Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Makalalar

Gyş gülleriniň gözelligi

Her paslyň öz owadanlygy, gözelligi bar. Gyş pasly özüniň akja gary bilen tebigatyň gözelligine görk goşsa, gyşda gül açýan gülleriň, ösümlikleriň hem ajaýyplygy daş-töweregi gaýtalanmajak keşbe getirýär.Adatça, gyş paslynyň gelmegi bilen gülleriň reňki solmaga mähetdel bolýar, käbir güller gyş ukusyna gidýär. Ýöne olaryň arasynda hem gyşda gülläp, gül açýan dürli görnüşlerine duş gelmek bolýar. Diňe şol gülleriň ajaýyp ysy we dürli öwüşginleri bilen gyş paslynyň aňzakly gününde hem ýaz paslynyň ajaýyp ýakymyny duýmak bolýar. Geliň, şeýle gülleriň käbirleri bilen tanyş bolalyň: «Puansetti» gülüniň dürli görnüşlerini söwda merkezlerinde görüp bilersiňiz. Bu gül başgaça «Täze ýyl ýyldyzy» ýa-da «Ýyldyz» diýlip atlandyrylýar. Gülüň esasy aýratynlygy ýapraklarynyň dürli reňkde bolmagydyr, ýapraklary ösümligiň gülüne meňzeýär, aslynda onuň güli ýapragynyň ujunda ýerleşýär.

Gyş diýlende...

«7/24.tm», № 02 (85), 10.01.2022. Synlaýan, synlaýan belendi-pesi,

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 10-njy ýanwarda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, irden ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... +2°, gündizine +9... +11° maýyl bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 8-nji ýanwarda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, irden ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +3°, gündizine +10... +12° maýyl bolar. Basyşy 738 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Gaýtalanmajak gözellik

Ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ilatyň ýaşaýşy üçin arassa, sagdyn hem-de amatly daşky gurşawy döretmek hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz özüniň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlygy, täsinligi bilen haýran galdyrýar. Güneşli Diýarymyzyň ajaýyp künjekleriniň birem Balkan welaýatynyň günbatar künjegini jähekläp oturan Hazar deňzidir. Hazar deňzi ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň gaýtalanmajak köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Deňziň kenar ýakalarynda ösümlikleriň hem-de haýwanlaryň ýüzlerçe görnüşi duş gelýär. Tebigatymyzyň täsin gözelliklerini Hazaryň türkmen ýalpaklygynyň çäklerinde, deňziň gündogar kenary boýunça uzalyp gidýän giňişliklerinde synlamak mümkin. Bu täsin gözelligi «Hazar» döwlet goraghanasynda hem görmek bolýar. Müňlerçe gektar giňişlige uzap gidýän goraghananyň çäklerinde suw guşlarynyň dürli görnüşleri duş gelýär.

Dowar gezen sähralar

3-nji ýanwarda döwlet Baştutanymyz iş sapary bilen Mary welaýatynda bolanda, Ýolöten etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň çopany Döwran Ýazlyýew bilen görüşdi. Hormatly Prezidentimiz çopany Täze ýyl bilen gutlap, onuň gündelik iş-aladalary, dowarlaryň gyşladylşy, we öňde boljak owlak-guzy möwsümi bilen baglanyşykly işler, döredilýän şertler bilen gyzyklandy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji günlerinde uzak örülerde zähmet çekýän çopanlar bilen bolan bu ýürekdeş duşuşyk zähmetkeşler barada edilýän aladanyň aýdyň nyşany boldy. «Watan» habarlar gepleşiginde tomaşa eden şekillerimiz — çopan goşy, öri meýdanlaryndaky dowarlar, olaryň goraglylygyny üpjün edýän alabaýlar geçen günleriň, gören-eşidenlerimiziň gujagyna oklady.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 7-nji ýanwarda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, irden ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +1° çenli, gündizine +9... +11° maýyl bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 6-njy ýanwarda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, irden az-kem ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... +2°, gündizine +7... +9° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Ýagyş — Arşyň nury

Türkmençilikde ygalyň islendik görnüşi Arşdan Zemine inýän nur hasap edilýär. Ýaňy öýlerimize dolan bars ýylynyň hem ilkinji günleri ygally bolup, türkmen topragyna bereket eçildi. Rysgal-döwlete beslenen şol günler welaýatymyza eziz Arkadagymyzyň Şa gadamynyň düşmegi bilen hem utgaşdy. Bu bolsa nurly günleriň ýakymyny has-da artdyrdy. Ýagşyň ýagşyna we dowamlylygyna baglylykda atlandyrylyşy bar. Ine, olar:

Täsinliklere baý Köýtendag

Paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň arasynda Köýtendaga birnäçe gezek baryp görenleri kändir. Ýöne her gezek baranyňda, bu ýerde özüň üçin bir, birnäçe täzeligi açýarsyň. Bir gün welaýat gazetiniň redaksiýasyna gelen tanyşlarymyzyň biri garaşylmadyk sowaly orta atdy:

Tebigatyň täsinliklerine şaýat bolup

Asmana göterilip barýan Gün ak şäherimiz Aşgabadyň owadan, giň köçelerine, kaşaň-kaşaň binalaryna tyllaýy şöhlesini saçyp ugrapdy. Daş-töwerek Täze ýyl lybasyndady. Ähli ýerde arçalar bezelip, paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşup otyrdy. Biz hem şeýle owadan, her dürli öwüşginli Täze ýyl bezeglerini synlap, döredijilik toparymyz bilen «Nirde sen, täsin mekan?!» diýip, ýola düşdük. Ulaga münenimizden gürrüňe başlan sürüji:

Gözelligiň gözbaşy

Türkmenistan Watanymyzda tebigaty goramak, tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmak bilen baglanyşykly uly işler amala aşyrylýar. Her ýylyň ýaz-güýz pasyllarynda ýurdumyzda bag nahallaryny oturtmak, ösüp oturan baglary timarlamak işleri geçirilýär. Raýatlarymyz bu sogaply işe uly höwes bilen gatnaşýarlar, umumy öýümiziň ekologiýasynyň abadan bolmagyna öz şahsy goşantlaryny goşýarlar. Türkmen tebigaty bu günler has-da özgerdi. Baglar Zeminiň görki hasaplanýan bolsa, şol görküň, durkuň emele gelmeginiň netijesi bize bagly bolup durýar. Şol gözellikleri aýap saklap, gözelleşdirip, nesillerimize miras galdyrmak bolsa biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 5-nji ýanwarda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... +2°, gündizine +6... +8° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 70 — 90%.

Täsinlikler dünýäsi

Türkmen tebigatynyň ösümlik dünýäsi köpdürlüligi bilen tapawutlanyp, beýleki ýurtlaryň tebigatyna mahsus bolmadyk gülleriň, ösümlikleriň örän köp görnüşiniň ösmegi Hak nazary siňen ata Watanymyza bolan buýsanjymyza buýsanç goşýar. Ol ösümlikleriň biri hem alyç gyrymsy agajydyr. Köp dürli agaçlar bilen bir hatarda, alyçlar açyk güneşli ýerlerde gowy ösýär, yssa we guraklyga çydamlylygy, howanyň hapalanmagyna, zeper ýetirijilere durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Alyçlaryň ýaşyl zolaklary baýlaşdyrmak, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda ulanmak we dermanlyk häsiýetini öwrenmek uly gyzyklanma eýedir. Bu agaç Demirgazyk Amerikanyň, Ýewropanyň, Gündogar we Orta Aziýanyň tebigy dünýäsiniň wekilidir. Alyçlar bezeg berýän dermanlyk we miweli ösümlik häsiýetleri bilen özüne çekýär. Alyçlaryň dermanlyk häsiýeti barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işinde giňişleýin maglumat berilýär. Türkmen alyçy, türküstan alyçy, şübheli alyç ýaly görnüşleri bar. Olaryň käbiriniň, meselem, pontiň alyçynyň tagamly miweleri bolup, olar Günorta-Günbatar we Merkezi Köpetdagda, şeýle-de Köýtendagda ýabany şertlerde ösýär. Alyçlar gülleýän we miweleýän möwsüminde örän owadan görnüşe eýe bolýar. G

Gar tozgajygy hakynda

Gar tozgajyklary gurluşy boýunça 5 – 6 granly, iňňe ýaly inçe, göni çyzykly görnüşde, käte übtük şekilli bolup bilýär. Bu ýagdaý howanyň temperaturasyna, basyşa, çyglylyga, bulutlaryň ýerleşiş derejesine görä üýtgeýär. Howanyň temperaturasy –5, –10 gradus peselende gar tozgajyklary iňňe şekilli, –10, –12 gradus derejede übtük şekilli bolýar. Olaryň arasynda iň owadany 6 granly, ýyldyz şekilli gar tozgajygy bolup, ol has sowuk –12, –18 gradus derejede ýagýar. Gar tozgajyklary ýerden bugaryp, ýokary galan suw bölejikleridir. Olar sowuklygy –40 gradusa deň bolan bulutlara ýetenlerinde doňup, gar tozgajyklaryna öwrülýärler we howanyň temperaturasynyň peselmegi netijesinde ýere ýagýarlar.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 05-ne bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... +2°, gündizine +6... +8° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 70 — 90 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 4-nji ýanwarda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, irden az-kem ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... +2°, gündizine +5... +7° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 3-nji ýanwarda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +3°, gündizine +10... +12° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 31-nji dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +3°, gündizine +9... +11° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 50 — 70 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 30-njy dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +1° çenli, gündizine +8... +10° maýyl bolar. Basyşy 740 mm, çyglylygy 55 — 75%.