"Dünýä edebiýaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 39-96-19, 39-96-14, 39-96-22
Email: dunyaedebiyaty@sanly.tm

Makalalar

«Köňülleri birleşdirýän sungat» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Şu günüň hem-de geljegiň möhüm wezipeleriniň biri daşary ýurt dillerini öwrenmek bolup durýar. Türkmenistan döwletimiziň halkara giňişligindäki at-abraýynyň beýgelýän, ýedi yklymyň döwletleri bilen köpugurly dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkeýän döwründe daşary ýurt dillerini ýeterlik derejede özleşdiren ýaş hünärmenleriň ukyp-başarnygyna isleg has-da ýokarlanýar. Dünýä dillerini öwrenmegiň dürli-dürli usullaryny, ýollaryny tapmak, kämilleşmek üçin bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak derwaýysdyr. Okamak, eşitmek, ýazmak we sözlemek usullary utgaşykly alnyp gidilende dil öwrenmek birnäçe esse netijeli bolýar. Üstesine, bu ädimler dil öwreniş babatda ýokary gyzyklanmany hem oýarýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň:  «Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly» diýen çuňňur many-mazmunly hem-de ganatly sözlerinden ugur alyp,  şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň  Parahatçylyk  Gaznasynyň müdiriýeti, T

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:

Türkmen halky müňlerçe ýyllyk taryhynyň dowamynda ruhy we medeni gymmatlyklary döreden halkdyr. Dünýä edebiýatynyň ägirdi,görnükli akyldarymyz Magtymguly Pyragy bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlary bilen dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr. ***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gazak halkynyň görnükli şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyş dabarasyndaky ÇY­KY­ŞY

(Aş­ga­bat şä­he­ri, 2024-nji ýy­lyň 10-njy okt­ýab­ry) Hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç!Hormatly adamlar!

Gazak edebiýatynyň ägirt zehini

Türkmen we gazak halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar barha rowaçlanýar. Munuň şeýledigine ýakynda paýtagtymyz Paýtagtymyzyň iň gözel ýerleriniň birinde Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan bu heýkel, gündogar edebiýatynyň göwher gaznasy saýylýan eserleriniň ençemesini döreden Abaý şahyra türkmen halkynyň goýýan çäksiz hormatyndan alamatdyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň çäginde diňe bir milli söz ussatlarymyzyň däl-de, eýsem, goňşy we doganlyk döwletleriň ajaýyp söz ussatlarynyň heýkelleriniň dikilmegi, halkymyzyň dünýä edebiýatyna bolan mizemez sarpasynyň döwletimiziň medeni syýasaty bilen utgaşýandygyny aňladýar. Gazak şahyry, aň-bilim ýaýradyjysy, jemgyýetçilik işgäri, gazaklaryň belli syýasatçylary Çokan Welihanowyň, Ibraý Altynsariniň pikirlerini ösdüriji Abaý Kunanbaýew 1845-nji ýylyň 10-njy awgustynda Gazagystanyň Semipalatinsk welaýatynda dünýä inipdir. Abaýyň kakasy Kunanbaý gazaklaryň tobykdy taýpasynyň kethudasy bolupdyr. Abaýyň ejesine Uljan, enesine bolsa Zere diýer ekenler. Zere enäniň Abaýa gürrüň beren rowaýatlarydyr ertekileri onuň g

Abaý KUNANBAÝEW, gazak şahyry

Öz ýoluňy saýlap-seçip al! Öz ýoluňy saýlap-seçip al munda,Hem buýsan, zehiniň bar bolsa seniň.Düýbün tutsaň, ynam bilen kerpiç goý,Gurýan diwaryňda galmasyn kemiň.

Bi­ta­rap­lyk, bag­ty­ýar­lyk — bir aja­ýyp saz­la­şyk

Dünýä biziň ýurdumyzy ykdysady ösüşleriň we baý mümkinçilikleriň, asudalygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde tanaýar. Dünýä biziň döwletimizi bu gün Bitaraplygyň mekany hökmünde tanaýar. Häzirki zaman syýasy dünýäsiniň soňky çärýek asyrlyk wakalary Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesine doly ygrarly bolup gelýändigini görkezdi. Halkara gatnaşyklarynda döwletimize mahsus aýratynlygymyz — hemişelik Bitaraplygymyz biz üçin buýsanç bulagynyň gözbaşy. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ýaşlaryň öňünde goýlan wezipeleri amal etmekde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň hem-de BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ornuny aýratyn bellemek gerek. Ýaşlarymyz Watanymyzy, Garaşsyzlygymyzy hem Bitaraplygymyzy başlarynyň täjine deňemelidirler» diýip ýazýar.

