Gaýtalanmajak gözellik

7 Ýanwar 2022
1097

Ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ilatyň ýaşaýşy üçin arassa, sagdyn hem-de amatly daşky gurşawy döretmek hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz özüniň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlygy, täsinligi bilen haýran galdyrýar. Güneşli Diýarymyzyň ajaýyp künjekleriniň birem Balkan welaýatynyň günbatar künjegini jähekläp oturan Hazar deňzidir.

Hazar deňzi ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň gaýtalanmajak köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Deňziň kenar ýakalarynda ösümlikleriň hem-de haýwanlaryň ýüzlerçe görnüşi duş gelýär. Tebigatymyzyň täsin gözelliklerini Hazaryň türkmen ýalpaklygynyň çäklerinde, deňziň gündogar kenary boýunça uzalyp gidýän giňişliklerinde synlamak mümkin. Bu täsin gözelligi «Hazar» döwlet goraghanasynda hem görmek bolýar. Müňlerçe gektar giňişlige uzap gidýän goraghananyň çäklerinde suw guşlarynyň dürli görnüşleri duş gelýär.

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Balkan welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy.