar bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ne ýar­dam ed­ýär. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, ýaş­la­ryň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­me­gi, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň ös­dü­ril­me­gi, Türk­me­nis­ta­nyň sport ýur­dy hökmündäki abraýynyň artmagy ug­run­da uly ta­gal­la­la­ry ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris.

Göreş sungaty – kämil mekdep

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan gadymy türkmen topragynda ýaşan ata-babalarymyz beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli terbiýelemekde göreşe aýratyn ähmiýet beripdirler. Şeýlelikde, toý-baýramlarda göreş tutýan ussat pälwanlary ýetişdirmegiň özboluşly milli göreş mekdebi kemala getirilipdir. Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen milli göreşini çyn ýürekden söýen halkymyz ony asyrlarboýy kämilleşdirip, sungat derejesine ýetiripdir» diýip nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň şu aýdanlaryndanam görnüşi ýaly, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, bedenterbiýedir sport bilen meşgullanmak ata-babalarymyzdan bäri nusga bolup gelýän ýörelgedir. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ajaýyp zamanamyzda türkmen milli göreşi sportuň dünýä belli görnüşleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyzda türkmen milli göreşi boýunça halkara ýaryşlaryň yzygiderli guralmagy, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna türkmen milli göreşiniň hem girizilmegi muny kemsiz subut edýär. Türkmen pälwanlarynyň halkara derejede guralýan şeýle ýaryşlarda, aýratyn-da, geçen ýylyň noýabrynda gözel paýtagtymyzda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempion

Taryhda şu gün

 1994-nji ýylyň 23-nji martynda «Los-Anjeles Kingz» toparynyň hüjümçisi «Wankuwer Kenaks» topary bilen geçirilen duşuşykda hokkeý ýolundaky 802-nji şaýbasyny derwezeden geçirmegi başarýar. Şonda ol iň köp şaýba geçirmekde adygan Gordi Hounyň mundan öňki rekordyny täzelemegi başarýar.

Ýurdumyzda sport we ýaşlar syýasaty dabaralanýar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyz sagdynlygyň we ösen sportuň ýurdy hökmünde tanalýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurlup, ulanylmaga berlen sport toplumlarynda ildeşlerimiz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Bu gün jemgyýetçilik guramalary tarapyndan geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklarynda sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň hem-de sport bilen meşgullanmagyň ähmiýeti barada giňişleýin düşündirilýär. Şeýle duşuşyklar ýaş nesliň beden we ruhy taýdan kämil ynsanlar bolup ýetişmeklerine ýardam edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilen we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän sport hem-de ýaşlar syýasaty ajaýyp netijelerini berýär. Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň sport abraýyny belen-de galdyrýarlar. Ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen köpçülikleýin meşgullanmaklary bolsa ýurdumyzda sport we ýaşlar syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülýär. Sporty, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesini, milliligi, däp-dessurlarymyzy wagyz etmekde geçirilýän çäreleriň oňyn netije berýändigi buýsandyryjy ýagdaýdyr.

Täze çempionlar kesgitlenildi

Ýakynda küşt boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionaty 21 ýaşly harby gullukçynyň we 17 ýaşly mekdep okuwçysynyň ilkinji çempionlygy bilen tamamlandy. Sport ýoluny çempionlyk derejeleriniň birnäçesi bilen bezän beýleki küştçüler bolsa olardan aşakdaky orunlar üçin göreşmeli boldular. Aslynda, küşt boýunça birinjiliklerdir çempionatlar ýylyň başyndan bäri dowam edip gelýär. Ýöne iki hepdeläp dowam edip, ýakynda tamamlanan ýaryş — Türkmenistanyň Ýokary ligasy şolaryň iň abraýlysy. Çünki Ýokary ligada ýurdumyzyň iň güýçli küştçüleri ýaryşýarlar. Ýaryş erkek we zenan küştçüleriň arasynda aýry-aýrylykda geçirilýär.

