Gar tozgajygy hakynda

4 Ýanwar 2022
1317

Gar tozgajyklary gurluşy boýunça 5 – 6 granly, iňňe ýaly inçe, göni çyzykly görnüşde, käte übtük şekilli bolup bilýär. Bu ýagdaý howanyň temperaturasyna, basyşa, çyglylyga, bulutlaryň ýerleşiş derejesine görä üýtgeýär. Howanyň temperaturasy –5, –10 gradus peselende gar tozgajyklary iňňe şekilli, –10, –12 gradus derejede übtük şekilli bolýar. Olaryň arasynda iň owadany 6 granly, ýyldyz şekilli gar tozgajygy bolup, ol has sowuk –12, –18 gradus derejede ýagýar.

Gar tozgajyklary ýerden bugaryp, ýokary galan suw bölejikleridir. Olar sowuklygy –40 gradusa deň bolan bulutlara ýetenlerinde doňup, gar tozgajyklaryna öwrülýärler we howanyň temperaturasynyň peselmegi netijesinde ýere ýagýarlar.

Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.