"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Durnukly ösüşiň köpugurly şerti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler halkymyzyň abadan durmuşyny nazarlamak bilen birlikde, sebit hem-de dünýä halklarynyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň hem bähbidine gönükdirilendir. Häzirki zaman şertlerinde ulag ulgamy hojalyk gatnaşyklarynyň durnukly we sazlaşykly ösüşine oňyn täsir edýän dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda Türkmenistanyň BMG-niň we onuň düzümleriniň çäklerinde ulag geçelgeleriniň döredilmegini nazarlaýan giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagy arkaly sebit we yklymara derejesinde köpugurly utgaşdyrylan ulag düzüminiň döredilmegine önjeýli goşant goşýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Häzirki wagtda Türkmenistan Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň esasynda özüniň amatly geosyýasy ýerleşişini hem-de adam kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanyp, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda yzygiderli tagallalar edip, halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini barha giňeldýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, döwletimiz adamyň öz mümkinçiliklerini açmagy we durmuşa geçirmegi babatda jemgyýetiň her bir agzasy üçin deň we amatly şertleri döretmegi mak

Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak ulgamynda hyzmatdaşlyk

Aşgabat, 12-nji awgust (TDH). Şu gün Oba hojalyk toplumynyň binasynda «Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Şanly senä — Hazar deňziniň gününe bagyşlanan bu maslahaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň DIM-niň goldaw bermeginde Hazar deňzi instituty bilelikde guradylar. Hazar deňziniň güni Hazarýaka döwletlerinde hem her ýyl bellenilýär. Maslahata wideoaragatnaşyk arkaly Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, şeýle-de ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, iri halkara guramalaryň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP), Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň (UNEP), BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), Merkezi Aziýanyň sebit ekologiýa meseleleri boýunça merkeziniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) hem-de beýleki guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň başlangyçlary sebitleýin gatnaşyklaryň täze çäklerini açdy

3. Milli önümleriň halkara sergisi ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde netijeli çäre boldy Ýakynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy durnukly ösdürmäge, şol sanda daşary ykdysady hem-de daşary söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň üstünliklere beslenmeginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Awaza duşuşygy: sebiti ösdürmegiň täze ugurlary, mümkinçilikleri, şertleri

Türkmenistanyň başlangyçlary sebitleýin gatnaşyklaryň täze çäklerini açdy

2. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşantdyr Häzirki döwürde gender deňligi jemgyýetde durnuklylygy we ylalaşygy üpjün etmek işinde, durnukly ösüşiň esasynda adam şahsyýetiniň uly mümkinçiligini amala aşyrmakda möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, zenanlar üçin deň hukuklary hem-de mümkinçilikleri üpjün etmek meseleleri dünýäniň, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Munuň şeýledigine 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy şaýatlyk etdi. Forumyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy bilen ugurdaşlykda geçirilmegi sebitiň zenanlarynyň gatnaşyklarynyň netijeli görnüşi hökmünde onuň işine itergi berdi, bu meýdançanyň halkara derejedäki ornuny pugtalandyrdy.

Zemine parahatçylyk eçilýän başlangyçlar

Hazaryň dost-doganlyk kenarynda wysal tapýar Hazar hakynda täzelik aýdaýmag-a kyn aslynda, çünki onuň taryhy, şu günki mümkinçilikleridir geljegi baradaky pikir-garaýyşlar indi birnäçe ýyldan bäri türkmen metbugatynda jikme-jik beýanyny tapyp gelýär. Bu gün ylmy jemgyýetçilikde hazarşynaslaryň täze nesilleri kemala gelen bolsa, dünýä syýasatynda «dostlugyň, parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň deňzi» diýip häsiýetlendirilýän Hazar bilen bagly özboluşly ugur döredi. Ol hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary esasynda türkmen diplomatiýasynyň hem ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hazar boýunça Türkmenistanyň daşary syýasy başlangyçlarydyr öňe sürýän teklipleri bolsa kenarýaka döwletleriň ählisiniň ýagty geljegini, doganlyk halklaryň bähbitlerini birleşdirmegi nazarlaýar.

Röwşen geljegiň hatyrasyna

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda dost-doganlyk hem hyzmatdaşlyk deňzi bolan gojaman Hazaryň türkmen kenarynda bolup geçen möhüm ähmiýetli waka — Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy taryha altyn sahypalary ýazdy. Sebit ýurtlarynyň gülläp ösüşini, doganlyk halklaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagyny nazarlaýan derwaýys meseleleriň birbada altysyny öz içine alan bu duşuşyk bir maksada gulluk edip, biri-birege ynanyşmak arkaly bilelikde alnyp barylýan döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli işleriň oňyn netijelere, belent sepgitlere eltýändigini ýene-de bir gezek subut etdi. Hormatly Prezidentimiziň örän jaýdar belleýşi ýaly, biziň bilelikde çözüp bilmejek meselämiz ýokdur. Ilki bilen, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda hem-de onuň çäklerinde geçirilen halkara forumlarda sebit ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine, telekeçilik işjeňliginiň artmagyna aýratyn ähmiýet berlendigini bellemeli. Bu babatda hormatly Prezidentimiz duşuşykda eden taryhy çykyşynda: «Häzir möhüm wezipe biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky doly bahaly söwda-ykdysady gatnaşyklary täzeden dikeltmekden, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmakdan, ony giňeltm

