"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Türk­men sam­bo­çy­la­ry­nyň üs­tün­li­gi

Ýa­kyn­da Mosk­wa­nyň hal­ka­ra sam­bo mer­ke­zin­de her ýyl ge­çi­ril­me­gi asyl­ly dä­be öw­rü­len Sam­bo­ny esas­lan­dy­ry­jy­la­ryň Ku­bo­gy ug­run­da­ky ýa­ryş ta­mam­lan­dy. Ab­raý­ly bäs­le­şik spor­tuň bu gör­nü­şi­ni dö­re­di­ji­ler ha­sap­lan­ýan Ana­to­liý Har­lam­pi­ýe­wiň, Wa­si­liý Oş­şep­ko­wyň hem-de Wik­tor Spi­ri­do­no­wyň ýag­ty ýa­dy­gär­li­gi­ne ba­gyş­la­nyp gu­ral­ýar.  Ýa­ry­şa Türk­me­nis­tan­dan, Be­la­rus­dan, Azer­baý­jan­dan, Er­me­nis­tan­dan, Ger­ma­ni­ýa­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­dan, Hy­taý­dan, Mon­go­li­ýa­dan, Tä­ji­gis­tan­dan, Öz­be­gis­tan­dan, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­dan hem-de ýer eýe­le­ri bo­lan Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­dan 250-den gow­rak päl­wan gat­naş­dy.

Tej­ri­be­li tür­gen

Bu gün ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de ýer­leş­ýän sport mek­dep­le­ri ze­hin­li ýaş­la­ryň tä­lim al­ýan, zäh­met çek­ýän ýer­le­ri­ne öw­rül­di. Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Çär­jew et­ra­by­nyň 2-nji sport mek­de­bi­niň ku­raş gö­re­şi bo­ýun­ça tä­lim­çi-mu­gal­ly­my Aý­şi­rin Haý­da­ro­wa­ türgenleriň hem şeýle biridir. Ol 2009-njy ýyl­da ýe­ňil at­le­ti­ka bo­ýun­ça tür­gen­le­şik­le­re baş­la­ýar. 2014-nji ýyl­da bolsa tej­ri­be­li tä­lim­çi Şi­rin Ku­ba­ýe­wa­dan gö­reş gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça tä­lim al­ýar.

Sport mekdeplerinde

Ak­de­pe et­ra­by­nyň be­den­ter­bi­ýe we sport bö­lü­miniň TMÝG-niň Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Ak­de­pe et­rap ge­ňe­şi bi­len bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça et­ra­byň bi­rin­ji­li­gi ge­çi­ril­di. Ak­de­pe et­ra­by­nyň 7-nji sport mek­de­bin­de do­wam eden ýa­ry­şa 2008-nji ýyl­da dog­lan og­lan-gyz­lar gat­naş­dy­lar. Og­lan­la­ryň ara­syn­da Şah­ruh Mät­ja­now, Ke­rim Nur­mä­me­dow, Ali­bek Is­ma­ýi­low, Hu­sin­baý Re­ýim­ba­ýew, Ali­jan Ata­ja­now, Şa­him Hu­daý­ber­ge­now, Egem­ber­gen Mah­mud­ja­now, Ba­bur Al­la­ber­ge­now, Ba­bur Şer­me­tow, Şa­him Re­ýim­ku­ly­ýew, gyz­la­ryň ara­syn­da Ýa­ňil­jan Mad­ra­ýi­mo­wa, Mu­ni­sa Sa­tym­ba­ýe­wa, Zü­leý­ha Ýu­sup­ba­ýe­wa, Kü­müş Baý­ja­no­wa, Di­na­ra Ku­ram­ba­ýe­wa da­gy ýe­ňi­ji bol­dy.

Hal­ka­ra ýa­ry­şyň bo­sa­ga­syn­da

Bil­şi­miz ýa­ly, paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Ku­raş bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň ta­mam­la­na­­ny­na o di­ýen köp wagt ge­çe­nok. In­di bol­sa Türk­me­nis­tan no­bat­da­ky iri bäs­le­şi­gi – hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şy ka­bul et­mä­ge taý­ýar­lyk gör­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, eziz Di­ýa­ry­myz­da 15 – 20-nji ap­rel ara­ly­gyn­da hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş ge­çi­ri­ler. Hal­ka­ra ýa­ry­şyň du­şu­şyk­la­ry­ny Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň Gyş­ky oýun­lar sport top­lu­my­nyň uly we ki­çi buz­ly meý­dan­ça­la­ryn­da ge­çi­r­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Ne­sip bol­sa, bu ýa­ryş ýur­du­myz­da spor­ty ös­dür­mek­de uly iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny no­bat­da­ky ge­zek bü­tin aý­dyň­ly­gy bi­len gör­ke­zer. Eziz Di­ýa­ry­myz ab­raý­ly hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň bir­nä­çe­si­ni üs­tün­lik­li ge­çir­di. Çün­ki ýur­du­myz­da gur­lup, ula­nyl­ma­ga ber­len sport des­ga­la­ry ýo­ka­ry müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.

Gökderedäki gyzykly bäsleşikler

25 — 30-njy mart ara­ly­gyn­da Ar­ka­dag şä­he­rin­de Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ho­wan­dar­lyk et­me­gin­de mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da ma­te­ma­ti­ka der­si bo­ýun­ça hal­ka­ra olim­pia­da ge­çi­ril­di. 28-nji mart­da Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti hal­ka­ra olim­pia­da gat­na­şy­jy­lar üçin spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik­leri gu­rady. Gök­de­re­dä­ki «Ne­bit­çi» ça­ga­lar dynç alyş we sa­gal­dyş mer­ke­zin­de ýaý­baň­lan­dyry­lan sport ýa­ryş­la­ry o­lar­da ýa­kym­ly tä­sir gal­dyr­dy. Olim­pia­da gat­na­şy­jy­lar küşt, stol ten­ni­si, fut­bol, ta­nap çek­mek, ýag­ly­ga to­wus­mak bo­ýun­ça öz ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­kez­di­ler. Ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­ly­gy bi­len ta­pa­wut­la­nan sport bäs­le­şik­le­ri o­la­ryň wagt­la­ry­ny şa­dy­ýan, gy­zyk­ly ge­çir­mek­le­ri­ne şert dö­ret­di. Bu hal­ka­ra ders olim­pia­da­sy oňa gatnaşyjylaryň alan bi­lim­le­ri­ni do­ly gör­kez­me­gi bi­len bir ha­tar­da, ola­ryň be­den­ter­bi­ýe-sport ba­bat

Stol ten­ni­si­niň muş­dak­la­ry

Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­a il­kin­ji ge­zek 1988-nji ýyl­da go­şu­lan stol ten­ni­si bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň sa­ny hä­zir­ki wagt­da bü­tin dün­ýä­de 300 mil­lion­dan geç­ýär. Spor­tuň bu gör­nü­şi bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­ny gu­ra­ýan Hal­ka­ra Stol ten­ni­si fe­de­ra­si­ýa­sy (ITTF) 1926-njy ýyl­da esas­lan­dy­ry­lyp, şol ýyl stol ten­ni­si bo­ýun­ça il­kin­ji dün­ýä çem­pio­na­ty ge­çi­ril­ýär. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar spor­tuň bu gör­nü­şi bi­len meş­gul­lan­ma­gyň adam sag­ly­gy­na, be­de­niň dür­li ul­gam­la­ry­nyň işi­ne oňaý­ly tä­sir ed­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Bu gün­ki gün stol ten­ni­si bi­ziň ýur­du­myz­da hem ýaş­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin meş­gul­lan­ýan sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir. Türk­me­nis­ta­nyň Stol ten­ni­si fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň he­re­ket et­me­gi bol­sa spor­tuň bu gör­nü­şi bo­ýun­ça dür­li ýa­ryş­la­ryň yzy­gi­der­li ge­çi­ri­lip dur­ma­gy­na şert dö­red­ýär.

Ýaş­lar spor­ty saý­la­ýar

Sag­dyn­ly­gy we ru­hu­be­lent­li­gi ber­ka­rar et­me­giň il­kin­ji şer­ti hök­mün­de spor­ty, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni ös­dür­mek mö­hüm­dir. Şeý­le bo­lan­soň, sag­dyn dur­mu­şyň ta­rap­da­ry Mil­li Li­de­ri­mi­ziň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len Türk­me­nis­tan hal­ka­ra sport hyz­mat­daş­ly­gy­nyň me­ka­ny hök­mün­de özü­ni dün­ýä ta­nat­ma­gy ba­şar­dy. Soň­ky ýyl­lar­da türk­men tür­gen­le­ri­niň ga­zan­ýan be­ýik ýe­ňiş­le­ri, gör­kez­ýän ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri mu­ny do­ly tas­syk­la­ýar. Eziz Di­ýa­ry­myz­da kä­mil tür­gen­le­ri taý­ýar­la­mak, olar­da mak­sa­daok­gun­ly­lyk, iş­jeň­lik, er­jel­lik we ýeň­şe bo­lan ynam­ly­lyk ýa­ly hä­si­ýet­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek me­se­le­le­ri­ne uly üns be­ril­ýär. Bi­ziň zäh­met çek­ýän or­ta mek­de­bi­miz­de hem sport bi­len meş­gul­lan­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di. Şeý­le müm­kin­çi­lik­den ne­ti­je­li peý­da­lan­ýan ýaş­lar dür­li ýa­ryş­lar­da üs­tün­lik­li çy­kyş ed­ýär­ler. Go­laý­da Dä­new et­ra­byn­da­ky 5-nji sport mek­de­bin­de 10-11-nji synp okuw­çy­la­ry

Bedenterbiýe we sport

We­la­ýa­ty­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de ge­çi­ri­len sport çä­re­le­ri­dir wa­gyz-ne­si­hat mas­la­hat­la­ry Mil­li ba­har baý­ra­my­nyň — Hal­ka­ra Now­ruz gü­nü­niň bel­len­ýän gün­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti­ni go­şa­lan­dyr­dy. Aja­ýyp çä­re­ler baý­ram­çy­lyk şow­hu­ny­nyň üs­tü­ni sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň ma­ny-maz­mu­ny hem-de äh­mi­ýe­ti bi­len ýe­tir­di. Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­de ge­çi­ri­len da­ba­ra­lar­da spor­tuň mil­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça gy­zyk­ly ýa­ryş­la­ra hem-de gör­kez­me çy­kyş­la­ry­na giň orun be­ril­di. Şeý­le çä­re­le­ri türk­men mil­li gö­re­şi bo­ýun­ça tut­lu­şyk­lar hem be­ze­di. Mu­nuň özi asyr­lar aşyp bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýe­ten türk­men gö­re­şi­niň, şol san­da beý­le­ki mil­li gör­nüş­le­ri­mi­ziň aja­ýyp döw­rü­miz­de saz­la­şyk­ly ös­dü­ril­ýän­di­gin­den ny­şan­dyr. Bu ha­ky­kat Gahryman Arkadagymyzyň ba­şy­ny tu­tan döw­let­li iş­le­ri­niň hormatly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da my­na­syp do­wam et­di­ril­me­gi bi­len, mil­li ýö­rel­ge­le­ri­mi­ziň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Türk­me­nis­tan­ly ýet­gin­jek­ler dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň kü­müş me­dalyny eýe­le­di­ler

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Türk­me­nis­ta­nyň ýet­gin­jek­ler mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň hok­keý­çi­le­ri dört to­pa­ryň gat­naş­ma­gyn­da Keýp­ta­un­da (GAR) ge­çi­ri­len 18 ýa­şa çen­li oýun­çy­la­ryň ara­syn­da ýet­gin­jek­ler dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň «B» to­pa­ry­nyň üçün­ji diw­izio­nyn­da kü­müş me­dal ga­zan­dy­lar.

Sport­da­ky ne­ti­je­le­riň bin­ýa­dy

Mil­li spor­tu­my­zyň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­nyň ber­ki­dil­me­gi ýur­du­myz­da bu ul­ga­myň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni şert­len­dir­ýär. Çün­ki be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek bo­ýun­ça he­re­ket ed­ýän res­mi­na­ma­lar bu ul­ga­my düz­gün­leş­dir­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. «Türk­me­nis­tan­da 2021 — 2025-nji ýyl­lar­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty gol­da­ma­gyň hem-de ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň» hem-de ony ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­riň Me­ýil­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­le­riň ma­ny-maz­mu­ny­na hem aý­ra­tyn ün­si çek­mek ge­rek. Bu mak­sat­na­ma be­den­ter­bi­ýe we sport çä­re­le­ri­niň giň top­lu­my­nyň üs­ti bi­len sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­ka­rar et­me­gi özün­de jem­le­ýär. Spor­tuň ösü­şi bo­ýun­ça kes­git­le­nen ýö­rel­ge­ler bol­sa mil­li tür­gen­le­ri­mi­ziň ab­raý­ly hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryn­da uly üs­tün­lik­le­re ýet­me­gi­niň ýo­lun­da­ky mö­hüm ädim­le­ri eme­le ge­tir­ýär.

Jiu-jit­su ha­kyn­da

Paý­tag­tyň bi­rin­ji­li­gi

Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň Ýö­ri­te­leş­di­ri­len küşt we şaş­ka mek­de­bin­de spor­tuň küşt, şaş­ka, düz­züm gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça Aş­ga­bat şä­he­ri­niň bi­rin­ji­li­gi ge­çi­ril­di. On­da 64 öý­jük­li şaş­ka bo­ýun­ça 14 we 18 ýa­şa çen­li og­lan­la­ryň we gyz­la­ryň ara­syn­da ýaş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ge­çi­ri­len bäs­le­şi­ge 60-dan gow­rak tür­gen gat­naş­dy. Ýa­ryş­lar uly ýaş­ly tür­gen­le­riň ara­syn­da aý­law gör­nü­şin­de, ki­çi ýaş­ly­la­ryň ara­syn­da bol­sa şweý­sar usu­lyn­da gu­ral­dy.

Türgeniň gün tertibi

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Tür­gen diý­mek Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň sport ab­ra­ýy­ny dün­ýä ýaý­ýan sport hü­när­me­ni diý­mek­dir. Döw­let we hal­ka­ra de­re­je­li sport ýa­ryş­la­ryn­da ýe­ňiş ga­zan­mak, döw­le­ti­mi­ziň mu­kad­des ýa­şyl Tu­gu­ny be­lent­de par­lat­mak üçin sport tür­ge­ni­niň gün­de­lik hök­ma­ny ýe­ri­ne ýe­tir­me­li, ber­jaý et­me­li düz­gün-ka­da­la­ry bar. Bu­la­ryň äh­li­si «Tür­ge­niň gün ter­ti­bi» di­ýen dü­şün­je­de jem­len­ýär.

Taryhda şu gün

1972-nji ýylyň 30-njy martynda Çehiýanyň Ýindržihuw-Gradese şäherinde doglan Karel futbol ýolunyň dowamynda ýerli «Dinamo» (1991-1994), «Wiktoriýa» (1994-1995), «Slawiýa» (1995-1996), «Sparta» (2002-2005), Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» (1996-1998), Portugaliýanyň «Benfika» (1998-2001), Italiýanyň «Lasio» (2001-2002) toparlarynda çykyş etdi. 1996-njy ýylda Çehiýada ýylyň futbolçysy diýlip yglan edilen bu hüjümçi milli ýygyndy toparyň düzüminde 118 duşuşyga gatnaşýar (1994-2006-njy ýyllaryň aralygynda). Ol milli ýygyndynyň düzüminde çykyş etmekde Çehiýanyň rekordçysy hasaplanylýar. Karel Poborski milli ýygyndy bilen Ýewropa çempionatlarynda kümüş hem-de bürünç medallara mynasyp bolýar.

Sport we sag­lyk

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Aja­ýyp za­ma­na­myz­da hal­ky­my­zyň sag­dyn, bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mek hor­mat­ly Preziden­ti­mi­ziň, Gahryman Arkadagymyzyň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry bo­lup dur­ýar. Sag­ly­gy go­ra­mak­da, ber­kit­mek­de spor­tuň, be­den­ter­bi­ýä­niň äh­mi­ýe­ti hem örän ulu­dyr. Şo­nuň üçin hem ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş hem-de sport ul­gam­la­ry­ny saz­la­şyk­ly sak­la­mak esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir.

