"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Sazlaşykly gözellikleriň ak şäheri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji martda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzyň işewürlik we durmuş maksatly desgalaryň kemala gelýän ýeri bolan günorta künjeginde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Ýurdumyzyň baş şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, gurulýan desgalarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesini utgaşdyrmak we paýtagtymyzyň durmuş düzümini kämilleşdirmäge degişli meseleler milli Liderimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Döwlet Baştutanymyz ir bilen ak mermerli Aşgabadyň günorta künjeginde sil suwuny sowujy akabalaryň we suw toplaýjy desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi.

Obasenagat toplumyndaky oňyn özgertmeler durmuş-ykdysady ösüşi öňe ilerledýär

25-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kaka etrabynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — «Oguz ýol» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi. Hormatly Prezidentimiziň dikuçary TSTB-niň agzasy — «Oguz ýol» hojalyk jemgyýeti tarapyndan G.Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde gurlan ýyladyşhananyň golaýyndaky ýörite meýdançada gonýar. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär hem-de pomidor, şeýle hem gök önümleriň beýleki görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenen toplumyň çägine girýär.

Merjen paýtagtymyzyň günorta künjegi bitewi şähergurluşyk sazlaşygyna utgaşýar

24-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzyň işewürlik we durmuş maksatly desgalaryň kemala gelýän ýeri bolan günorta künjeginde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz ir bilen ak mermerli Aşgabadyň günorta künjeginde sil suwuny sowujy akabalaryň we suw toplaýjy desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi.

Täze ýyladyşhana toplumlarynyň işine badalga berildi

25-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kaka etrabynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — «Oguz ýol» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem, döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri tarapyndan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen obasenagat toplumynyň täze desgalary gurlup, ulanylmaga berildi. Obasenagat pudagynda ýöriteleşdirilen hususy kärhanalar azyk bolçulygynyň berkidilmegine, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiliklerini döretmek baradaky wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, ýurdumyzda öndürilýän azyk harytlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga hem-de eksportyny giňeltmäge uly goşant goşýarlar.

Abadançylygyň we gözelligiň sazlaşygy

Hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly we öňdengörüjilikli şähergurluşyk strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde paýtagtymyz Aşgabat dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda orun alýar. Merjen paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, gurulýan desgalarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesini utgaşdyrmak we şäheriň durmuş düzümini kämilleşdirmäge degişli meseleler milli Liderimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar. 24-nji martda hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň işewürlik we durmuş maksatly desgalaryň kemala gelýän ýeri bolan günorta künjeginde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşmagy hem halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen tagallalaryň aýdyň beýanyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz ir bilen ak mermerli Aşgabadyň günorta künjeginde sil suwuny sowujy akabalaryň we suw toplaýjy desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi. Bu ýerde wise-premýer Ş.Durdylyýew sil suwlaryny sowujy akabalaryň we suw toplaýjy desgalaryň gurluşyk işleri, şeýle hem, halkymyzyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň ýerleşdiriljek ýerleri, onuň töwereklerini abadanlaşdyrmak boýunça ýerin

Demokratik ýörelgeler rowaçlanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni-durmuş taýdan ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda taryhy üstünlikler gazanylýar, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna demokratiýanyň we raýat jemgyýetiniň aňrybaş gymmatlyklary ornaşdyrylyp, hukuk döwleti berkarar edilýär. Jemgyýetçilik gurluşynyň gadymy, asylly däpleri döwrebap röwüşde dowam etdirilýär. Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhy eýýamynda döredijilikli ösüşiniň döwlet syýasatynda hukuk ulgamynyň, düýpli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýolunyň kanunçylyk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, adamlaryň we raýatlaryň hukuk goraglylygynyň kanuna esaslanýan netijeli usullar we serişdeler bilen berkidilmegi aýratyn ähmiýetli ugurlardyr. Jemgyýeti edara etmegiň, döwlet gurmagyň we dolandyrmagyň nusgalyk mekdebini döreden merdana ata-babalarymyzyň şöhratly taryhynyň islendik döwrüni alyp görenimizde hem, halkyň wekilçiligini üpjün edýän gurluşlaryň jemgyýetde aýratyn orun eýeländigini görmek bolýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Hususy oba hojalyk önümlerini öndürijileri goldamak döwlet ähmiýetli wezipedir

25-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kaka etrabynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — “Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi. Hormatly Prezidentimiziň dikuçary TSTB-niň agzasy — “Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti tarapyndan G. Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde gurlan ýyladyşhananyň golaýyndaky ýörite meýdançada gonýar. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär hem--de pomidor, şeýle hem gök önümleriň beýleki görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenen toplumyň çägine girýär.

