Dowar gezen sähralar

7 Ýanwar 2022
1303

3-nji ýanwarda döwlet Baştutanymyz iş sapary bilen Mary welaýatynda bolanda, Ýolöten etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň çopany Döwran Ýazlyýew bilen görüşdi. Hormatly Prezidentimiz çopany Täze ýyl bilen gutlap, onuň gündelik iş-aladalary, dowarlaryň gyşladylşy, we öňde boljak owlak-guzy möwsümi bilen baglanyşykly işler, döredilýän şertler bilen gyzyklandy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji günlerinde uzak örülerde zähmet çekýän çopanlar bilen bolan bu ýürekdeş duşuşyk zähmetkeşler barada edilýän aladanyň aýdyň nyşany boldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde tomaşa eden şekillerimiz — çopan goşy, öri meýdanlaryndaky dowarlar, olaryň goraglylygyny üpjün edýän alabaýlar geçen günleriň, gören-eşidenlerimiziň gujagyna oklady.

Allanur ÇARYÝEW.
«Türkmenistan».