Mag­tym­gu­ly­ Pyragynyň di­wa­ny dün­ýä dil­le­rin­de

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň akyldaryň edebi mirasyny ylmy esasda öwrenmek we ony dünýä ýaýmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýar. Dana Pyragynyň döredijiligindäki nusgalyk ýol-ýörelgeler ýaş türkmenistanlylary terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Şahyryň geljege bolan garaýyşlary diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy mirasydyr. Şonuň üçin Magtymgulynyň şahyrana mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Magtymguly Pyragynyň şygyrlar diwanynyň dünýä dillerine terjime edilendigi bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, hormatly Prezidentimizi, ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýarys. Şeýle şatlykly wakalar halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde örän uly ähmiýete eýedir.

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy­na hal­ka­ra de­re­je­sin­de go­ýul­ýan hor­mat

Kýort EDWARDS,Jon Denton (Amerikanyň Birleşen Ştatlary)

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy:

Adam MISKEWIÇ1798-1855 Adam Miskewiç — polýak edebiýatynyň nusgawy şahyrydyr. Ruslarda Puşkiniň, ukrain halkynda Şewçenkonyň gaýtalanmajak şahyry bolşy ýaly, polýak halky üçin hem onuň aýratyn orny bar. Polýak edebiýatynda romantizmi esaslandyryjy, milli-azat ediş hereketleriniň öňbaşçysy Adam Miskewiç 1798-nji ýylyň 24-nji dekabrynda häzirki Belarusyň çägine degişli bolan Nowogrudka şäheriniň golaýyndaky Zaossýa fermasynda dünýä inýär.

Zähmetiň sarpaly diýary

Ata-babalarymyz döwlete humaý guşy saýa salsa, işleriň elmydama oňuna bolýandygyna asyrlarboýy yrym edipdirler. Döwürler we düşünjeler özgerse-de, hakydalarda bir hakykylyk elmydama ýylpyldap dur: Döwletiň başynda öňdengörüji, paýhasly, ýüregi halka ýakyn syýasy Baştutan oturanda, ähli mümkinçilikleri döwletiň, milletiň gülläp ösüşine bagyş edip, durmuşda garaşanyňdan has köp zatlary gazanyp bolýar. Bu gün türkmen halkynyň beýik ösüşler bilen galkynan ykbalynda şol humaý saýaly, Hydyr nazarly Gahryman Ogul hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowdyr. Garaşsyzlygyň, watansöýüjiligiň, dost-doganlygyň çuňňur manysy bilen nesilleri terbiýeläp, bagtly geljegi gurýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiz uly ösüşleri gazanýar. Öňde goýlan belent maksatlara, arzyly sepgitlere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty Türkmenistany taryhdaky şan-şöhratyndan hem has abraýly derejelere, türkmen halkyny uly sylaglara, mertebelere eltdi. Sözümiziň güwäligi hökmünde dünýäniň iri-iri döwlet ýolbaşçylarynyň, syýasatçylarynyň, alymlarynyň, syýahatçylarynyň we ykdysatçylarynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlaryna, bereketli tutumlar

Emi­niň wes­ýet­na­ma­sy

Luiza Meý OLKOTT,amerikan ýazyjysy Öýde şu wakalar dowam edýärkä, Emi daýzasy Marçyňkyda kyn günleri başdan geçirýärdi. Bu ýere iberilmegi ony gaty aladalandyrypdy, şeýle-de ol ömründe ilkinji gezek özüni näderejede söýýändiklerine we läliksiredilendigine düşündi. Març daýza hiç haçan hiç kimi läliksiretmändi. Ol bular ýaly zatlaryň tarapdary däldi, ýöne ol göwnünden turan bu kiçijik gyzjagazyň terbiýesinde hoşamaýlygyň bolmagyny-da isleýärdi. Març daýza bu zatlary kimdir birine duýdurmagy hökman saýmasa-da, onuň garryja ýüreginiň bir çüňkünde ýegençisiniň çagajyklary üçin söýgä ýer bardy. Eminiň bagtly bolmagy üçin, ol, hakykatdan-da, elinde baryny edipdi. Eý, Hudaý, ýöne ol, gör, nähili ýalňyşlyklar goýberdi. Käbir garry adamlaryň ýüzündäki ýygyrtlara we saçlarynyň çalarandygyna seretmezden, ýürekleri garramaýar. Olar çagalaryň kiçijik aladalaryny, begençlerini duýup, özlerini öýlerinde ýaly duýmaklary üçin, gyzykly oýunlaryň üsti bilen parasatly sapaklary berip bilýärler. Şeýle-de, dostlukly gatnaşygy iň bir ajaýyp usulda ýola goýmagy başarýarlar. Ýöne Març daýzada olar ýaly zehin ýokdy we ol Emini öz düzgünleri, buýruklary, berk saklaýşy we uzyn, ýüregedüşgünç, gyzyksyz gürrüňleri bilen örän alada goýýard