Sport. Sport. Sport.

Çekeleşikli boldy Golaýda Mary şäherindäki 6-njy sport mekdepde 2007-nji ýylda doglan we ondan kiçi ýaşly oglan-gyzlaryň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ýaryşa Aşgabat şäherinden we welaýatlardan türgenler gatnaşdylar.

Azi­ýa­nyň ku­bo­gyn­da­ky öz tanyşlarymyz

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Ýa­zy­jy Ata Ata­ja­no­wyň «Öz ta­nyş­la­ryň» at­ly ro­ma­ny­ny okan bol­sa­ňyz ge­rek. Eser­dä­ki pel­se­pe ul­la­kan zat­dan söh­bet aç­ýa­nam bol­sa, aw­tor ro­man­da­ky gah­ry­man­la­ryň dur­mu­şyn­da bo­lup geç­ýän her bir ki­çi­jik wa­ka­nam us­sat­lar­ça aý­dyp geç­ýär. Mu­nuň özi eser­dä­ki wa­ka­la­ryň ta­nyş adam­la­ryň dur­mu­şyn­da bo­lup geç­ýän ýa­ly du­ýul­ma­gy­na ge­tir­ýär. Gah­ry­man­lar sa­ňa ta­nyş, ýö­ne wa­ka­lar baş­ga­rak. Dog­ry, gah­ry­man­la­ryň bi­ze ta­nyş ýa nä­ta­nyş­ly­gy şol wa­ka­la­ra nä­de­re­je­de gatnaşýandygy esa­syn­da kes­git­le­nil­ýär. Şo­nuň üçin umu­my bir or­ta­lyk bar­dyr, el­bet­de? Bu so­wa­la soň do­la­na­rys. Hä­zir biz Azi­ýa yk­ly­my­nyň uly fut­bol sah­na­syn­da çy­kyş eden öz ta­nyş­la­ry­myz ha­kyn­da söh­be­di do­wam ede­li.

Meşhur türgenler hakynda filmler

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Sport dün­ýä­si­ne güýç­li adam­lar gel­ýär. Ola­ryň için­de meş­hur bol­ýan­lar hem az däl. Sa­naw­da sport ta­ry­hyn­da ýat­da ga­lan gy­zyk­ly wa­ka­lar ha­kyn­da çe­per we do­ku­men­tal film­ler hem bar. Ola­ryň üs­ti bi­len dün­ýä bel­li tür­gen­le­riň dur­muş ýo­lu­ny öw­ren­mek müm­kin.

Ki­bers­port sportuň täze görnüşi bolup, onuň esasy aý­ra­tyn­lyk­la­ry

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Ki­bers­port — bu wi­deo oýun ýa­ryş­la­ry­dyr. Mun­da oýun­çy­lar ýe­ke­le­ýin ýa-da to­par­la­ýyn gör­nüş­de hem çy­kyş edip bi­lýär­ler. Elekt­ron spor­ta baş­ga­ça komp­ýu­ter spor­ty ýa-da es­port — elekt­ron spor­ty hem di­ýil­ýär. Ol spor­tuň we komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ut­gaş­dy­ryl­ma­sy bo­lup, wir­tu­al gör­nüş­de ama­la aşy­ryl­ýar.

Şöhraty aýandyr älem-jahana

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da Fran­si­ýa­nyň Pa­riž şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek XXXIII Olim­pi­ýa oýun­la­ry ba­ra­da oý­la­na­nyň­da, onuň sa­na­wy­na gir­ýän grek-rim gö­re­şi ha­kyn­da oý­lar se­ri­ňe dol­ýar. Spor­tuň, oýun­la­ryň dö­re­ýiş, ösüş ta­ry­hy ha­kyn­da nä­çe oý­lan­dy­gyň­ça, bu ge­çi­len uzak ta­ry­hy ýo­luň do­wa­myn­da halk­la­ryň öza­ra dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň, bi­rek-bi­re­giň dö­re­den, dün­ýä be­ren gym­mat­lyk­la­ry­na go­ýan sar­pa­sy­nyň ta­ry­hy bi­len ýüz­be-ýüz bol­ýar­syň.