Ekologiýa — şähergurluşyk strategiýasynyň möhüm ugry

24-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzyň işewürlik we durmuş maksatly desgalaryň kemala gelýän ýeri bolan günorta künjeginde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz ir bilen ak mermerli Aşgabadyň günorta künjeginde sil suwuny sowujy akabalaryň we suw toplaýjy desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi.

Ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny yzygiderli amala aşyrýar. Döwlet Baştutanymyz iş saparlaryň barşynda şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine möhüm ähmiýet berýär, gurluşygy alnyp barylýan täze desgalarda işleriň barşy bilen gyzyklanýar. Ýurdumyzyň baş şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, gurulýan desgalarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesini utgaşdyrmaga we paýtagtymyzyň durmuş düzümini kämilleşdirmäge degişli meseleler milli Liderimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar. Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz iş saparynyň barşynda paýtagtymyzyň işewürlik we durmuş maksatly desgalaryň kemala gelýän ýeri bolan günorta künjeginde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň aýdyň ýoly

24-nji martda Daşary işler ministrliginde adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlise birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Adalatçy, şeýle hem ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilleri, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebit wekili hem-de Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar.

Deň­hu­kuk­ly­lyk — de­mok­ra­ti­ýa­nyň mö­hüm şer­ti

Ata-babalarymyzyň belent ynsanperwerlik mirasy, däp-dessurlary, türkmen halkynyň belent ruhy sütünleri demokratiýany, kanunyň hökmürowanlygyny, şahsyýetiň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny berkitmegiň binýadyny emele getirýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetiň özeni, esasy daýanjy hökmünde maşgala uly orun degişli bolup durýar. Şol mukaddes ojagyň mährem ýüregi, çagalaryň baş terbiýeçileri bolsa zenanlarymyzdyr. Islendik döwletde her bir maşgalanyň abadançylygy we jemgyýetiň ösmegi, sagdyn jemgyýetde kämil şahsyýetleriň kemala gelmegi üçin zenanlaryň hukuklarynyň goralmagy, olaryň deňhukuklylygynyň üpjün edilmegi möhümdir. Aýallaryň hukuklarynyň deňligi BMG-niň esas goýujy ýörelgeleriniň biri bolup durýar. BMG-niň Tertipnamasynyň girişinde ynsan şahsyýetiniň mertebesine we gymmatlygyna hem-de aýallaryň we erkekleriň deňhukuklylygyna öz ynamyny tassyklamagyň onuň esasy maksatlarynyň biri bolup durýandygy kesgitlenendir.

Şanly seneler ajaýyp pursatlar bilen utgaşýar

22-nji martda, baýramçylyk güni ir bilen özüniň boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmaga hem-de döredijilik işlerine sarp etmegi ýola goýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de döredijilik bilen meşgullandy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi barada buşluk habary ýetirildi. Milli Liderimiz öz seýisläp ýetişdiren Akhan atly bedewiniň ilkinji at taýynyň doglandygy baradaky buşluga ruhlandy we bu habary uly şatlyk bilen garşylady.

Waspyň sena boldy dillere, bedew!

23-nji martda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Bedew batly öňe barýar Arkadagly Türkmenistan!» atly çäre geçirildi Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň önümçilik-atçylyk bölüminiň uly atbakary Nuraly Rahymowa hormatly Prezidentimiziň adyndan döwlet sylagyny hem-de Şa serpaýyny gowşurmak dabarasy boldy. Milli Liderimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ussat atbakara «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly at dakyldy.

Türkmen dünýäsiniň ýüregi

Dünýäde biri-birinden zyýada şäherler köp. Emma şeýle bir şäherler bar: özüne, adyna, taryhyna we şu gününe, milliligine mahsus ajaýyplyklary bilen göreniň nazaryny egleýär. Biziň ata Watanymyzyň paýtagty — ine, şeýle şäher. Aşgabada bir gelen adam ýene-de gelmegi arzuwlaýar. Türkmen ertekileriniň birinde aýdylyşy ýaly, ony görenem armanda, görmedigem. Aşgabat türkmeniň kalby deý ak, zandy ýaly tämiz şäher. Onuň başy bulutlary sermeýän her bir binasynda, çar ýana uzaýan ak ýollarynda türkmen ruhunyň beýany mesaňa bildirip dur. Paýtagtymyz şöhratly we baý taryhymyzy, şuglaly şu günümizi, beýik geljegimizi şöhlelendirýär. Aşgabat — asuda, abadan ýaşamak üçin iň amatly we iň howpsuz şäher.

