"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Köpugurly hyzmatdaşlyk rowaçlanýar

28-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralary tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz myhmany mübärekläp, ony myhmansöýer türkmen topragynda görýändigine şatdygyny belledi. Tatarystanyň Raisiniň Türkmenistana saparynyň ähmiýeti barada aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri munuň biziň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini, ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýandygyny subut edýändigini aýtdy.

Giň gerimli işler üstünliklere beslenýär

29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlaryň häkimleriniň we wise-premýeriň hasabatlary diňlenildi. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekişi tamamlanyp, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda bolsa ideg etmek, hatarara bejergi işleri geçirilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly dowam etdirilýär. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde däne ýygýan kombaýnlary, bugdaý daşajak awtoulaglary we galla kabul ediş kärhanalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek we bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek maksady bilen, olara ideg işleri geçirilýär. Welaýatda pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ýüpek gurçugyna ideg işleri dowam etdirilýär.

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň binagärlik we şähergurluşyk keşbini özgertmek, şeýle hem aragatnaşyk pudagynyň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmek, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünliki durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Baş bina” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň iýun aýynda başlamak hem-de edara binasyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Aýdyň maksatlar rowaçlanýar

19-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy. Döwrebap hyzmatlar halkyň bähbidine

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Ýurdumyzyň kuwwatly daýanjy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şanly toýa barýan ýurdumyzyň nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetiň esasy pudagy bolup, oňa ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşini üpjün etmekde uly orun degişlidir. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan eziz Diýarymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhaslary esasynda, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň innowasion ösüşine gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistan ýangyç-energetika pudagynyň mümkinçiliklerini ynamly ösdürýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan energetika syýasatyna laýyklykda, pudaga iri möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär» diýip belleýär. Munuň şeýledigini Garaşsyz Watanymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen hem-de Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynyň bahar paslynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen halkara göçme forum hem ýene bir gezek tassyklaýar. Forum «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa»

Dost-doganlyk gatnaşyklary

Bilşimiz ýaly, 28-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaralary Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda giň gerimde dabaralandyryldy. Bu ýerde guralan baýramçylyk dabaralary tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Duşuşmaga döredilen mümkinçilik we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan giň möçberli dabaralara gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, myhman Gahryman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hoşniýetli arzuwlaryny we gutlaglaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyzy iki halkyň taryhyň dowamynda emele gelen medeni-ruhy umumylyklaryna esaslanýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar.

Işler talabalaýyk ýerine ýetirilmelidir

29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde häzirki günlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň medeni diplomatiýasy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Adamzat taryhynyň bütin dowamynda türkmenler iň gadymy medeniýetleri we döwletleri döretmekde, adalatly jemgyýeti gurmakda, parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi dabaralandyrmakda baý tejribesi bolan halk hökmünde tanalýar» diýip belleýär. Munuň şeýledigini Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) we Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Gündogaryň beýik akyldary, ajaýyp türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bilelikde baýram etmeginiň çäklerinde şu ýylyň 22 — 24-nji apreli aralygynda Parižde geçirilen döredijilik çäresi-de ýene bir gezek aýdyň görkezýär. Ol Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy, ýurdumyzyň Fransiýadaky ilçihanasy hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy. Esasy çäreleriň hatarynda «Magtymguly Pyragy we Türkmenistanyň medeni mirasy» atly sergini, Türkmen-fransuz arheologik toparyň işiniň 30 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahaty, şeýle hem ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konsertini görkezmek bolar. Mälim bolşy ýaly, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, açyklyk ýörelgelerine ygrarly bolan Türkmenistan häzirki döwürde Arkadagly  Gahryman

Täze eseriň ýalkymy

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp, onda taryhymyzyň şöhratly sahypalary giňden beýan edilýär. Hut şonuň üçin-de, bu kitap halkymyz üçin gymmatly sowgat bolup, türkmen taryhyny, medeniýetini dünýä ýaýmakda möhüm orna eýedir. Bu eser bilen bagly dabara ýaňy-ýakynda etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň we medeniýet merkeziniň wekilleriniň gatnaşmagynda podpolkownik Halnepes Meläýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde geçirildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, kitabyň girişinde türkmen halkynyň özboluşly taryhy-medeni mirasy, bu ugurda döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar we köp sanly beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezi bilen netijeli hyzmatdaşlyk barada maglumat berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu eser dünýä belli arheologlar, taryhçylar we olaryň nesilleri bilen bilelikde işleşmek bagty miýesser eden Milli Liderimiziň beren gürrüňleri esasynda döräpdir. Kitabyň jemlemesinde hormatly Belent Serkerdebaşymyz gadymy Änew medeniýetine, Gündogaryň beýik sö

Ajaýyplyga beslenen dabara

Ýurdumyzda toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Şeýle ajaýyp baýramlaryň biri hem Türkmen bedewiniň milli baýramydyr. Ýurdumyzyň çäklerinde geçirilen baýramçylyk çäreleri, gaýtalanmajak gözelligi, ajaýyplygy, ýyndamlygy, çeýeligi we çydamlylygy bilen dünýäde şan-şöhrata eýe bolan ahalteke atlarynyň dabarasyny ýene bir gezek äleme ýaýdy. Çünki waspy belentden ýetirilýän behişdi bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjy bolmak bilen, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan çäksiz goşandydyr. Häzirki döwürde ahalteke bedewleri ýurdumyzyň baş nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwaty bilen täze belentliklere tarap öňe gitmeginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz ýelden ýüwrük bedewlere birnäçe ylmy we edebi eserlerini bagyşlady. Olarda halkymyzyň bu ugurda döreden parasatly nakyllary, pähim-paýhaslary, gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Dürli dillere terjime edilen bu eserler dünýä jemgyýetçiliginiň hem mirasyna öwrülip, ahalteke bedewlerine gyzyklanmanyň barha artmagynda möhüm ähmiýete eýe boldy.

«Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!» atly maslahat geçirildi

Şu gün Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň mejlisler jaýynda «Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!» atly döredijilik maslahaty geçirildi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bagyşlanyp geçirilen bu maslahata halypa döredijilik işgärleri bilen birlikde ýaşlar hem gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler biziň ýurdumyzda türkmen taryhynda uly yz goýan şahsyýetlere uly hormat goýulýandygyny aýratyn nygtap, Gündogaryň görnükli şahyry Magtymguly Pyragynyň hem edebi mirasyny öwrenmäge we dünýä ýaýmagy giň mümkinçiligiň döredilýändigini bellediler. Şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi-de akyldar şahyryň mertebesiniň belentden tutulýandygyny aýdyň güwäsidir. Maslahatda çykyş edenler üstümizdäki ýylda akyldar şahyryň hormatyna dürli maslahatlaryň, halkara ylmy maslahatlaryň hem yzygiderli geçirilýändigi bellediler. Döredijilik adamlary akyldar şahyra bagyşlap dürli eserleri döredýärler. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň ýaşlaryna ýüzlenip «Ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip nygtaýar. Maslahatda çykyş eden ýaşlar özleri üçin döredijilip berilýän giň mümkinçilikler üçin çuňňur hoşallyklaryny bildirip, ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Maslahatda akyldar ş

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz! Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Katar Döwletiniň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlarymy, mähirli gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn. Siziň Alyhezretiňize abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy, Siziň doganlyk ýurduňyza bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutlag hatlarynyň, telegrammalaryň gelip gowuşmagy dowam edýär. Hatlary iberenler häzirki döwürde ahalteke bedewiniň Garaşsyz Watanymyzyň döredijilik güýjüniň aýdyň nyşanyna öwrülendigini nygtaýarlar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri hormatly Prezidentimizi umumymilli baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen köpugurly işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimize Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy M.Çaryýew, “Türkmenistan” gazetiniň baş redaktory K.Rejebow, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň baş redaktory M.Alimowa, “Adalat” gazetiniň baş redaktory M.Nuryýew, “Edebiýat we sungat” gazetiniň baş redaktory O.Allaberdiýewa, “Mugallymlar gazeti” gazetiniň baş redaktory S.Nurberdiýew, “Aşgabat” gazetiniň baş redaktory A.Mämmedow, “Türkmen dünýäsi” gazetiniň baş redaktory B.Myradow, “Arkadag” gazetiniň baş redaktory G.Mämiýew, “Watan” gazetiniň baş redaktory T.Kakaýewa, “Nesil” gazetiniň baş redaktory A.Hojaberdiýew, “Esger” gazetiniň baş redaktory S.Myradow, “Diýar” žurnalynyň baş redaktory J.Toryýewa, “Dünýä

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz! Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Katar Döwletiniň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlarymy, mähirli gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn. Siziň Alyhezretiňize abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy, Siziň doganlyk ýurduňyza bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň binagärlik we şähergurluşyk keşbini özgertmek, şeýle hem aragatnaşyk pudagynyň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmek, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünliki durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Baş bina” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň iýun aýynda başlamak hem-de edara binasyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Bedew bady bilen täze üstünliklere tarap

Geçen hepdede ýurdumyzda halkymyzyň jebisligini, häzirki nesliň pederlerimiziň ruhy gymmatlyklaryna ygrarlydygyny alamatlandyran Türkmen bedewiniň milli baýramy dabaraly ýagdaýda bellenildi. Halkymyzyň buýsanjy, milli baýlygy, ýurdumyzyň Döwlet tugrasynyň bezegi bolan şöhratly bedewlerimiz häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ägirt uly üstünlikleri gazanýan Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. 24-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemerony kabul etdi.

Rowaçlyklara badalga

Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryndaky öňde goýlan maksatlar Türkmenistanyň Prezidentiniň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» we «Ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» içinden eriş-argaç bolup geçýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine garaldy. Onuň dowamynda Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýyl ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilmegi uly ähmiýete eýedir.

Rysgal-bereketli, döwletli Diýar!

29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.  Maslahatyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow çykyş edip, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Gül Watanyň ösüşleri ýüwrük badyňda bedew!

Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirilýär. Ahalteke bedewleri halkymyzyň gymmatly buýsanjy bolup, milli we umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. «Dünýä halklaryny dosty-ýar eden,Bir beýik ykbal sen illere, bedew!»