Ýe­ňiş­ler Pa­ri­že go­laý­lad­ýar

Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by Ser­dar Ra­hy­mow Lat­wi­ýa­nyň paý­tag­ty Ri­ga şä­he­rin­de ulu­la­ryň ara­syn­da dzýu­do bo­ýun­ça ge­çi­ri­len Ýew­ro­pa­nyň açyk çem­pio­na­tyn­da kü­müş me­dal ga­zan­dy. 66 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­sin­de ýa­ry­şan il­de­şi­miz bu üs­tün­li­ge 45 tür­ge­niň ara­syn­da ýet­di. Türk­me­nis­tan­ly tür­gen il­kin­ji tut­lu­şy­gyn­da ys­ra­ýyl­ly Gaý Gat­ma­ny ýe­ňen bol­sa, ikin­ji tut­lu­şy­gyn­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­dan Jo­şua Bel­li­ni ýa­ryş­dan çy­kar­dy. Soň is­pa­ni­ýa­ly Sua­rez Ae­ti­les­den üs­tün çy­kyp, çär­ýek fi­nal­da gru­zi­ýa­ly Lu­ka Çop­lia­ni­ni ýeň­di. Ýa­rym fi­nal­da, kyn­lyk bi­len hem bol­sa, fran­si­ýa­ly Wil­li­am Sy­si­gi ýe­ňen il­de­şi­miz fi­nal tut­lu­şy­gyn­da al­tyn me­da­lyň eýe­si Fin­li Al­lan­dan (Be­ýik Bri­ta­ni­ýa) as­gyn gel­di.

Çempiondan mynasyp başlangyç

Geçen ýylyň baharynda döredilip, ilkinji möwsümini goşa baýrak bilen jemlän, gyşda Türkiýe Respublikasynda we Birleşen Arap Emirliklerinde geçiren okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynda Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň güýçli toparlarynyň birnäçesi bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirip, halkara tejribesini artdyran «Arkadag» futbol topary ýurdumyzyň çempionatynyň täze möwsümine hem üstünlikli girişdi. 3-nji martda başlanan täze möwsümde topar eýýäm iki ýeňiş gazanyp, ýaryş tertibiniň ikinji basgançagyna çenli beýgeldi. Täze möwsümiň açylyş tapgyrynda dynç alan ýurdumyzyň «akylly» şäheriniň adybir futbol topary 2-nji tapgyrda geçen möwsümiň kümüş medalynyň eýesi — paýtagtyň «Altyn asyr» futbol toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi. Toparyň kapitany Arslanmyrat Amanow duşuşygyň 14-nji minutynda tapawutlanyp, «Arkadag» futbol toparynyň düzüminde täze möwsümde ilkinji goly geçirmegi başaran futbolçy boldy. Şondan soň 27-nji minutda Didar Durdyýew, 82-nji minutda bolsa Altymyrat Annadurdyýew tapawutlanyp, çempionyň möwsüme mynasyp girişmegine şert döretdiler.

Ussatlygyn äşgär eden türgenler

Ýakynda Türkmenistanyň Karate-do federasiýasynyň guramagynda 2024-nji ýylda Ahal welaýatynyň açyk birinjiligini almak ugrunda bäsleşik geçirildi. Ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň, ähli welaýatlaryň we paýtagtymyzyň toparlarynyň ünsüni özüne çeken bu çempionata Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylary — halypa tälimçi, gara guşagyň III danynyň eýesi, sport ussady, uly leýtenant Güýç Gökowyň taýýarlan talyp türgenleri bilen bilelikde, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Annageldi Rahymowyň we kapitan Mülkaman Sahadowyň şägirtleri hem işjeň gatnaşyp, özleriniň ussatlyklaryny ýene bir ýola äşgär edip, baýrakly orunlaryň birnäçesini eýelemegi başardylar. Bäsleşikde Kumite görnüşi boýunça 18 — 29 ýaşly türgenleriň arasynda esger Atamyrat Çaryýew 1-nji, tälimçi türgen — uly leýtenant Güýç Gökow we harby talyp Annanur Tagansähedow hem final tutluşygyna çenli göreşip, 2-nji orny eýelemegi başardylar. Gara guşagyň I danynyň eýesi, borçnama boýunça harby gullugyň uly seržanty Şatlyk Tekäýew, harby talyplar Arslan Babanazarow we Myrat Saryýew dagy hem ýokary netijeleri görkezip, 3-nji orna mynasyp boldular.