Hazar deňzi: köpugurly hyzmatdaşlyk we giň gerimli mümkinçilikler

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda hem Watanymyzy beýik ösüşlere besleýän möhüm wakalaryň şaýady bolýarys. Bu taryhy wakalar halkymyzyň hakydasynda we Diýarymyzyň taryhynda öçmejek yz goýup, dünýä jemgyýetçiliginiň döwletimize bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty milli hem-de umumadamzat bähbitlerinden gözbaş alýar. Türkmenistanyň sebit hyzmatdaşlygy syýasatynyň özeninde Merkezi Aziýa we Hazar sebiti yklymyndaky strategik durnuklylygyň ygtybarly merkezine, Ýewropa we Aziýa ýurtlary üçin uzakmöhletleýin hem-de geljegi uly ykdysady hyzmatdaşa, yklym ähmiýetli iri energetika we ulag-üstaşyr merkeze öwürmäge saldamly goşant goşmak maksady durýar. Geçmişde Hazar deňziniň üstünden dürli ugur boýunça söwda-ykdysady gatnaşyklar amala aşyrylypdyr we kenarýaka halklaryň dost-doganlygyny berkidip, medeniýetiniň, sungatynyň ýakynlaşmagyna mümkinçilik döredilipdir. Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasynda şol taryhy eýýamlardan dowam edip gelýän parahatçylykly, özara bähbitli gatnaşyklar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe barha ösdürilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan Hazar deňzi sebitinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, köpasyrlyk taryhy-mede

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça BILELIKDÄKI BEÝANNAMA (2021-nji ýylyň 6-njy awgusty, Türkmenbaşy şäheri)

2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy boldy, duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Türkmenistanyň Prezidenti we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti gatnaşdylar. Döwletleriň Baştutanlary dostluk we özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak, konstruktiwizm we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikleriň netijeleri boýunça, taryhy taýdan emele gelen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary esasynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň depginli ýagdaýyny belläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň düzgünlerine esaslanyp hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny berjaý etmäge özleriniň berk eýerýändigini tassyklap, Merkezi Aziýa sebitini özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak esasynda gepleşikler we geňeşmeler arkaly ösdürmegiň möhüm meselelerine seretmegiň hem-de olary çözmegiň zerurdygyny belläp, öz döwletleriniň sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbitlerine açyk we giňden hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtap, özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda, şol sanda syýasy, durnukly ösüş, söwda-ykdysady we maýa goýu

Türkmenistanyň başlangyçlary sebit gatnaşyklarynyň täze çäklerini açdy

Mälim bolşy ýaly, gojaman Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde ähmiýetli halkara çäreleriň ýene-de bäşisi guraldy. Olaryň birinjisi — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy;

Dünýäniň nurana sebiti

Awazadaky taryhy wakalardan soňky oýlanmalar Bu söhbediň näme hakyndadygyny okyjylar eýýäm sözbaşydan aňan bolsalar gerek. Hawa, gürrüň biziň sebitimiz — Merkezi Aziýa sebiti barada. Bu dogrusynda buýsanç bilen aýtmaga näçe diýseň esas bar. Eýýäm geçilen ýollar, şu günki hallar, ak ertirlere uzaýan pikir-hyýallar muny görkezip dur.

Türkmenistan — dost-doganlygyň mekany

Döwletli Diýarymyzda halkymyz bagtyýarlykda ýaşap, taryhy wakalara şaýat bolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna barýan şu ajaýyp günlerimizde gojaman Hazaryň türkmen kenarynda geçirilen, dünýa ýaň salan wakalar bu babatda uly buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde deňiz kenarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisiniň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertiniň geçirilmegi ählimiz üçin buýsançly wakalara öwrüldi. Bu giň göwrümli çäreler sebitiň halklarynyň arasyndaky gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha täze öwüşgine eýe bolýandygyny äşgär etdi.

Hazar — dostlugyň we ylalaşygyň deňzi

Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk türkmen halkyna mahsus asylly ýörelgelerdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde öz ornuny pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasaty halkara gatnaşyklarynda umumy ykrar edilen kadalaryň we ýörelgeleriň esasynda özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilýär. Mälim bolşy ýaly, 2002-nji ýylda ýurdumyzda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji duşuşygy döwletimiziň öňe süren başlangyjy esasynda geçirildi. Onuň Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň arasynda gepleşikleriň hil taýdan täze derejä çykmagyna hem-de bu gepleşikleriň ýokary derejede yzygiderli häsiýetde geçirilmegine itergi berendigini aýratyn bellemek gerek. Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň 2007-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Tähran şäherinde geçirilen ikinji, 2010-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Baku şäherinde geçirilen üçünji duşuşyklarynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar sebit hyzmatdaşlygynyň ösüşine esas berýär.

