"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine

Hormatly dabara gatnaşyjylar!Gadyrly türgenler! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa

Duşenbe — Aşgabat, 5-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary tamamlandy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn Duşenbede Gahryman Arkadagymyzyň Prezident Emomali Rahmon bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy we däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym!Eziz watandaşlar! Sizi adamzadyň belent ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan halkara baýram — Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ajaýyp senäniň şanyna geçiriljek dabaralaryň mähriban Watanymyza, sagdyn we bagtyýar durmuşymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere bolan buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine

Hormatly dabara gatnaşyjylar!Gadyrly türgenler! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz! Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu giň möçberli çäräniň ýokary derejede geçirilmegi üçin döreden ajaýyp mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.

Däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa

Duşenbe — Aşgabat, 5-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary tamamlandy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn Duşenbede Gahryman Arkadagymyzyň Prezident Emomali Rahmon bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy we däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Döwletiň asudalygy — jemgyýetiň abadanlygy

3-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle-de gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar!

Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine

Hormatly dabara gatnaşyjylar! Gadyrly türgenler!

Ýazky ekiş — jogapkärli möwsüm

1-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynyň özenini hem ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky maglumatlar düzdi.

Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

4-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Ýurdumyzyň goranyş kuwwatyny berkitmek şu günüň esasy wezipeleriniň biri. Şundan ugur alyp, hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda 3-nji aprelde geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Mejlisiň barşynda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda harby we hukuk goraýjy edaralarda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabatlar diňlenildi. Hasabatlarda ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek babatda görlen anyk çäreler barada aýdyldy. Şeýle hem kazyýet işini talabalaýyk alyp barmak, serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi, olaryň göwnejaý ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen bagly meseleleriň üstünde durlup geçildi.

Türkmen-täjik gatnaşyklary ösdürilýär

4-5-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasynda boldy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Işewürligi kämilleşdirmegiň ugurlary

Ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda haryt bolçulygynyň üpjün edilmegine, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiliginiň artdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. 3-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan sergä baryp, ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli düzümleriň we telekeçileriň mümkinçilikleri bilen tanyşmagy hem bu hakykaty nobatdaky gezek tassyklady. Sergi bilen tanyşlygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, dokma toplumlarynyň ýokary hilli önümleri bilen tanyşdy.

Iş maslahaty geçirildi

1-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitlerde şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişi dowam edýär. Oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallardan netijeli peýdalanmak, bu jogapkärli möwsüme gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. 2024-nji ýylda ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde işlediljek kombaýnlary, bugdaý daşajak awtoulaglary, galla kabul ediş bölümlerini möwsüme taýýar etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatlarda gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edip, ýazlyk ýeralma, beýlek

Ilçi işe başlady

3-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.GulmanowaSloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Darýa Bawdaž Kuretden ynanç hatyny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda diplomat hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli parlamentiň düzümi hem-de kanun çykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklar barada özara pikir alyşmalar boldy.

Hormatly Prezidentimiziň kabul etmegi

4-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň özara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga oňyn mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi hem-de netijeli gepleşikleriň geçirilmegini arzuw etdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly adamlar! Eziz watandaşlar! Sizi Oraza aýynyň haýyr-sahawatlylygy, ruhy tämizligi, ýokary ynsanperwerligi hem-de agzybirligi alamatlandyrýan mukaddes Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gadyr gijesiniň sahawatynyň we berekediniň agzybirligimizi, jebisligimizi pugtalandyryp, eziz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerimizde täze, belent sepgitleri gazanmaga ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Resmi habar

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däp-dessurlaryndan ugur alyp, 2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan dostlukly täjik halkynyň çagalaryna sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, dokma önümleri, çaga eşikleri, konditer önümleri sowgat hökmünde Täjigistan Respublikasyna berildi.

Türkmenistan — Täjigistan: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi

4-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.