"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Hoşniýetli goňşuçylygyň binýady pugtalandyrylýar

28-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Prezident Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi. Irden paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar ugratdylar.

Döwrebap özgertmeler durmuşa geçirilýär

Düýn Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň açylyş dabaralary boldy. Ýokary derejede geçirilen bu dabaralar medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan şowhunly aýdym-sazly çykyşlaryna beslendi. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň esasylarynyň hatarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda adamlaryň bagtyýar ýaşaýşynyň, öndürijilikli zähmetiniň üpjün edilmegi bolup durýar. Şonuň netijesinde hem, Aşgabat şäher häkimliginiň pensiýa gaznasyny, zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçilik bölümini, Baş bilim, medeniýet müdirliklerini öz içine alýan Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň bina edilmegi bu ugurda alnyp barylýan netijeli işleriň aýdyň subutnamasydyr.

Asylly ýörelgeler rowaçlanýar

Garaşsyz Watanymyzyň özygtyýarly ösüş ýolundaky geçen 33 ýyllyk şöhratly ýoly halkyň durmuşyny özgerden, döwletimiziň abraýyny dünýä ýaýan döwürdir. Döwletliligi halkyň isleglerine laýyklykda pugtalandyrmakda, jemgyýetçilik durmuşyny yzygiderli ösdürmekde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatyna uly orun degişlidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän asylly işler ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz türkmen döwletiniň binýadyny berkidýär. Bu gün hemişelik Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň arasynda parahatçylykly ösüş ýoluny netijeli alyp barýan, ygtybarly hyzmatdaş ýurt hökmünde uly abraýa eýedir. Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň maksatlaryny, durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryň guramaçylyk, hukuk ýörelgelerini halkara jemgyýetçiligine giňden wagyz etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny örän uludyr. Çünki bu umumymilli forum ösüşlerimiziň ähli ugurlaryny şöhlelendirýän, ýetilen sepgitlere we geljekki möhüm wezipelere içgin göz ýetirmäge mümkinçilik berýän milli demokratik ulgam hökmünde öz ornuny barha pugtalandyrýar.

Täze bilim ojagy — dost-doganlygyň aýdyň beýany

Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy boldy Türkmen we täjik halklaryny asyrlaryň dowamynda asylly däbe öwrülen dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Bir sebitde ýaşaýan halklaryň däp-dessurlarynda örän meňzeşligiň bardygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Täjigistan Respublikasyna gelmek, bu ýerde türkmen halkyna belent sarpa goýulýandygyny görmek we duýmak örän ýakymlydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri, hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri iki doganlyk halky has-da buýsandyrýar, dost-doganlygy has-da pugtalandyrýar. Biz bu beýik işleri aýdyň görýäris, has takygy, şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda hormatly

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzy gülledip ösdürmekde, halkymyzyň, ylaýta-da, ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap ylym-bilim almagy, zähmet çekmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!Mähriban talyplar, eziz okuwçylar! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimizi jebislige, beýik ösüşlere ruhlandyrýan ajaýyp baýram — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2024-2025-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 30-njy awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meselelere garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 23-si, hususan-da, “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda” Kanunlar hem-de ýurdumyzyň daşary syýasy başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly başga-da birnäçe kanunlar kabul edildi. Dürli ulgamlarda gatnaşyklary kadalaşdyrýan birnäçe kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Mejlisiň kararlarynyň 15-si kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa we ýurduň ähli doganlyk halkyna Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Gyrgyz Respublikasy Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet gurluşyny berkitmekde, durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmekde we halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda möhüm üstünlikleri gazandy” diýlip, hatda bellenilýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan däp bolan doganlyk gatnaşyklaryň häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtap, türkmen-gyrgyz döwletara gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde geljekde-de iki doganlyk halkyň bähbidine berkidiljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime, XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandara we ýurduň ähli halkyna Malaýziýanyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu gatnaşyklaryň iki döwletiň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz! Şu ýyl Estoniýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigi mynasybetli geçen ýyllaryň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilendigini we häzirki döwürde-de ösdürilýändigini nygtamaga şatdyryn. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda mundan beýläk-de ösdürilmegine umyt edýärin. Häzirki döwürde durnuklylyk hem-de dostlukly gatnaşyklar uly ähmiýete eýedir.

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem türkmen tebigy gazyny diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmakda möhüm ähmiýetli bolan desgalaryň taslamalaryny milli maýa goýumlaryň hasabyna ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine Mary welaýatynda “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, zerur enjamlar bilen üpjün etmek we goýberiş-sazlaýyş işlerini ýerine ýetirmek barada Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Resminama laýyklykda, bu desga üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak we olary umumy ulgama birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we gaz gysyjy desgany 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna 1-nji sentýabrda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli gutlag hatlarydyr telegrammalar gelip gowuşýar. Olarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda giň möçberli özgertmeleriň, şol sanda bilim ulgamyny hil taýdan döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeleriň amala aşyrylýandygy nygtalýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri ýaş türkmenistanlylaryň döwrebap bilim almaklary ugrunda döredilýän ähli şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan ähli tutumly işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy deputatlaryň adyndan Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa gutlady.

Agzybirligiň we rowaçlygyň binýady

Türkmenistan Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görýär Halkymyz gadymy döwürlerden bäri möhüm meseleleri bilelikde, şöhratly ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däbine daýanyp ara alyp maslahatlaşypdyr we çözüpdir. Häzirki döwürde bu asylly däpler Halk Maslahatynyň işinde öz beýanyny tapýar. Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasydyr. Şoňa görä-de, şu günler ýurdumyzda döwürleriň üznüksiz arabaglanyşygyny, nesilleriň dowamatlylygyny, ata Watanymyzyň öňden gelýän demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny alamatlandyrýan umumymilli foruma işjeň taýýarlyk görülýär.

Ýaşlar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň wajyp ugry bolmak bilen, ýurdumyzda ynsanperwerlik ýörelgelerine möhüm ähmiýet berilýär

Häzirki wagtda Arkadag şäherinde döwrebap şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen birlikde, halkymyzyň asylly ýörelgelerine laýyklykda, ynsanperwer ähmiýetli işlere-de möhüm üns berilýär. Muňa 27-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň mysalynda göz ýetirmek bolýar. ÖŇDE GOÝLAN WEZIPELER ÜSTÜNLIKLI ÝERINE ÝETIRILÝÄR

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Dragon Oil» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ikiçäk söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.