Hyzmatdaşlygyň we berekediň kenary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ynsan saglygyny goramak, halkymyzyň adadan durmuşyny üpjün etmek boýunça beýik işler durmuşa geçirilýär. Adamlaryň oňat dynç almaklary we saglyklaryny berkitmek üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ähmiýeti uludyr. Mundan başga-da, Hazaryň güneşli kenarynda belent tutumlara beslenip geçirilýän döwletli maslahatlar sebitde we dünýäde energetika, logistika ulgamlaryny ösdürmekde, söwda hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmekde möhüm orna eýedir. Şu ýylyň 6-njy awgustynda-da Hazaryň ajaýyp kenarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy we beýleki möhüm çäreleriň bilelikde geçirilmegi hem uly waka öwrüldi. Hawa, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy möhüm syýasy-ykdysady forumlary geçirmek, mynasyp dynç alşy guramak üçin ajaýyp künjekdir.

Awaza ýagtylyk hem güýç paýlady

Hawa, žurnalistleriň «Awaza çäreleri» diýip atlandyran wakalary tamamlandy. Üstünden 3-4 gün geçen şol wakalar hakynda nämeler aýdyp bolar?! Owalbaşda aýtmaly zat, olam biziň sebitimizde döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ugur alnandygydyr. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygynyň indi üçünji gezek yzygiderli geçirilýändigi, her gezegem sebit we onuň daş-töweregindäki ýagdaýlar bilen baglanyşykly meseleleriň töwerekleýin ara alnyp maslahatlaşylýandygy, olary çözmek üçin güýçleri birleşdirmek, mümkinçilikleri jemlemek babatda ädimleriň ädilýändigi, bu gezek bolsa duşuşyk bilen utgaşyklylykda, bäş sany ähmiýetli çäräniň geçirilendigi, olaryňam bu döwletli işe sebitiň halklarynyň ünsüni çekmäge we doly goldawlaryny gazanmaga gönükdirilendigini kanagatlanmak bilen aýdyp bolar. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny sebitiň halklarynyň gurultaýy hökmünde kabul edýärsiň. Bu gurultaýyň baş ideýasy, öňe sürýän esasy taglymaty bolsa halklarymyzyň dostlugyny we agzybirligini pugtalandyrmakdyr.

Aziýanyň ýüregindäki ýürekdeşlik

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bilen bir wagtda geçirilen çäreleriň hatarynda sebitiň zenanlarynyň özara hyzmatdaşlygynyň täze görnüşi — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy möhüm taryhy waka boldy. Sebitiň ýurtlarynyň bäşisiniň wekillerini, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça sebitleýin edarasynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemlän forumda öňde durýan möhüm wezipeler, hususan-da, gender deňligini gazanmak babatda anyk maksatlar kesgitlendi.

Halkara sergi: täze mümkinçilikleriň giňişligi

Diňe bir ýurdumyzyň däl, tutuş sebitiň iň döwrebap syýahatçylyk merjeni bolan Awaza 6-njy awgustda Merkezi Aziýa halklarynyň ýürekleriniň birleşen mekanyna hem öwrüldi. Şol gün bu ajaýyp künjekde geçirilen iri çäreleriň biri hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisidir. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda geçirilen halkara serginiň umumy meýdany 2090 inedördül metr bolan giňişliginde Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, guramalarynyň, işewür düzümleriniň sergileri ýerleşdirildi. Biziň ýurdumyzyň sergi bölümlerine welaýatlarymyz hem wekilçilik etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy

(Awaza, 2021-nji ýylyň 6-njy awgusty) Siziň Alyhezretleriňiz!Hormatly döwlet Baştutanlary:Gazagystan Respublikasynyň PrezidentiKasym-Žomart Kemelewiç Tokaýew,Gyrgyz Respublikasynyň PrezidentiSadyr Nurgožoýewiç Žaparow,Täjigistan Respublikasynyň PrezidentiEmomali Şaripowiç Rahmon,Özbegistan Respublikasynyň PrezidentiŞawkat Miromonowiç Mirziýoýew!

Dünýä ýaň salan waka

Geçen şenbe güni Hazaryň kenarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy boldy. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagyndaky ýokary derejedäki forum “Awaza” Kongresler merkezinde geçirildi. Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň milli Liderimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän netijeli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri sebit boýunça goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge gönükdirilendir. Şol ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, asyrlaryň jümmüşinden uzap gelýän dostluk we özara goldaw bermek däpleri birleşdirýär.

Netijeli duşuşyklar

Geçen hepdäniň şenbe güni «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda taryhy wakalar bolup geçdi. Şu mynasybetli ýurdumyza köpsanly ýokary derejeli myhmanlar geldiler. Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Duşuşyklaryň barşynda döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmanlary mähirli garşylap, ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda hem halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän netijeli döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejeleri kanagatlanma bilen bellenildi.