Enemiň sowgady (Hekaýa)

Mihail ZOŞŞENKO,rus ýazyjysy Meniň enem bardy. Ol meni örän gowy görýärdi.

Çy­na­ryň sy­ry (He­ka­ýa)

Latif MAHMUDOW, özbek ýazyjysy Biziň öýümiz kiçijik derýajygyň boýunda ýerleşýärdi. Onuň ýanynda äpet çynar ösüp otyrdy. Bu çynaryň ýaşy üç ýüz ýyldanam geçýär diýýärler. Ol uludy, gür şahalydy hem uzakdan seredeniňde, örän uly saýawana meňzeýärdi.

Gyz­ja­ga­zyň ýan­dep­der­çe­si­ne eden bel­lik­le­rin­den

Sewda Firat Ak, türk ýazyjysy Eje­me...

Bir se­bet ül­je

Fazu ALIÝEWA, dagystanly ýazyjy (ady­bir ki­tap­dan par­ça)

Meý­zi Hit­çins: Ýa­pyk ga­pyr­ja­gyň sy­ry

Holli WEBB,britan ýazyjysy Birinji bap

De­wid KOPPERFILD

Çarlz DIKKENS,iňlis ýazyjysy Meniň dünýä inişim

Pad­ding­ton at­ly aýy­jyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşydöwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýanadyl syýasaty esasynda diňe bir halkymyzyňdäl-de, daşary ýurt edebiýatynyň taryhynyöwrenmäge hem uly mümkinçilikler döredilýär. Dünýä edebiýatynda täze atlaryň peýda bolmagy ähli döwürleriň möhüm wakalarynyň biri bolmak bilen, her bir jemgyýetde uly gyzyklanma döredýär. Edebiýatçylar, terjimeçiler, žurnalistler daşary ýurtly ýazyjylaryň döredijiligini we gymmatly eserlerini öwrenmäge yhlas baryny siňdirýärler. Häzirki wagta çenli bu ugurda amala aşyrylan uly işler döwür bilen aýakdaş gidýän Türkmenistan Diýarymyzyň ähli pudaklarda gazanýan üstünlikleriniň aýdyň subutnamalarydyr. Garaşsyz Watanymyzyň beýleki döwletler bilen alyp barýan ikitaraplaýyn dost-doganlyk we oňyn diplomatik gatnaşyklary halkara derejesinde giň gerimli edebi-döredijilik duşuşyklarynyň guralmagyna, bu ugurda hünärmenleriň arasynda pikir alşylyp, tejribe toplamaklyga itergi berýär.

Ter­ji­me bos­sa­ny­nyň da­rag­ty

«Halypalary, dost-ýarlary ýat eýläp...» alty ýygyndydan Dostum şahyr Şadurdy Çarygulyýew baradaky ýatlamamy paýawlap barýardym. Ony diňe jemläýmek galypdy. Ýatlamamyň soňy düýş bilen baglanyşyklydy. Aňymda şol pursady jemläp ýördüm. Anna günüdi (2020-nji ýylyň 4-nji dekabry). Şeýle pikirler bilenem uka gidipdim. Bu ne gudrat?! Düýşüme başga bir dostum, şahyr Kakabaý Gurbanmyradow giripdir. Ol redaksiýa gelýär. Men onuň bilen salamlaşyp: «Agam, düýşüme giripsiň. Seni ýatlap ýörün...» diýýärin.

Le­di Jeýn (Roman).

Jemison Sesiliýa WITS, şotland ýazyjysy III bölüm