Taryhda şu gün

29 Mart 2024
140

1972-nji ýylyň 30-njy martynda Çehiýanyň Ýindržihuw-Gradese şäherinde doglan Karel futbol ýolunyň dowamynda ýerli «Dinamo» (1991-1994), «Wiktoriýa» (1994-1995), «Slawiýa» (1995-1996), «Sparta» (2002-2005), Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» (1996-1998), Portugaliýanyň «Benfika» (1998-2001), Italiýanyň «Lasio» (2001-2002) toparlarynda çykyş etdi. 1996-njy ýylda Çehiýada ýylyň futbolçysy diýlip yglan edilen bu hüjümçi milli ýygyndy toparyň düzüminde 118 duşuşyga gatnaşýar (1994-2006-njy ýyllaryň aralygynda). Ol milli ýygyndynyň düzüminde çykyş etmekde Çehiýanyň rekordçysy hasaplanylýar. Karel Poborski milli ýygyndy bilen Ýewropa çempionatlarynda kümüş hem-de bürünç medallara mynasyp bolýar.

Söhbet Guşlyýew,
sport syn­çy­sy.
Beýleki habarlar