Ýaş­lar spor­ty saý­la­ýar

22 Mart 2024
636

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­da dur­ma­gyn­da ýur­du­my­zyň umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­rin­de be­den­ter­bi­ýe sa­pak­la­ry­nyň gi­ri­zil­me­gi bi­len, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­ýän, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe we spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ýan okuw­çy­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar.

Ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik­ler­de ta­pa­wut­lan­ýan okuw­çy­la­ry­myz­dan paý­tag­ty­my­zyň «Ga­ra­gum» fut­bol klu­bun­da kä­mil­lik ýo­lu­ny geç­ýän ýa­şa­jyk fut­bol­çy­la­ry gör­kez­mek bo­lar. Bu klub­da paý­tag­ty­myz­da­ky or­ta mek­dep­ler­den 2006-2007-nji ýyl­lar­da we 2009-2010-njy ýyl­lar­da dog­lan ýet­gin­jek­le­riň 60-a go­la­ýy tür­gen­le­şik geç­ýär. Ola­ra klu­buň tä­lim­çi­le­ri An­na­gur­ban Aman­na­za­row, Alek­sandr Kli­men­ko ýa­ly öz döw­rü­niň us­sat­la­ry tä­lim ber­ýär. Bu hü­när­men­le­riň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Gurbanguly Gurbangulyýew, Mä­ti Ýaz­ja­now, Baý­gel­di Is­ma­ýyl­ba­ýew, Baý­gel­di Baý­ram­sä­he­dow ýa­ly ýet­gin­jek­ler bar­ha kä­mil­leş­ýär­ler. Olar «Ga­ra­gu­muň» dü­zü­min­de paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­ýän ýa­ryş­la­ra gat­na­şyp, baý­rak­ly orun­la­ry eýe­le­ýär­ler.

Aman­dur­dy SA­PA­ROW,
Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki 14-nji or­ta mek­de­biň mü­di­ri­niň ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri bo­ýun­ça orun­ba­sa­ry.
Beýleki habarlar