Ata Watanymyzyň şirin mukamy

22-nji martda ir bilen özüniň boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmaga hem-de döredijilik işlerine sarp etmegi ýola goýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de döredijilik bilen meşgullandy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi barada buşluk habary ýetirildi. Milli Liderimiz öz seýisläp ýetişdiren Akhan atly bedewiniň ilkinji at taýynyň doglandygy baradaky buşluga ruhlandy we bu habary uly şatlyk bilen garşylady.

Çeper döredijilik bilen meşgullanmak adama ylham joşgunyny berýär

22-nji martda — baýramçylyk güni ir bilen özüniň boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmaga hem-de döredijilik işlerine sarp etmegi ýola goýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de döredijilik bilen meşgullandy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi barada buşluk habary ýetirildi.

Ahalteke bedewi — döwrümiziň ruhy güýji

Ýurdumyzda Milli bahar baýramynyň giň gerimde bellenilýän gününde, 22-nji martda säher bilen özüniň boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmaga hem-de döredijilik işlerine sarp edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz behişdi bedewler bilen didarlaşyp, döredijilik bilen meşgullandy. Hormatly Prezidentimize öz seýisläp ýetişdiren, ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi barada buşluk habary ýetirildi. Milli Liderimiz buşlugy uly şatlyk bilen garşylap, täze doglan taýçanagyň boýnuna käbesi Ogulabat ejäniň taýýarlan alajasyny daňdy. Munuň özi ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän dünýä nusgalyk milli ýörelgeleriň döwrebap derejede dowam etdirilmegidir.

Zenanlaryň hukuklarynyň goraglylygy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň durnukly we ygtybarly hukuk ýagdaýyny üpjün edýän kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek, kanunçylygy giňden wagyz etmek, şeýle-de, raýatlaryň syýasy, ykdysady we medeni hukuklaryny kanun esasynda üpjün etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Geçen asyryň ortalarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna hem-de Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyna laýyklykda, «Aýallaryň syýasy hukuklary hakynda» Konwensiýa kabul edilip, bu halkara hukuk namasyna uly ähmiýet berildi.

Watançy gerçekler — ýurdumyzyň sarsmaz galasy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025 ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» tassyklap, bu maksatnamanyň çäklerinde geçirilmeli esasy çäreleri makullamagy ýaşlar baradaky aladanyň aýdyň mysalydyr. Elbetde, watançy ýaşlar ýurdumyzyň sarsmaz galasydyr. Edil şu nukdaýnazardan ugur alyp, polkownik Jepbar Akyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde hem harby gullukçy ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň hünärler boýunça ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmak bilen bagly çäreler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň gatnaşmagynda guramaçylykly geçirilýär. Harby bölümde ýaş watançylaryň ruhy we beden taýýarlyklaryny üpjün etmek boýunça ýörite hepdelikler, ýagny «Watançylyk hepdeligi», «Düzgün-nyzam hepdeligi», «Sport hepdeligi», şeýle hem «Psihologiýa hepdeligi» ýaly çäreler guralýar. Bu çäreleriň dowamynda harby gullukçylara hünär öwretmegiň häzirki zaman döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly harby bilimi bermegiň we milli däp-dessurlar esasynda terbiýelemegiň täze ölçegleri boýunça sazlaşykly işler alnyp barylýar. Aslyýetinde, şeýle ajaýyp döwletde, hormatly Arkadagymyzyň saýasynda mähriban halkymyza wepaly nesil bolup

Mirasymyza belent sarpa

Golaýda podpolkownik Rejep Annaýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň ýaş esgerleriniň şäheriň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine guralan gezelenji olarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Esgerler muzeýde ýerleşdirilen taryhy gymmatlyklara uly gyzyklanma bilen syn etdiler. Ene-mamalarymyzyň dürli görnüşli el işleri, pederlerimiziň agaçdan hem-de demirden ýasan önümleri, şaý-sepleri we olaryň taryhy baradaky gürrüňleri esgerlerde baý medeni mirasymyza bilesigelijilik duýgusyny artdyrdy. Alym JUMASEÝIDOW, kapitan.